Fobos (hemra): Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Setir 1:
'''Fobosyň orbitasy.''' Fobos [[Mars|Marsa]] iň ýakyn jisimdir. Ol [[Mars|Marsa]] iň golaý nokadynda: 9234 km, iň uzak nokadynda bolsa, 9518 km uzaklykdadyr. Ýagny, Marsdan ortaça 9376 km uzaklykdadyr. [[Aý (hemra)|Aýyň]] [[Ýer|Ýerden]] ortaça 384 400 km uzaklykdadygyndan ugur alsak, Fobosyň Marsa nähili ýakyndygyna has takyk göz ýetirmek bolar. Fobosyň orbitasynyň eksentrisieti: 0,0151-dir. Ol Marsyň daşyndaky hem-de öz daşyndaky bir aýlawyny 0.32 günde (7 sagat 39 minut 12 sekuntda) tamamlaýar. Fobosyň Marsyň daşyndaky tizligi we şol sanda öz daşyndaky tizligi 2,170 km/sek bilen 2.105 km/sek aralygynda üýtgeýär. Fobosyň Marsyň daşyndaky we öz daşyndaky tizlikleriniň deňligi sebäpli, ol Marsa diňe bir ýüzüni görkezýär. Orbitasynyň uzynlygy 58 915 km-dir. Fobosyň [[Marsyň orbitasy|orbitasy]] Marsyň ekwatoryna 1,093° ýapgytdyr ([[Ekliptika tekizligi|ekliptika tekizligine]] bolsa, 26,04° ýapgytdyr).
 
'''Fobosyň fiziki aýratynlyklary.''' Fobosyň ortaça radiusy 11 km-dir (Aýyň 0,0065 essesi). Massasy: 1.0659 x 10-uň 16-njy derejesidir. Ortaça dykyzlygy 1.78 g/sm3 (Ýeriň 0.323 essesi). Göwrümi ~5500km3-dyr. Fobosyň ýüzüniň meýdany ~6100km2-dyr.
 
Fobos [[Gadymy Gresiýa|Gadymy Grek]] dilinden terjime edeniňde gorky diýmekligi aňladýar. Bu hemra 1877-nji ýylyň 18-nji awgustynda amerikan astronom [[Asaph Hall]] tarapyndan tapyldy.