Magnus Karlsen: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Setir 21:
'''Sven Magnus Øen Carlsen''' ('''Magnus Carlsen''' ady bilen tanalýar. Türkmençe: Magnus Karlsen.) (d. [[30 noýabr|30-njy noýabr]] [[1990]]), Norwegiýaly grossmeýster, Küşt boýunça häzirki dünýä çempiony.
 
FIDE reýting sanawlarynda dünýäde 1-nji orundadyr. Ýeten iň ýokary reýtingi 2882-dir we bu reýting iň ýokary reýting rekordydyr.<ref>{{Cite web}}</ref><ref>{{Cite web}}</ref><ref>{{Cite web}}</ref>. Karlsen "Küştüň Mozarty"(The Mozart of Chess) diýen tahallusa hem eýedir.<ref>http://www.thelocal.no/20131107/carlsen-the-mozart-of-chess</ref>
 
Karlsen grossmeýstrlik titulyny 2004-nji ýylda gazandy we bu sepgide ýeten iň ýaş 3-nji grossmeýster boldy. 2010-njy ýylyň 1-nji Ýanwarynda 19 ýyl 32 gün ýaş bilen iň ýaş dünýä 1-nji belgilisi (FIDE sanawyna görä)<ref>{{Cite web}}</ref> boldy. 2013-nji ýylyň Ýanwarynda Karlsen FIDE sanawynda 2861 ELO ýetmek bilen taryhdaky iň ýokary derejäni elde etdi, 2013-nji ýylyň Noýabrynda şol wagtky dünýä çempiony Wişwanatan Anady ýeňmek bilen dünýä çempiony boldy. 2014-nji ýylda çempionlygyny Anand-a garşy üstünlikli gorady.<ref>{{Cite web}}</ref><ref>{{Cite web}}</ref>
 
Çagalykda özüniň agressiw oýuny bilen tanalan Karlsen ýaşy ulaldykça uniwersal oýunça öwrüldi. Beýleki naýbaşy küştleriň tersine Karlsen açylyşlara ähmiýet bermezligi we bu saýada garşydaşlaryny geň galdyrandygy bellenip geçilýär<ref>http://en.chessbase.com/post/magnus-carlsen-i-don-t-quite-fit-into-the-usual-schemes-</ref><ref>https://chess24.com/en/read/news/grandmaster-reaction-to-magnus-carlsen-s-victory</ref>.
Setir 33:
2004-nji ýyldan başlap halkara küşt çempionatlarynda üstünlükli çykyş edip, bütin Dünýä özüni tanadan Magnus Karlseni [[Amerika|Amerikanyň]] 《[[Waşington Post gazeti|Waşington Post]]》 gazeti 《Küştüň Mosarty》 diýip atlandyrýar. Şol ýylyň 17-nji aprelinde ol Dünýäniň öňki çempiony [[Anatoliý Karpow|Anatoly Karpowy]] ýeňlişe sezewar edýär. Ol 2009-njy ýylda [[Garri Kasparow]] bilen hyzmatdaşlyk edip, ony özüniň tälimçisi hökmünde metbugat serişdelerine habar berýär. Şol ýyl 《[[Time žurnaly|Time]]》žurnaly tarapyndan geçirilen söhbetdeşlikde Kasparow bilen türgenleşiklerinde hiç hili küşt tagtasyny ýa-da kompýuteri ulanmaýandyklaryny aýdyp, göçümleri diňe ýatdan kesgitleýändiklerini mälim edýär. Iki ussat küştçiniň bu hyzmatdaşlygy 2011-nji ýyla çenli dowam edýär. Germaniýanyň 《[[Der Spiegel žurnaly|Der Spiegel]]》žurnaly tarapyndan soralan sowallara ol: 《Kasparowa sagbolsun aýdýaryn. Men onuň kömegi bilen göçümleriň güýjüne we olaryň çylşyrymlylygyna has aýdyň göz ýetirdim we bu meniň üçin iň möhüm ders》-diyip jogap berýär.
 
2013-nji ýyl häzirki küşt çempiony Magnus Karlsen üçin aýgytly ýyl boldy. Ol şol ýylyň 9-22 noýabry aralygynda [[Hindistan|Hindistanda]] geçirilen Dünýä küşt çempionatynda ýer eýesi [[Wişwanatan Anand|Wişwanatan Anandy]] ýeňip, dünýäniň täze küşt çempiony boldy. Ol oýnuň dowamynda Anand tarapyndan esilen hüjümleri ýeňillik bilen yza gaýtaryp, 5-nji, 6-njy we 9-njy oýunlarda ýeňiş gazanyp, Anandyň göýberen kiçijik kemçiliklerini öz bähbidime peýdalanmagy başardy we dünýäniň 16-njy küşt çempiony derejesine eýe boldy. Şol ýyl amerikanyň 《Time》žurnaly onuň adyny 《Dünýäniň iň täsirli 100 adamynyň》sanawynda görkezdi.
 
Onuň Dünýä çempionatyndaky garşydaşy Wişwanatan Anand: 《Magnusyň dogabitdi zehini bar. Pikirler oňa tebigy taýdan gelýär. Ol örän köpugurly we islendik ýagdaýdan baş alyp çykyp bilýär》-diýip norwegiýaly çempiona baha berýär. [[Anatoliý Karpow|Anatoly Karpow]] bolsa: 《Magnus meniň döwrümde ösüp ulaldy, megerem, ol meniň oýunlarymy öwrenip şeýle ussat bolandyr. Ol islendik kemçiligi öz bähbidine öwrüp bilýänligi bilen tapawutlanýar》-diýen gülki gatyşykly pikirini aýdýar.
 
2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2018-nji ýylyň ýanwaryna çenli Magnus 《[[Chess.com]]》 saýtynyň tiz oýnamak boýunça küşt çempionatynyň final tapgyrynda [[Gadir Guseýinow]], [[Grişçuk]], Hikaru Nakamura we So ýaly halkara derejedeli ussat küştçileri ýeňip, bassyr ikinji gezek bu bäsleşigiň çempiony boldy.
 
Magnus Karlsen [[Russiýa|Russiýanyň]] 《Küşt》žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan《Küşt Oskary》baýragynyň 5 gezek eýesi boldy. 2016-njy ýylda bolsa bu ussat küştçiniň durmuşyny beýan edýän [[Benžamin Rin]]<nowiki/>iň režissýorlugynda 《Magnus》atly film surata düşürildi.
 
== Dünýä çempionluklary ==