Ahal-teke aty: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Removing Parfiyaly_atly.png, it has been deleted from Commons by Hystrix because: Copyright violation; see Commons:Licensing -.
Removing Ahal-teke-aty-hazirki-dowurde.png, it has been deleted from Commons by JuTa because: No permission since 20 July 2019.
Setir 28:
 
==Ahal-teke atlary häzirki döwürde==
 
[[Image:Ahal-teke-aty-hazirki-dowurde.png|right|thumb|300px|Ahal-teke bedewi]]
1990-njy ýyldan başlap, ähli seleksiýa - tohumçylyk işleri «Türkmen atlary» döwlet birleşigi tarapyndan amala aşyrylýar<ref name="ahalteke"/>. Ol ýöriteleşdirilen atçylyk hojalyklarynda atlary ýetişdirmegiň tehnologiýalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär. Häzir Prezident athanasynda saýlama tohum bedewleriniň 281-si idedilýär. Bu ýerde häzir ahalteke atlarynyň tohumynyň ähli ugurlaryndan bedewler ýetişdirilýär. Athanada saýlama bedewler bolan Ýanardag, Pyýada, Bitaraplyk, Tebigat, Herekdag, Kerwenbaşy, Karfagen... seýislenýär. Bu atlar häzirki wagtda tohumçylyk -seçgiçilik işiniň ýeten belentligidir. Çünki bu atlar täze ugurlaryň dowam etdirijileri ýa-da başyny başlaýjylary boldular. Mysal üçin, şu görnüş boýunça dünýäniň çempiony Ýanardag köp çapyşyklaryň hem-de sergileriň ýeňijisi we 1951-nji ýylda doglan meşhur Pakyr Pälwanyň neslindendir. Ýanardagyň ajaýyp keşbi ýurdumyzyň Döwlet gerbinde şekillendirildi. Owadanlygyň we gözelligiň etalony hasaplanylýan Pyýada altynsow mele reňkli, 1955-nji ýylda doglan Pereňiň nesline degişli. Pereňiň ugrundan yzynda arassa ganly bedewleriň 76-syny galdyran Polatly aýratyn meşhurlyk gazandy. Şonuň üçin çapyşyklarda köp ýyllap ýeňiş gazanan, ýyndam bedewleriň janköerleriniň müňlerçesine hakyky lezzet eçilen Polatla şol aýlawyň girelgesiniň öňünde ömürlik ýadygärlik oturdyldy. Häzir onýyllyklaryň dowamynda at çapyşyklarynyň ençemesiniň şaýady bolan paýtagtymyzdaky aýlawyň durky doly täzelenýär. Aşgabatdaky Sirkiň binasynyň hem durkytäzelenýär. Onuň gaýtadan dikeldilmegi bilen türkmeniň meşhur at üstündäki oýunlary oňa gaýdyp geler. Köpetdagyň etegindäki gözel jülgede ýerleşýän, türkmen bedewiniň gaýtadan dikeldilmegine uly goşant goşan Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny göterýän iň häzirki zaman Ahalteke atçylyk toplumy türkmeniň buýsanjydyr. Bu toplumyň umumy meýdany 56 gektara golaýlaýar. Şu ägirt uly meýdanda çapuw ýodajyklarynyň üçüsi, tomaşaçylar üçin 5 müň orunlyk münber, iň gowy bedewler görkezilýän - gezdirilýän meýdança ýerleşýär. Göwnejaý enjamlaşdyrylan okuw otaglary we türgenleşik dälizlerini birleşdirýän çapyksuwarlar kluby üçin hem ýörite bina berildi. Atlar üçin suwy awtomatik usulda guýýan - dökýän ägirt uly howuz guruldy. Bir wagtda 300-den gowrak at saklap boljak giň athanalaryň altysynda bolsa ýörite howa arassalaýjy enjamlar oturdyldy. Toplum immun - genetiki laboratoriýa bilen üpjün edildi, şol ýerde tohum daktiloskopiýasy usuly boýunça DNK seljermesini geçirmek bolar. Ýörite weterinariýa laboratoriýasynda atlary bejermek üçin ähli şertler döredildi. Operasiýa we gözden geçirmek üçin gurallar, has kämil rentgen we UZI enjamlary bedewleriň «hyzmatynda».Uly halkara aýlawlarynyň ählisinde bolşy ýaly, bu ýerde hem janköerler üçin totalizator, şeýle hem çapyşygyň netijelerini ýalňyşsyz kesgitleýän fotopellehana göz öňünde tutuldy. Onsoň hem bu ýere ýöne dynç almaga, dünýäde iň gowy bedewler ýetişdirilýän Ahalyň tebigatynyň dag etegindäki gözelligine maýyl bolýanlar-da gelip biler. Türkmen bedewi ýene şu ýere, mähriban tebigatyň açyk howaly gujagyna täzeden dolanyp, halkymyzyň öz gözbaşlaryna gaýdyp gelmek baradaky täsin kanunalaýyklygyny tassyklady. Şu taryhyň aýrylmaz bölegi hökmünde ahalteke bedewleri halk bilen bilelikde gaýtadan galkyndy, bu gün bolsa onuň bilen bilelikde beýik Galkynyşa - döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ýoluny ynamly dowam etdirýär.