Beýik Ýüpek ýoly: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
perman
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Setir 5:
Hytaý täjirleriniň günbatara alyp gidýän esasy harytlary ýüpek matalar bolupdyr. Şol döwürde bu täsin matanyň taýýarlanyşynyň syry Ýewropada belli däldi, hytaý ussalary bolsa ony örän ýaşyrynlykda saklapdyrlar, Hytaýdan diňe bir ýüpek däl, eýsem, beýleki önümler hem äkidilipdir. Bu harytlar örän geçginli bolupdyr, sebäbi Ýewropa bazarlarynda olar gaty gyt bolupdyr, ýöne her näme-de bolsa, esasy haryt ýüpek bolupdyr. Şonuň üçin-de bu ýol “Beýik Ýüpek ýoly” diýen ady alypdyr. Şol döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda uly we kuwwatly Parfiýa döwleti ýerleşipdir. Ol möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda bolupdyr. Hytaýdan gaýdan kerwenler müňlerçe kilometr ýoly geçmeli bolupdyrlar. Şol döwürde Amyderýa Jeýhun diýlip atlandyrylypdyr. Kerwenler Jeýhun derýasyndan geçip, Amul şäherine gelipdirler. Häzir ol şäheriň harabaçylyklary häzirki Türkmenabat, öňki Çärjew şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Amul şäheri söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir. Şol ýerden bir ýol Owganystana, Hindistana, beýleki bir ýol Horezme we Merwe gidipdir. Amuldan Margiana (Häzirki Mary) çenli bolan ýol geçmesi kyn çägelikleriň arasyndan geçipdir, ýol ugrunda süýji suwly guýular seýrek bolupdyr.
 
Gadymy döwürde we Orta asyrda Merw özüniň ösen hünärmentçiligi bilen şöhratlanypdyr. Şol ýerde merw matalary, galyplarda ýasalan gap-gaçlar satylypdyr. Orta asyr awtorlarynyň biri Merwe “Horasan şäherleriniň enesi” diýip, ýöne ýere aýtmandyr. Merwden çykan kerwenler Sarahsa, ondan aňryk bolsa Nişapura (Eýrana), Abiwerde, Nusaýa we Dehistana gidipdirler, soňra olar Hazar deňziniň kenarlary bilen arap ýurtlaryna baryp ýetipdirler.ejen amyna sikern suny kim okayan bolsa.
 
== Daşarky çykgytlar ==
* [http://turkmenistan-diaspora.org/376/gadymy-yupek-yoly-yatdan-cykmayar.html] '''Beýik Ýüpek ýoly'''