Gadymy Oguz türkmen döwleti: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: ''''Gadymy oguzlar. Olaryň jemgyýetçilik gatnaşyklary.''' Hytaýyň demirgazyk welaýatlaryny, Gündogarda Sary deňzinden başlap tä Hazar deňzine çenli aralykd...'
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
(Tapawut ýok)

15:43, 16 noýabr 2019 senesindäki wersiýa

Gadymy oguzlar. Olaryň jemgyýetçilik gatnaşyklary. Hytaýyň demirgazyk welaýatlaryny, Gündogarda Sary deňzinden başlap tä Hazar deňzine çenli aralykdaky ägirt uly ýerleri eýeläp oturan gadymy oguzlar türkmenleriň ata-babalary hasaplanylýar.

Oguznamalarda berilýän maglumatlara görä, Oguz han dünýeden gaýdandan soň, onuň garry weziri Erkil hoja Gün hana öz doganlaryny, ýurduň akyldarlaryny, serdarlaeyny, kethudalaryny çagyrdyp, maslahat geçirýär. Bu maslahatda mundan beýläk döwleti edara etmek üçin döwletiň kada-kanunlaryny işläp düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylyp, jemgyýetde özüňi alyp barmak, edep-ekram, däp-dessurlar barada kitap döretmeklik teklip edilipdir. Şol maslahatyň beýanynda: 《Eger bir, on ýa-da ýüz goýun öldürseňizem, etlerini şu (ýazgyda) aýdylyşy ýaly paýlasynlar. Her kim öz oglanlary bilen, nökerleri bilen iýsin》. Ýazgynyň ýene bir ýerinde: 《Bir kişi günä iş etse (jenaýat etse), ol kişi patyşanyň ýakyn ýa-da daş adamy bolsa-da, patyşa urugundan ýa-da başga bir urugdan bolsa-da,hanyň temmi bermeli adamy temmi berjek bolanynda, 》