Saady Şirazy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
 
Setir 19:
 
== Gazallary ==
Saady Şirazy pars dilli edebiýatda [[gazal]] ýazmagyň ussady hasaplanýar. Saadynyň gazallarynyň çeperçiligi örän ýokarydyr. Olar çunňur mana hem de täsin gözellige ýugrulandyr. Gazallary ceperçiligin yokary derejesinde bolanlygy üçin, Saady Gündogar edebiyatynda in ussat gazalçylaryn biri hasaplanýar. Onuň gazallarynyn gözelligine maýyl bolan şahyrlar Saada öykünipdirler. Magtymguly Pyragy «Gülüstan» hem-de «Bostam eserleri bilen birlikde, Saady Şirazynyň gazallaryndan täsirlenip, dürli eserler döredipdir. Şolaryn biri-de halypasynyn adybir gazalyna öykünip yazylan «Eý, dost» gazalydyr. Saadynyn «Eý, dost», «Bostanlarda», «Dilberim», «Meyhana», «Kimde bardyr», «Eý, bady-saba» yaly onlarça gazallarynda ynsan söygüsi wasp edilýär:
 
Çekipdir Gündogarda pelek şemi zybana,
 
Getir, saky, agsamdan galan meýi bu yana.
 
Elimdaki küýzede ne dirilik suwudyr,
 
Hem naryň tagamy bar, hem menzeyär nardana.
 
Meý sunsalar ýürekden, al alymyň ýanynda, Diriligin suwundan ýagşy bolar meýhana. Heder etmez agaç at gylyç bilen gamçydan, Kyyamatyň howpundan düşmez gorka diwana.
 
Sopy hylwatda busup, Saady ýaşyl sährada, Hünär eýesi etmez hünärsize bahana.
 
«Meýhana» gazaly daň şapagyny suratlandyrmakdan başlanyar. Yokary çeperçilikde ýazylan her bir şygyr yaly, bu eserde hem esasy sözler göçme manylydyr, ýagny yöne söz däl. de, çeper sözdür. Onda dogup gelýän Güneş pelegiň (asmanyň) şemine menzedilýär. «Zybana» - «ýaldyrap duran ob» diýen manyny berýär. Şahyr özüni säher meýhanada oturan adama meňzedýär. Bu ýerde meýhana göçme manyda bütin yaşaýsy anladyp, durmuş gözelligin, bagtyn hem-de eşretin öyi hökmün- de görkezilýär. Üçünji beýtde şahyr şeýle gözel durmuşdan ynsan ömrüniň manysy diýen tema geçýär. Ynsan dine durmuşynyň gö- zelligi bilen däl, eýsem, janynyn bakylygy bilenem gymmatlydyr. Sygryň soňky bentlerinde bakylyk temasyna geçen şahyr «diri lik suwy (aby-haýýat), «agaç at» (tabyt), «kyýamab» ýaly sözleri ulanypdyr. Gazalyn sonky beýdinde şahyr durmuşdan lezzet al- magy, şol bir wagtda-da, çakli ömürden many we sapak almagy ündeyär. Ol öz durmuşyny manyly hem de sapaly, gül-gülälekli 3246&