Öwlýagulyýew Ýolly ( 26 –njy ýanwar 1935 ) – filosofiýa ylymlarynyň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy. Sowet döwründe Türkmenistanyň SK KP ylym we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň filosofiýa we hukuk Institutynyň direktory bolupdyr.
Biografiýa
1935-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistan SSR-nyň Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynyň Bedirkent obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Türkmen.
Zähmet ýoluna 1952-nji Daşoguz pedagogik uçilişesini tamamllandan soň oblastyň medeniýet bölüminiň inspektri bolýar. soňra Gazagystanda gulluk borjuny ýerine ýetriýär. Soňra medeniýet bölüminden komsomol işine çekilýär.
1966 –njy ýylda Daşkendiň ýokary partiýa mekdebini tamamlap, ýokary bilim alandan soň, Türkmenistanyň KP Aşgabat raýkomyna işe ugradylýar. Şol pursatdan hem onuň partiýa işi başlanýar.