Ýangyja: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
 
Setir 3:
Arheologiýa barlaglarynyň netijesinde has irki döwürlere degişli daşdan ýasalan dürli zähmet gurallarynyň birnäçesiniň üsti açyldy. Olar ilkinji gezek 1949-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinden gündogarda, ýagny Ýangyja we Garateňnir duralgalarynyň aralygynda ýüze çykaryldy. Ýukajyk edilip ýonulan gyýçak daş böleklerinden ýasalan iki sany el kerçewajy alymlaryň çaklamalaryna görä, mundan 300 müň ýyl öň ýasalypdyr. Şeýle-de [[Türkmenbaşy etraby|Türkmenbaşy]] şäherinden 39 km gündogarda tapylan uly guralyň çapgyç görnüşi bar. Şol guralyň küti ujy tutalga bolup, beýleki ýiti ujy bolsa aw etmek üçin ulanylypdyr. Adamlar tutan haýwanlaryny şol gurallar bilen soýup we kesip bilipdirler. Olar agaçdan taýaklary we çişleri hem ýasap bilipdirler, ol çişler we taýaklar aw awlamaga hem hyzmat edipdir.
 
<br />
(Muhammetnyýaz Jumanyýazow)