Türkmen dili: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Köp maglumatlar goşuldy.
Täze maglumatlar girizildi.
Setir 13:
|map=}}
 
'''Türkmen dili''' ençeme müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň milli dilidir. '''Türkmen dili''' - [[türki dilleri]]ňdilleriň [[oguz dilleri topary]]natoparyna degişlidir. Ol Türkmenistanyň resmi dili bolmak bilen, şeýle hem [[Eýran]]da, [[Owganystan]]da, [[Türkiýe]]de, [[Garagalpagystan]]da, [[Täjigistan]]da, [[Gazagystan]]da, [[Özbegistan]]da, [[Stawropol ülkesi]]ndeülkesinde, [[Astrahan oblasty]]ndaoblastynda bölekleýin ulanylýar.
 
Häzirki zaman türkmen edebi diliniň kemala gelip başlan eýýamy [[Magtymguly|Magtymguly Pyragydan]] başlanýar we onuň ösýän we kämilleşýän döwri täze galkynyş eýýamydyr. Edebi diliň agzeki we ýazuw görnüşleri bar.
 
[[Türkmen elipbiýi|Elipbiý]]
 
== Taryhy ==
Öz köküni [[Oguz han]] türkmenden alyp gaýdýan '''türkmen dili''' ýetmişden gowrak döwlet guran [[Türkmenler|türkmenleriň]] durmuşynda aýgytly hyzmaty ýerine ýetiripdir we häzir hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda döwlet dili hyzmatyny ýerine ýetirýär. '''Türkmen dili''' daşary ýurtda ýaşaýan [[Türkmenler|türkmenleriň]] hem milli dilidir. „Gorkut Ata” eposy, [[Ýusup Balasagunly|Ýusup Balasagunlynyň]], Hoja Ahmet Ýasawynyň, [[Ýunus Emre|Ýunus Emräniň]], [[Alyşir Nowaýy|Nowaýynyň]], Nesiminiň, Fizulynyň, [[Döwletmämmet Azady|Azadynyň]], [[Magtymguly|Magtymgulynyň]], Andalybyň ... eserleri türkmen dilinde ýazylypdyr we asyrlaryň dowamynda türkmen halkyna gulluk edip gelipdir.
 
1990-njy ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanda dil hakynda karar kabul edildi we 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde täze türkmen elipbiýine geçmek hakynda Perman kabul edildi. 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen milli elipbiýi ulanylyşa girizildi. Gadym döwürlerde [[türkmenler]] arap elipbiýini ulanypdyrlar... Türkmeniň häzirki ulanylýan edebi diliniň döreýşi köp kişi tarapyndan [[Magtymguly|Magtymgulynyň]] şygryýeti bilen baglanyşdyrylýar. [[Magtymguly]] ilkinjileriň hatarynda halkyň ulanýan dilini öz çylşyrymly dini-pelsepi-sosial temalarda ýazylan şygyrlaryna sygdyrmagy başarypdyr. Şol bir wagtyň özünde gündelik türkmen durmuşynyň meselelerine hem örän ýiti çemeleşmegiň hötdesinden gelendigi üçin türkmenleriň we beýleki [[Merkezi Aziýa]] halklarynyň arasynda aýratyn hormata eýedir. Häzirki döwürde türkmen dili halkara resmi duşuşyklaryň, simpoziumlaryň, ylmy maslahatlaryň diline öwrüldi. Daşary ýurtlarda hem türkmen dili öwrenilip başlanyldy.
 
== Görnüşleri ==
Edebi diliň '''agzeki''' we '''ýazuw''' görnüşleri bar. '''Agzeki sözleýiş''' - bu ilkinji nobatda gepleşikdir. Gepleşik adatça gysga ýa-da ulurak sözlemlerden ybarat bolup, gürrüňdeşlikde amala aşyrylýar. Ol özüniň dürli heňde aýdylýandygy we duýgy öwüşginlerine baýdygy bilen tapawutlanýar. '''Ýazuw sözleýşi''' bolsa haýsydyr bir "Görüş dilini" döredip bilenok, ol diňe doly ýa-da doly däl görnüşe geçirilen sesli sözleýşi gaýtalamaga (okamaga) ýardam edýär. Ýazuwda ulanylýan dyngy belgiler hem janly sözleýşiň intonasiýasyny, dürli öwüşginli many-mazmunyny doly berip bilenok. Ýazuw arkaly beýan edilen sözleýiş ýazýan adamyň ýok ýagdaýynda oňa düşünilmegi üçin niýetlenilýär. Ol agzeki sözleýişden tapawutlylykda diňe bir döwürdeşler üçin niýetlenilmän, eýsem geljekki nesil üçin hem niýetlenilendir. Ýazuw sözleýşi sözleriň örän taraşlanylyp saýlanylyp alnandygy, söz düzümleriniň hem sözlemleriniň has dolulygy bilen agzeki sözleýişden tapawutlanýar.
 
== Bölümleri ==
Setir 53:
 
== Sözlükleri ==
'''Türkmen dili''' hakynda, onuñ söz baýlygy barada ilkinji ylmy maglumatlar XI asyryň meşhur dilçi alymy [[Mahmyt Kaşgarly|Mahmyt Kaşgarlynyň]] arap dilinde ýazan “Diwan-y-lugat-at-türk” atly üç jiltden ybarat sözlüginde berilýär. Diwanyň adyny türkmen diline “Türk dilleriniň sözlügi” diýip terjime etmek mümkin. Bu sözlük diýlip atlandyrylsa-da, onda ses kanunalaýyklyklary, söz ýasalyş, söz toparlary we sözlem hakynda hem maglumatlar berlipdir. Alym sözlüge girizen mysallaryny türkmen we beýleki türki dillerde, olara berýän düşündirişlerini bolsa arap dilinde ýazypdyr. Mysallar hem arap diline terjime edilipdir. Bu sözlük arap dilinde gürleýän musulman halklar üçin niýetlenilipdir.
 
Belli sözlükşynas S.Altaýew XX asyryň sowet ýyllarynda (70-nji ýyllara çenli) sözlük düzülişini üç döwre bölýär: 1) 20-30-njy ýyllar; 2) 40- 50-nji ýyllar; 3) 60-70-nji ýyllar.
 
Ilkinji sözlükleriň biri J.A.Belýaýewiň düzen rusça-türkmençe sözlügidir ([[Aşgabat]], 1913). Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda iki dilli adalgalar sözlüguniň zerurlygy ýüze çykýar. 1926-nji ýylda “Краткий рускорусско-туркменский словарь приминительноприменительно к нуждам государственной статистики ТССР” ([[Aşgabat]], 1926 ý.) diýen sözlük neşir edilýär. Bu sözlük esasan oba-hojalygy, jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-tehniki adalgalary öz içine alypdyr. 1956-njy, 1968-nji ýyllarda “Rusça-türkmençe” sözlügiň bir tomlugy, 1968-nji ýylda şol sözlügiň gysgaça görnüşi, 1986-87-nji ýyllarda iki tomlugy neşir edilýär. 1962-nji ýylda ilkinji gezek türkmen diliniň düşündirişli sözlügi ('''“Türkmen diliniň sözlügi”''' ady bilen) neşir edilýär. Aýry-aýry ugurlar boýunça hem sözlükler neşir edilýär. 1967-nji ýylda S.Myradowanyň halyçylyga we el hünärine degişli sözlügi, 1971-nji ýylda S.Atanyýazowyň ýer-ýurt atlarynyň düşündirişli sözlügi, 1960-njy ýylda B.B.Kerbabaýewiň düzen “Botanika terminleriniň rusça-türkmençe sözligi”, 1962-nji ýylda Ç.B.Baýryýewiň, M.H.Dawlekomowyň düzen latynça-rusça-türkmençe medisina sözleriniň sözlügi, 1974-nji ýylda J.Hudaýberdiýewiň “Anatomiýa terminleriniň latynça-rusça-türkmençe sözlügi”, 1973-nji ýylda G.Mälikgulyýewiň fiziki adalgalaryň rusça-türkmençe sözlügi, 1976-njy ýylda “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi”, 1988-nji ýylda A.Babakulyýew, O.Akmämmedow tarapyndan düzülen “Türkmen diliniň ykdysady terminleriniň gysgaça sözlügi”, 2004-nji ýylda M.Babakulyýew, Ö.Muhammetberdiýew tarapyndan düzülen “Maglumatlar tilsimatynyň adalgalarynyň sözlügi”, bulardan başga-da, 80-90-njy ýyllarda ikidilli okuw sözlükleri, şeýle-de dürs ýazuw hem dürs aýdylyş boýunça sözlükler neşir edildi.
 
Ýöne '''türkmen dili''' boýunça düşündirişli '''okuw sözlikleri''', '''omonimik''', '''etimologik sözlükler''', '''manydaş sözleriň''' (sinonimleriň), '''garşyklykly manyly sözleriň''' sözlükleri heniz neşir edilenok. S.Atanyýazow tarapyndan düzülen “Türkmen diliniň sözköki sözlügi” (2004ý.) etimologik sözlük düzmek babatda edilen ilkinji synanyşykdyr.
 
== Stilistika ==
'''Stilistika''' – bu diliň labyzlylyk serişdelerini we aragatnaşyk etmegiň maksady, ýagdaýy (ebeteýi) hem-de ulanylýan şertleri bilen baglylykda olaryň sözleýişde ulanylyş kanunalaýyklygyny öwrenýän dil baradaky ylmyň özboluşly bir ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda türkmen edebi diliniň birnäçe özboluşly stilleri aýratynlandyrylýar. Olara '''ylmy, resmi-iş, jemagatçylyk, çeper, gepleşik stilleri''' degişlidir. Bu stiller aragatnaşyk etmegiň (pikir alyşmagyň) şertlerine görä iki topara – '''gepleşik''' we '''kitap''' '''stillerine''' bölünýärler. Kitap stillerine bolsa '''ylmy, resmi-iş, jemagatçylyk, çeper stilleri''' degişlidir.
 
'''Ylmy stil''' – bu adamyň ylmy işine mahsus bolup, ylmy pikirlenmäniň özboluşlylygyndan gelip çykýan umumy alamatlary (berk logiki yzygiderligi) bilen, şeýle-de bir topar hususy alamatlary boýunça tapawutlanýar.
 
'''Resmi-iş stil''' adamlaryň hem guramalaryň arasynda hukuk we kanunçylyk ulgamlarynda iş hem resmi gatnaşyklary alyp barmak üçin ulanylýar.
 
'''Jemagatçylyk (publistik) stili''' – bu stil ilkinji nobatda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine (gazet, radio, teleýaýlym) häsiýetlidir.
 
'''Çeper eseriň stili''' - çeper eser pikir alyşmak, gyzyklanma döretmek, habar bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen birlikde, täsir etmek, tolgundyrmak (estetik) hyzmatyny-da özünde jemleýär. Eseriň awtory okyjyny öz gahrymanynyň ykbaly üçin tolgunmaga, gyzyklanmaga mejbur edýär.
 
'''Gepleşik stili''' - sözleriň aýdylyşynda gysgaltmalara ýol berilmegi (alýa, gelýä…), agzeki sözleýşe mahsus işlik zaman şekiliniň köp ulanylmagy (alamok, gelemok), sözlem agzalarynyň grammatik taýdan normalaşan tertibiniň bozulmagy (Geldiler gidenler), üm-yşaratlaryň ulanylmagy, şonuň netijesinde-de sözleriň, söz düzümleriniň, sözlemleriň taşlanylmagy (ulanylmazlygy) bilen ýüze çykýar.
 
Ýöne '''türkmen dili''' boýunça düşündirişli okuw sözlikleri, omonimik, etimologik sözlükler, manydaş sözleriň (sinonimleriň), garşyklykly manyly sözleriň sözlükleri heniz neşir edilenok. S.Atanyýazow tarapyndan düzülen “Türkmen diliniň sözköki sözlügi” (2004ý.) etimologik sözlük düzmek babatda edilen ilkinji synanyşykdyr.
 
 
Line 67 ⟶ 81:
*[http://turkmen.webonary.org/ Türkmençe-iňlisçe sözlük]
*[http://edebi-dil.com/tuk-c/bash_sahypa Edebi dil barada]
[[Türkmenleriň gadymy dili]]
 
[[Kategoriýa:Türkmen dili]]