Magtymguly: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
uj 95.85.107.57 (Çekişme) tarapyndan edilen özgerdişler Ruhubelent tarapyndan redaktirlenen soňky wersiýasyna yzyna getirildi.
Bellik: Yza gaýdyp gelmek SWViewer [1.3]
→‎Magtymgulynyn ömri-döredijiligi: Fixed typo, Fixed grammar, Added links
Bellik: Mobil düzetme Mobile app edit Android app edit
Setir 44:
Türkmen halkynyň beýik şahyr ogly Magtymguly Pyragy [[Gökleň|gökleň türkmenlerindendir]]. Ol takmynan, 1724-nji ýylda [[Gürgen|Gürgen derýasynyň]] boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol omrüniň kopüsini [[Etrek]], Gürgen, [[Garrygala]] sebitlerinde geçiripdir. Şahyr "Älem belgilidir" diýen şygrynda ''Ýaz geler, wagt-da gidre, gaflata çykmyş gözlerim. Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr; Bilmeýin soranlara aýdyň, bu garyb adymyz: Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymgulydyr'' diýip, öz adyny we niredendigini, kimlerdendigini aýdýar.
 
Magtymguly Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy [[Döwletmämmet Azady]]dan alýar. Ol bu barada: "Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir" - diýip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çakdan- aşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir.
 
Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir. XVIII-nji asyrda Etrek, [[Ahal]], [[Mary]] sebilerinde güýcli [[medrese]]ler bolmandyr. Şonuň uçin hem Döwletmämmet Azady öz oglyny ilki Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerlesýän, sol wagt güýcli hasap edilen Idris babanyň medresesinde okuwa iberýär. Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buhara gidýär, Buharada Gögeldaş atly medresä okuwa gidýär we onda iki ýyl okaýar. Şahyr sol medresede ders berýän şiriralyly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen hem tanyşýar we onuň bilen dostlaşýar. Emma medresedäki talyplaryň tertip-düzgüniniň bozuklygy Magtymgulynyň bu medresäni taşlamagyna sebäp bolýar.