Mars: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
{{Esassyz}}[[Faýl:Mars Valles Marineris EDIT.jpg|thumb|Mars (1980)]]
 
'''Mars''', '''Myrryh'''<ref>Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi, II tom, K-Z, Aşgabat – 2015, (s.123) MYRRYH [myrry:h] II, at. asman j. Göwrümi Ýeriň gowrüminiň altydan birine we agramy Ýeriň agramynyň dokuzdan birine golaý bolan, Günden uzaklygyna görä dördünji orunda ýerleşýän, seýrek atmosferaly Mars planetasy (saýýara). Aý Gün batyp, gökde Myrryh göründi, Bulutlar boldular baran, Çowdur han (Magtymguly).</ref> [[Gün ulgamy]]nda Günden uzaklygy boýunça dördünji planeta. Günüň töwereginde ondan ortaça 228 mln. km uzaklykda elliptik orbita boýunça hereket edýär. Bu uzaklyk perigelide 206 mln. km, afelide 249 mln. km çäginde üýtgäp durýar. [[Marsyň orbitasy]]nyň ekliptikanyň tekizligine ýapgytlygy 1.8°. Onuň orbitadaky ortaça tizligi 24,2&nbsp;km/sek bolup, Günüň daşynda 687 gije-gündizde bir aýlaw edýär. Marsyň, [[Ýer]]iň we [[Gün (ýyldyz)|Günüň]] asman giňişliginde biri-biriniň garşysynda ýerleşmegi ortaça her 780 gije-gündizden gaýtalanyp, şonda Mars bilen Ýeriň arasyndaky aralyk 56 mln. km-den 102 mln. km-e çenli üýtgäp durýar. Bu uzaklyk 56 mln. km bolanda Mars bilen Gün Ýere görä biri-biriniň garşysynda bolup, oňa beýik garşy durma diýilýär (her 15-17 ýyldan gaýtalanýar).
 
Marsyň çyzykly (ortaça) diametri 6800&nbsp;km, ýagny Ýeriň ýarym diametrinden ulurakdyr (0.53). Onuň polýar diametri ekwatordakysyndan 1:190 golaý kiçi, göwrümi Ýeriň göwrüminiň 0.15 bölegine barabardyr. Massasy 6,423×1023&nbsp;kg (Ýeriň massasynyň 0.107 bölegi), ortaça dykyzlygy 3,97 g/sm3. Planetanyň üstünde agyrlyk güýjüniň tizlenmesi 3,72 m/sek2, ikinji kosmos tizligi bolsa 5,0&nbsp;km/sek-dyr. Marsyň öz okunyň töwereginde aýlanma periody 24 sagat 37 minut 22.7 sekunt (Ýerdäki wagt birliklerinde). Marsyň ekwatorynyň tekizligi öz orbitasyna 25.2° burç bilen ýapgytlanýar, bu bolsa Marsda hem pasyllaryň çalyşmagyna sebäp bolýar, ýöne Marsyň pasyllary Ýeriňkä garanda 1.9 esse dowamlydyr.