Awiasiýa: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Setir 1:
[[Faýl:Northwest Airlines A330-323 (N805NW) landing at London Gatwick Airport.jpg|300px|thumb|]]
'''Awiasiýa''' (latin dilinde ''avis'' - guş) - Ýeriň töweregindäki howa giňişliginde howadan agyr enjamlarda uçuş. 20 asyryň 60 ýyllarynda awiasiýada uçarlar, dikuçarlar we planýorlar ulanylýar. Awiasiýa graždan awiasiýa hem-de harby awiasiýa bölünýär. Graždan awiasiýasyna transport, sanitar, türgenleşik - sport awiasiýasy hem-de ýörite niýetlenen ( oba hojalyk awiasiýasy, aerofotosýomka, aragatnaşyk, geologiki razwedka, balyk promyselleriniň razwedkalary we ş.m.) awiasiýa girýär. Howa ýollary boýunça ýük daşamak we ýolagçylary regulýar gatnatmagy üpjün etmek üçin graždanraýat awiasiýasynyň ygtyýarynda: turboreaktiw, tubowintli we wintomotorly uçarlaryň, dikuçarlaryň parky, uçuşlary üpjün edýän dolandyryş hyzmatlary hem-de radiotehnik, meteorologik, ýagtylyk tehniki serişdeleri; aerodromlar we aeroportlar bolýar.
<br />Rus alymy M. W. Lomonosow 1754 ýylda pružin bilen tow berilýän dikuçaryň modelini gurupdyr we şeýle enjamyň uçup biljekdigini praktikada subut edipdir. 1881 ýylda Russiýada deňiz ofiseri A. F. Možaýskiniň howada uçýan snarýad diýip atlandyran enjamy üçin patent berlipdir. 19 asyryň ahyrlarynda we 20 asyryň başynda öňde barýan döwletleriň alymlary awiasiýa barada köp sanly teoretiki hem eksperimental gözlegler geçirip başlaýarlar. Rus alymy prof. N. Ýe. Žukowskiý we onuň okuwçysy akad. S. A. :aplygin aerodinamika ylmynyň ösmegine aýgytly goşant goşýarlar. 1902 ýylda Moskwa döwlet uniwersitedinde Žukowskiniň inisiatiwasy boýunça Russiýada ilkinji gezek aerodinamik turba gurulýar. Amerikan mehanikleri doganlar U. we O. Raýt ilkinji bolup, uçara içinden ýandyrylýan dwigatel goýdular. 1903 ýylyň Bitaraplyk aýynyň 17-sine olaryň kerosin bilen işleýän dwigatelli uçarynyň ilkinji uçuşy üstünlikli geçdi. 1904 ýylda Moskwanyň eteginde - Kuçinoda aerodinamik institut döredildi.
<br />1914 ýylda başlanan I jahan urşy awiasiýanyň ösmegine ýardam etdi. Awiasiýany harby maksatlar üçin giň ulanyp boljakdygy belli boldy. Agyr uçarlary gurmak boýunça Russiýa birinji orny eýeledi. Sikorskiniň 1913 ýylda gurlan 4 motorly "Ilýa Muromes" uçary 800&nbsp;kg çenli bomba, 3-7 pulemet we 8 adamdan ybarat bolan ekipažy göterip bilýärdi. 1918 ýylda Howa flotynyň kollegiýasy döredildi. Şol ýyl Merkezi aerogidrodinamik institut döredildi we oňa N. Ýe. Žukowskiý ýolbaşçylyk etdi. 1930 ýylda Sergo Orjonikidze adyndaky Moskwa awiasiýa inistitudy döredildi. 20 ýyllarda uçar gurluşygy boýunça A. N. Tupolewiň, N. N. Polikarpowyň, D. P. Grigorowiçiň konstruktorlar býurosy döredildi. Ilkinji gurlan sowet uçarlarynda uzak aralyklara birnäçe uçuşlar amala aşyryldy, meselem: Moskwa-Pekin (1925), Moskwa-Tokio-Moskwa (1927), Moskwa- Nýu-Ýork (1929). 20 asyryň 30 ýyllarynyň ortasyna çenli SSSR-de kuwwatly awiasiýa senagaty döredildi. Tizlikleri 450–525&nbsp;km/s çenli bolan I-15, I-16 (1933) we I-153 (1938) uçarlary we ýük göterijiligi uly bolan birnäçe bombalaýjy uçarlar guruldy. Beýik Watançylyk urşunyň başlanan wagtyna çenli istrebitel uçarlaryň tizligi 600–650&nbsp;km/s ýetdi we olar 11–12&nbsp;km beýiklige uçup bilýärdiler.