Atmosfera: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
→‎top: clean up using AWB
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Setir 1:
Ýer togalagynyñ daş töweregini gurşap alan howa guşaklygydyr. Onuñ galyñlygy (ýer üstünden beýikligi) 20 müñ km-e ýetýär. Atmosferanyñ massasynyñ 9/10 bölegi aşaky 20 km-de (troposfera gatlagynda) ýerleşip, adamzat jemgyýetiniñ hojalyk işlerine gös-göni täsirini ýetirýär.
Ýer üstündäki gury howanyň düzümi. Howa dürli gazlaryň mehaniki garyndysy bolup, göwrüm birligi boýunça ony şu himiki elementler düzỷärler: azot – 78,08 %, kislorod – 20,95 %, argon – 0,93 %, kömürturşy gazy – 0,03 %. Az mukdarda 0,01%- neon, geliý, kripton, wodorod, ksenon, we ozon bardyr. Bulardan başga-da howanyň düzüminde himiki elementleriň gaz halyndaky birleşmeleri – metan, ugar gazy, kükürt angidridi, azodyň zakisi, azodyň ikili turşusy we radon girýärler. Howanyň düzümindäki himiki elementler gün radiasiýasynyň täsiri, sebitiň landşaft ýagdaýy we adamyň hojalyk işleri netijesinde üýtgäp durýarlar. Meselem, ýyldyrym çakmaklygyndan azot birleşmeleri, ýurtda senagat kärhanalarynyň köpelmegi bilen kömürturşy gazy döreýär. Ýokardaky agzalan himiki elementleriň birleşmelerinden başga-da, howada suw buglary we tozanlar bardyr. Olar umumylykda aerozollar diýip hem atlandyrylýar. Suw buglarynyň atmosferadaky göwrümi 12,9 müň kub. km möçberinde hasaplanylýar (Lwowiç 1971 ý).
Howada agdyklyk edýän azot gazy terjime edilende “zoo – ýaşaýyş, a – ýok” ýagny, ýaşaỷşy goldamaýaryn diýen manyny berýär. Emma şeýle-de bolsa, janly organizmleriñ düzüminde azot birleşmeleri duşýar. Olar mineral dökünleri (nitratlar) görnüşinde oba hojalyk önümçiliginde giñden ulanylýar. Kislorod janly-jandarlaryñ ýaşaýşynda (gaz we suwuk halynda), organiki däl jisimleriň ýanmaklygynda we çüýremekliginde uly orun eýeleýär. Ol ähli himiki elementler bilen birleşmeklige ukyplydyr.
Azot we kislorod gazlarynyň mukdary atmosferanyň ýokary belentliklerinde üýtgeýär. Olar molekulýar ýagdaýdan atom görnüşine geçýärler. Olaryň üýtgeýiş ýagdaýyny meteoraketalaryň maglumatlaryndan görmek bolýar (1-nji tablisa).