Gadymy Oguz türkmen döwleti: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Setir 2:
 
[[Oguznama|Oguznamalarda]] berilýän maglumatlara görä, [[Oguz han]] dünýeden gaýdandan soň, onuň garry weziri [[Erkil hoja]] [[Gün han|Gün hana]] öz doganlaryny, ýurduň akyldarlaryny, serdarlaeyny, kethudalaryny çagyrdyp, maslahat geçirýär. Bu maslahatda mundan beýläk döwleti edara etmek üçin döwletiň kada-kanunlaryny işläp düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylyp, jemgyýetde özüňi alyp barmak, edep-ekram, däp-dessurlar barada kitap döretmeklik teklip edilipdir. Şol maslahatyň beýanynda: 《Eger bir, on ýa-da ýüz goýun öldürseňizem, etlerini şu (ýazgyda) aýdylyşy ýaly paýlasynlar. Her kim öz oglanlary bilen, nökerleri bilen iýsin》. Ýazgynyň ýene bir ýerinde: 《Bir kişi günä iş etse (jenaýat etse), ol kişi patyşanyň ýakyn ýa-da daş adamy bolsa-da, patyşa urugundan ýa-da başga bir urugdan bolsa-da,hanyň temmi bermeli adamy temmi berjek bolanynda,hanyň, patyşanyň inisi, ogly, begleriniň hiç birisi oňa gol ýapmasyn. Eger kimde-kim jenaýatça arka çykyp: 《Bu adam menipenalap gelipdir》diýip, ony temmiden, jezadan alyp galjak bolsa, şol arka duran adamyň özüni patyşanyň huzuryna getirip, agyr jezalandyrmalydyr. Goý, görene-göz, eşidene-gulak bolsun!》 diýlip ýazylypdyr.
 
Maslahatda ähtnama kabul edilip, onuň aşagyna kethudalaryň ählisi öz atlaryny ýazyp, möürlerini basypdyrlar.