Merkezi Aziýa: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
goşmaça maglumat we çeşmeler
Setir 1:
'''Merkezi Aziýa:''' Aziýanyň merkezi sebiti. Ol günbatarda Hazar deňzinden gündogarda günbatar Hytaýyň serhetlerine çenli uzaýar. Ol demirgazykda Russiýa bilen we günortada Eýran, Owganystan we Hytaý bilen serhetleşýär. Merkezi Aziýa öňki Sowet respublikalary bolan [[Gazagystan|Gazagystany]], [[Gyrgyzystan|Gyrgyzystany]], [[Özbegistan|Özbegistany]], [[Türkmenistan|Türkmenistany]] we [[Täjigistan|Täjigistany]] öz içine alýar.<ref>Encyclopedia Britannica, "Central Asia," 28 dekabr 2018. [https://www.britannica.com/place/Central-Asia]</ref>[[File:Central Asia.svg|thumb|Merkezi Aziýa]]
Sebit demirgazykdan günorta 4,2 müň km, günbatardan gündogara çenli bolsa 5,6 müň km-e ýaýylyp gidýär.
 
Merkezi Aziýa taryhy taýdan çarwa adamlar we Ýüpek Ýoly bilen baglanyşdyrylýardy.<ref>"[http://www.allempires.com/article/index.php?q=Central_Asia Steppe Nomads and Central Asia]," All Empires</ref> Ol Ýewropanyň, Günbatar Aziýanyň, Günorta Aziýanyň we Gündogar Aziýanyň arasynda adamlary, harytlary we pikirleri ýöredýän çatryk hökmünde gulluk edip geldi.<ref>Silkroad Foundation, Adela C.Y. Lee. "[http://www.silk-road.com/artl/srtravelmain.shtml Travelers on the Silk Road]". 24 fewral 2021 alyndy.</ref> Ýüpek Ýoly musulman ýerlerini Ýewropaly, Günorta Aziýaly we Gündogar Aziýaly adamlary birleşdirdi.<ref>Ta'lim Primary 6 Parent and Teacher Guide (sah. 72) – Islamic Publications Limited for the Institute of Ismaili Studies London</ref> Bu çatrygyň ýerleşen pozisiýasy tireçilik bilen däp-dessurçylygyň we modernizasiýanyň arasyndaky konflikti güýçlendirdi.<ref>Andrew Phillips we Paul James, "[https://www.academia.edu/2832538/National_Identity_between_Tradition_and_Reflexive_Modernisation_in_Central_Asia_2001_ National Identity between Tradition and Reflexive Modernisation: The Contradictions of Central Asia]," ''National Identities'', 3 bap, No. 1, 2001.</ref>
 
Yslamdan öňki we yslamyň irki döwürlerinde Merkezi Aziýa Eýrana degişlidi<ref>C.E. Bosworth, "[http://www.iranicaonline.org/articles/central-asia-iv CENTRAL ASIA iv. In the Islamic Period up to the Mongols]," Encyclopedia Iranica, bap 2, sah. 169-172.</ref> we ilaty Gündogar eýran dilli Baktriýalylar, Sogdianlar, Horezmlilerdi. Türkileriň ýaýramasy bilen Merkezi Aziýa gazaklar, özbekler, tatarlar, türkmenler we uýgurlar üçin hem mekana öwrüldi; sebitiň aglaba böleginde türki diller eýran dilleriniň ýerini tutdy.
 
XIX asyryň ortalaryndan XX asyryň soňlaryna çenli Merkezi Aziýanyň uly bölegi Rus Imperiýasynyň, soňam Sowet Bileleşiginiň, bölegidi.
 
Merkezi Aziýanyň (2019) 72 milliona golaý ilaty bar we ol öz içine bäş ýurdy alýar: Gazagystan (ilaty 18 million), Gyrgyzystan (6 million), Täjigistan (9 million), Türkmenistan (6 million) we Özbegistan (33 million).<ref>"Демографическая ситуация" (PDF). ''Statistika qo'mitasi.''</ref>
== Esasy şäherler ==
{{Largest cities