Magnus Karlsen: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Setir 31:
Magnus Karlsen ilkinji gezek 8 ýaşynda Norwegiýanyň küşt çempionatyna gatnaşýar. Ol Norwegiýanyň ýokary sport mekdebinde ýurduň iň ussat küşt oýunçysy grossmeýter [[Saýmen Agdeşteýn|Saýmen Agdeşteýnden]] tälim alyp başlaýar. Her gün 3-4 sagat türgenleşmekdwn daşary, ol futbol oýnamagy, kitap okamagy we lyžada typmagy hem özüne pişe edinýär.
 
2004-nji ýyldan başlap halkara küşt çempionatlarynda üstünlükli çykyş edip, bütin Dünýä özüni tanadan Magnus Karlseni [[Amerika|Amerikanyň]] 《[[Waşington Post gazeti|Waşington Post]]》 gazeti 《Küştüň Mosarty》 diýip atlandyrýar. Şol ýylyň 17-nji aprelinde ol Dünýäniň öňki çempiony [[Anatoliý Karpow|Anatoly Karpowy]] ýeňlişe sezewar edýär. Ol 2009-njy ýylda [[Garri Kasparow]] bilen hyzmatdaşlyk edip, ony özüniň tälimçisi hökmünde metbugat serişdelerine habar berýär. Şol ýyl 《[[Time žurnaly|Time]]》žurnaly tarapyndan geçirilen söhbetdeşlikde Kasparow bilen türgenleşiklerinde hiç hili küşt tagtasyny ýa-da kompýuteri ulanmaýandyklaryny aýdyp, göçümleri diňe ýatdan kesgitleýändiklerini mälim edýär. Iki ussat küştçiniň bu hyzmatdaşlygy 2011-nji ýyla çenli dowam edýär. Germaniýanyň 《[[Der Spiegel žurnaly|Der Spiegel]]》žurnaly tarapyndan soralan sowallara ol: 《Kasparowa sagbolsun aýdýaryn. Men onuň kömegi bilen göçümleriň güýjüne we olaryň çylşyrymlylygyna has aýdyň göz ýetirdim we bu meniň üçin iň möhüm ders》-diyip jogap berýär.
 
== Dünýä çempionluklary ==