Mälik şa: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
ujGysgaça mazmuny ýok
Setir 42:
Dakylan ady: Mälik şa
 
Doly ady: Alp Arslan bin Çagry bin Mikaýyl bin Seljuk bin Dükak<ref>Fazlulla Reşideddin (2010). "Üçünji Patyşa Soltan Jelaludöwle wed-din Mälikşa Ebul Feth bin Alp Arslan Muhammet bin Dawudyň Zikri" (Türkçe). ISBN 978-975-8839-76-6.</ref>. Soltan Jelaluddöwle Weddin Muizzuddin Abulfatyh Mälikşa [[Seljukly döwleti]]<nowiki/>niň hökümdarydyr (1072-1092) Hökümdarlyk eden döwründe [[Beýik Seljukly döwleti]] özüniň iň gülläp ösen döwri we sethetleriniň giňän döwri bolupdyr.<ref>Tettweti, Abdurreşid (1875). Fehrengi Reşidi.</ref> Seljukly türkmen döwletiniň serhedi [[Anadoly]]<nowiki/>dan [[Araplar deňzi]]<nowiki/>ne, [[Kawkaziýa]]<nowiki/>dan [[Hindistan]] serhetlerine çenli uzandy (10. 000.000&nbsp;km²). Mälikşadan soňra Seljuklylar öňki güýçli döwürlerini getirip bilmediler. Onuň döwründe astrolog [[Omar Haýýam]] we lukman [[Abu Aly Ibn Sina]] hem-de [[Nyzamylmülk]] dagylar syýasat ugurlaryna berk ýapyşypdyrlar.<ref>[[Ahmed bin Mahmud|Mahmud, Ahmed bin]] (1977) ([[Türkçe]]). Selçukname.</ref> Mälikşa [[1055-nji ýyl]]<nowiki/>yň [[16-njy Awgust]]<nowiki/>ynda dynç güni doguldy. Çagalygy Yspyhan we onuň ýakynlarynda geçdi. Kakasy [[Alp Arslan]] onda gaýratly, garadangaýtmaz alamatlary görüp onuň bilen aýratyn gyzyklandy. Mälik şa uzyn boýly, biraz tokkarak we ak tenli, bugdaý reňk adam bolupdyr. Mälikşa kakasy bilen birlikde entek çaga wagtlary [[Gürjüstan]]<nowiki/>a (GürjüstanGruziýa) bolan ýörüşlere gatnaşdy. Şol ýyllar [[Garahanlylar]] hanynyň gyzy [[Türkan hatyn]] bilen öýlendi. [[Alp Arslan]] 1066-njy ýylda Mälikşany tagt mirasdüşeri edip belledi we «Ykda» hökmünde [[Yspyhan]] şäherini oňa berdi. 1071-nji ýylda kakasy Alp Arslan bilen [[Siriýa]] ýörüşe çykdy. Kakasy [[Wizantiýa imperiýasy|Wizantiýa]] [[Wizantiýa imperatory|imperatory]] [[Roman Diýogen]]<nowiki/>iň Anadolydaky hereketlerini durdurmak üçin demirgazyk günbatara tarap hereket etdi we [[Malazgirt söweşi]]<nowiki/>nde ýeňiş gazandy. Mälik şa bu wagtlar Siriýadaky [[Halap galasy]]<nowiki/>nda galdy. 1072-nji ýylda ýene kakasy Garahanlylara garşy ýörüşe çykanda ondan galmady. Kakasy şol ýörüşlerinde Garahanly gala serkerdesi [[Ýusup Horezmi]] tarapyndan şehit bolupdy. Mälikşa Seljukly goşunlarynyň başyna geçdi we soltan bolandygyny yglan etdi. [[Çagry beg]]<nowiki/>iň ogly bolan, ýagny agasy [[Kawurt beg]] Mälikşanyň soltanlyga dalaş etmegini kabul etmedi. Mälikşa ýanynda wezir Nyzamylmülk bilen birlikde günbatar [[Eýran]]<nowiki/>yň içine goşun çekip ýörüş etdi. Kawurt beg bolsa goşuny bilen 1073-nji ýylyň 17-nji Aprelinde Eýranda ýerleşen Eraka (Karaç) süsňäp girdi. Bu söweşde käbir Türkmen esgerleri Kawurt begiň tarapyna geçdi. Şol sebäpden Mälik şa we onuň goşuny asgyn geldi. Kawurt beg tussag edildi we iki oglunyň gözlerini kör etdiler. Şondan şoň Seljukly döwletindäki emrler Mälik şa tarapyndan buýrulyp soltan hökmünde tanalyp başlandy. 1074-nji ýylda [[Bagdat]]<nowiki/>da täze Abbasy halyfy Mälik şanyň soltan bolandygyny yglan etdi.
 
==Hökümdarlygy==