Rodoguna: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: 'Rodogunanyň heýkelidir. 1949-njy ýylda Köne Nusaýyň binagärçilik merkezi bolan uly kwadrat öýüň burçunda bu ajaýyp heýkeliň aşaky bölegi tapylýar. 1...'
 
{{stub}}
Setir 1:
Rodogunanyň'''Rodoguna'''nyň heýkelidir. [[1949]]-njy ýylda Köne Nusaýyň binagärçilik merkezi bolan uly kwadrat öýüň burçunda bu ajaýyp heýkeliň aşaky bölegi tapylýar. [[1952]]-nji ýylyň arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bolsa hazyna saklanýan jaýdan kellesiz we golsuz zenanyň göwresi tapylýar. Biraz wagt geçenden soň şol göwrä gabat gelen kelle hem tapylypdyr. Bu tapylan bölekler sepleşdirilende, Gündogaryň ellinizm sungatynyň täsirinde taraşlanan bary-ýogy 60 sm ölçegdäki Rodogunynyň heýkelidigi anyklanýar. Taryhçylaryň belleýşine görä Rodoguna taryhy şahsdyr. Alymlar heýkeli öwrenip ol parfiýa patyşasy [[MitridatI]] [[Siriýa hökümdary Dimitriýa]] durmuşa çykaran gyzy [[Rodoguna]] diýip tassyklaýarlar.
 
Gözel [[Rodoguna]] ýurt goragy üçin gaýduwsyzlyk görkezen gyzdyr. Taryhçy [[G.A.Pugaçenkowa]] şeýle ýazýar: “Bir gezek Rodogunanyň hammamda ýuwnup duran wagty paýtagty duşmanlar gabaýar. Ol öl saçyny bolşuna görä ýygnap, ony diňe ýeňişden soň ýuwmagy kasam edýär-de okdurlyp atyna münýär. Goşunyň başyny çekip duşmanyň üstüne topulypdyr. Şondan soň saçyny goýberipdir” G.A.Pugaçenkowanyň bu pikirini professor [[Ö.Gündogdyýew]] hem tassyklaýar.
{{stub}}