Ahal-teke aty: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Removing Ahal-teke-aty-taryh.png, it has been deleted from Commons by JuTa because: No permission since 20 July 2019.
Removing At-esbaplary.png, it has been deleted from Commons by JuTa because: No permission since 20 July 2019.
Setir 32:
 
==At esbaplary ==
 
[[Image:At-esbaplary.png|right|thumb|250px|At-esbaplary]]
Atyň haýsy maksatlar üçin ulanylýandygyna görä, şu aşakdaky esbaplar ulanyl- ýar: irişme, uýan, eýer, çeki, içirgi, döşlük, gamçy, nal<ref name="ahalteke"/>. Owsar at jylaw bilen idilende, daňylanda ýa-da kimdir birine görkezilende ulanyl- ýar. Uýan jylaw bilen birlikde atyň kellesine geýdirilýär, ol atlynyň aty dolandyrmagy, ony gerekli ugra gönükdirmegi, aty saklamagy üçin gerek. Atyň kellesindäki esbap ýeňse gaýyşyndan, duluk gaýyşyndan, seňriklikden, maňlaýlykdan, alkymlyk gaýyşdan, agyzzyrykdan, jylawdan ybaratdyr. Eer atlynyň atyň üstünde rahat oturmagy, at hereket edýän wagty egilip bilmegi, eýere söenip oturmagy üçin gerek. Atlara haýsy maksatlar üçin ulanylýandygyna baglylykda dürli hili eýer salynýar. Türkmen eýeri iň gadymy we oturmak üçin oňaýly eýerdir. Beýlekilerden tapawutlylykda onuň gaşy bar. Türkmen eýeri söwütden ýasalýar we ol çerim bilen örtülendir. Sport eýerleri bilen atlar atçylyk sporty boýunça ýaryşlar geçirilende eýerlenýär. Çapyşyk we sport eýerleriniň üzeňňi ýüpleri aýratyn berk bolýar. At çapyşygyna gatnaşýan bedewleriň nallary ýumşak metaldan (10-12 millimetrlik sim) ýasalýar, olar atyň toýnagyny şikesden goramak üçin zerurdyr. Mundan başga-da olar atyň dogry ýöremegine ýardam edýär. Çapyşyga gatnaşýan atlaryň öň iki aýagyna nal kakylýar.