Gaýly: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: 'Gaýly mezolit döwrüne degişli ýadygärlikleriň biridir. Ol günbatar Türkmenistanda, Balkan welaýatynyň çäk...'
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
(Tapawut ýok)

14:42, 15 noýabr 2019 senesindäki wersiýa

Gaýly mezolit döwrüne degişli ýadygärlikleriň biridir. Ol günbatar Türkmenistanda, Balkan welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän gowakdyr. Gaýly gowagyndan birnäçe tapyndylar tapyldy. Gaýlydan çakmak daşlaryndan ýasalan gazawlaryň, ýasy daşlaryň üsti açyldy. Tapylan üçburçluk görnüşindäki çakmak daşlaryny ulanandyklaryny hem bilýäris. Çakmak daşyndan ýasalan ýüzi ýörite ýonguç bilen ýiteldilip, bir tarapy ýonuk daşlar hem tapyldy. Bu ýasy, oýukly daşlar peýkamlary, agaç oklary ýasamak üçin hyzmat edipdir. Mundan başga-da, gowakda gazawlar we deşgiç görnuşli gurallar hem tapylandyr.