Ahal-teke aty: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Removing Ahal-teke-aty-hazirki-dowurde.png, it has been deleted from Commons by JuTa because: No permission since 20 July 2019.
Removing Ahal-teke-aty-taryh.png, it has been deleted from Commons by JuTa because: No permission since 20 July 2019.
Setir 22:
 
==Ahal teke atlarynyň şejeresi==
 
[[Image:Ahal-teke-aty-taryh.png|right|thumb|300px|Türkmen bedewi]]
Öňki döwürlerde türkmenlerde atlaryň ýazmaça şejeresi döredilmändir, ýöne olary atasynyň ugry boýunça tanapdyrlar we nesilden-nesle geçiripdirler<ref name="ahalteke"/>. Arassa ganly ahalteke bedewleriniň ilkinji tohumçylyk kitaby 1898-nji ýylda peýda bolupdyr, ony düzmäge türkmen atçylary hemaýat edipdir. Bu halkyň gowudan-gowy atlara söýgüsiniň nyşanydy. Atlary daýhan hojalyklaryndan gözläpdirler, olar üçin çöldäki çarwalaryňka gidilipdir, käbirlerini bolsa eýeleriniň özleri getirip, öz bedewleriniň şejeresini dikeldipdir. Boýnaw diýen at gowularyň - gowusy saýlypdyr, halkyň müňýyllyklaryň tejribesini öz içine alýan tohumçylyk işi ony atlaryň häzirki tohumlarynyň nesilbaşysy edipdir. 1895-nji ýylda doglan Boýnaw aýlawlaryň hiç birinde ýeňilmän, köp sanly we ýyndam nesil galdyryp, rowaýata öwrülen bedew bolupdyr. Diňe ajaýyp at ýüzlerçe neslini galdyryp, tutuş giden ugruň nesilbaşysy bolup biler. Baýtallaryň ykbaly bolsa başgaça: olar özünden soň 10 - 12-den kän taý galdyrmaga ýetişenok. Şoňa görä-de, atlaryň şejeresi gadymdan bäri ajaýyp bedewleriň ugry boýunça atlandyrylýar. Boýnawyň nesilleri bäş sany özbaşdak ugruň nesilbaşysy boldy: onuň nesli Meleguş we Meleçek, olaryň nesli Baba Ahun bilen Döwlet Işan, şeýle hem şolaryň nesli Begnazar Aldyr, bulardan şu tohum giň ýaýrady. Atlaryň baş sanynyň ilkinji zootehniki barlagy 1927-nji ýylda Ýer baradaky halk komissariatynyň meşhur zootehnigi K.Gorelowyň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan geçirildi. Meşhur nesil daragtyny seljermekde we tohumyň genealogik düzümini ýüze çykarmakda hem K.Gorelowyň hyzmaty uludyr. Soňky barlaglaryň we takyklamalaryň esasynda 1941-nji ýylda atlaryň Orta Aziýa tohumlarynyň ilkinji Döwlet tohumçylyk kitaby çapdan çykdy. Oňa ahalteke bedewlerinden gelip çykan 287 sany aýgyr we 468 sany baýtal baradaky maglumatlar girizildi. Häzirki wagtda ahalteke tohumyndan bolan atlaryň gurluş kysymy on ýedi ugur boýunça gidýär, olar aslyny şöhratly bedewlerden alyp gaýdýar. Ine, olaryň ady: Aksakgal Skak Eýeberdi Teleke Gyrsakar Dor Baýram Posman Sere Pereň Ýel Gaplaň Pakyr Pälwan Sluçaý Garlawaç Arap Sapar han Meleguş Gelşikli Döwlet tohumçylyk kitabynda beýleki atlar we ene baýtallar ýaly, olaryň ählisiniň öz tertip sany bar, sebäbi ol ýa-da beýleki ugur çylşyrymly tertip sany arkaly görkezilýär. Köp sanly bedewler ahalteke tohumyny şöhratlandyrdylar. Olaryň ady halkyň hakydasynda müdimilik galdy. Şöhratly ugurlaryň biri-de Meleguş ugrudyr. Bu ahalteke bedewleriniň arasynda iň bir giň ýaýran, iň bir söýlüp ady tutulýan, deňi-taýy bolmadyk atdyr. Onuň gelip çykyşy halk içindäki meşhur rowaýat bilen baglanyşykly. .Haýsydyr bir wagtdaky ýaryşda bedewleriň birine bäsdeş tapylmandyr. Ýaşulular geňeşip, bäsdeşi atdan däl-de, laçyndan saýlamagy karar edipdirler. Adaty bolmadyk ýaryş hakyndaky habar bütin Ahala ýaýrapdyr, muny synlamaga müňlerçe adam gelipdir. Inede, märekeden laçynyň eýesi saýlanypdyr, aldawajyny - çig eti ýokary galdyrypdyr. Dor Bedew bilen guşy şol bir wagtda belli aralyga goýberipdirler. Bedew giden mähelläni haýrana goýup, ýaýdan çykan peýkam ýaly süýnüp, pellehanadan ilki geçipdir. Şondan bäri ahalteke bedewlerine guşlaryň ady, ýagny: Meleguş, Garlawaç, Garaguş, Laçyn, Durna, Bürgüt atlary dakylýar diýýärler. Meleguş ýaly ahalteke bedewi atlaryň äşgär tanalýan giden bir neslini emele getirdi.