Türkmen dili: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Täze maglumatlar girizildi.
Täze maglumatlar girizildi
Setir 74:
'''Gepleşik stili''' - sözleriň aýdylyşynda gysgaltmalara ýol berilmegi (alýa, gelýä…), agzeki sözleýşe mahsus işlik zaman şekiliniň köp ulanylmagy (alamok, gelemok), sözlem agzalarynyň grammatik taýdan normalaşan tertibiniň bozulmagy (Geldiler gidenler), üm-yşaratlaryň ulanylmagy, şonuň netijesinde-de sözleriň, söz düzümleriniň, sözlemleriň taşlanylmagy (ulanylmazlygy) bilen ýüze çykýar.
 
== Söz toparlary ==
Aňladýan leksik many görnüşleri, söz üýtgediji goşulmalary we sözlemde ýerine ýetirýän sintaktik hyzmatlary boýunça sözler '''söz toparlaryna''' bölünýärler. Ol iki topara: '''özbaşdak many aňladýan söz toparlaryna''' we '''özbaşdak many aňladmaýan söz toparlaryna''' bölünýär. Ylmy grammatikada söz toparlary '''isimlere, işliklere''' we '''kömekçi sözlere''' bölünýär.
 
'''Özbaşdak many aňladýan söz toparlary:'''
 
'''Atlar''' – bu söz topary bolup, zatlary, düşünjeleri, hadysalary, wakalary aňlatmaga hyzmat edýärler. Olar '''kim? näme? nire?''' diýen soraglara jogap bolýarlar.
 
'''Sypatlar''' – '''nähili? neneňsi? nätüýsli? haýsy?''' diýen soraglara jogap bolýan, öz manysynda zatlaryň alamatyny jemleýän sözler bolan söz toparydyr. '''Sanlar''' - '''näçe? näçenji?''' diýen soraglara jogap bolup, zatlaryñ, düşünjeleriñ sanyny, mukdaryny (bir, iki, üç, dört, bäş) ýa- da sanalmakdaky tertibini (birinji hatar, bäşinji öý, üçünji dükan) añladýarlar.
 
'''Çalyşma''' – bu öz hususy manysy bolmadyk we beýleki söz toparlarynyñ (atlaryñ, sypatlaryñ, sanlaryñ) sözleriniñ ýerini çalyşýan sözleri özünde jemleýän söz toparydyr.
 
'''Işlik''' – bu hereketi ýa-da zadyň ýagdaýyny bildirýän sözleri özünde jemleýän söz toparydyr. Ol '''näme etdi? näme edýär? näme etjek? näme eder?''' diýen soraglara jogap bolýar.
 
'''Hallar''' gymyldy-hereketiň alamatyny, hal-ýagdaýyny, nähili ýagdaýda ýüze çykandygyny görkezýän özbaşdak manyly söz toparydyr. Hallar sözlemde işliklere baglanyp, ahwalat hyzmatynda gelýärler. Olar söz üýtgediji goşulmalary kabul etmeýärler.
 
'''Özbaşdak many aňladmaýan söz toparlary:'''
 
'''Baglaýjy kömekçi''' - sözleri, söz düzümlerini we goşma sözlemleriň ýönekeý sözlemlerini özara baglamaga hyzmat edýän kömekçi sözlere hem-de ownuk böleklere diýilýär.
 
'''Sözsoňy kömekçiler''' özbaşdak many aňladýan sözleriň arasyndaky dürli hili garaşly gatnaşyklary aňladýarlar. Sözsoňularyň haýsy gatnaşygy bildirýändigi olaryň öň ýanynda gelýän sözleriň manylary bilen baglanyşykly ýüze çykýar.
 
'''Ownuk bölek''' - sözlere, şeýle-de sözlemlere dürli many ýokundylaryny berýän söz böleklerine diýilýär.
 
'''Modal sözler''' (latynça '''"modus"''' terjime edilende '''"tär, gyşarma"''') - gepleýäniň habar berýän maglumatyna dürli derejeli hem-de görnüşli garaýşyny aňladýan sözlere diýilýär.
 
'''Ümlükler''' – bular gürleýän adamyň içki duýgusyny – begenjini, şatlygyny, gynanjyny, haýran galmagyny, gahar-gazabyny, gorkusyny, nägileligini, ýigrenjini we şuňa meňzeşleri bildirýärler, ýöne olary atlandyrmaýarlar.
 
'''Ses we şekil (obraz) aňladýan sözler''' - tebigatyň janly-jandarlarynyň, jansyz zatlarynyň seslenmesine öýkünilip, şol seslenmelere meňzedilip aýdylýan sözlere ses aňladýan sözler diýilýär. Zatlaryň, hereketleriň we ş.m. şekiline, durkuna, daş sypatyna meňzedilip aýdylýan sözlere şekil (obraz) aňladýan sözler diýilýär.