Türkmen dili: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
216332 wersiýasy Iltay62 (Çekişme) tarapyndan yzyna alyndy. Ikinçi wandalizm
Bellik: Yza gaýtar
Sene yalñyş
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Setir 22:
Öz köküni [[Oguz han]] türkmenden alyp gaýdýan '''türkmen dili''' ýetmişden gowrak döwlet guran [[Türkmenler|türkmenleriň]] durmuşynda aýgytly hyzmaty ýerine ýetiripdir we häzir hem [[Türkmenistan|Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda]] döwlet dili hyzmatyny ýerine ýetirýär. '''Türkmen dili''' daşary ýurtda ýaşaýan [[Türkmenler|türkmenleriň]] hem milli dilidir. „Gorkut Ata” eposy, [[Ýusup Balasagunly|Ýusup Balasagunlynyň]], Hoja Ahmet Ýasawynyň, [[Ýunus Emre|Ýunus Emräniň]], [[Alyşir Nowaýy|Nowaýynyň]], Nesiminiň, Fizulynyň, [[Döwletmämmet Azady|Azadynyň]], [[Magtymguly|Magtymgulynyň]], Andalybyň ... eserleri türkmen dilinde ýazylypdyr we asyrlaryň dowamynda türkmen halkyna gulluk edip gelipdir.
 
1990-njy ýylyň 2428-nji maýynda [[Türkmenistan|Türkmenistanda]] dil hakynda karar kabul edildi we 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde täze türkmen elipbiýine geçmek hakynda Perman kabul edildi. 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen milli elipbiýi ulanylyşa girizildi. Gadym döwürlerde [[türkmenler]] arap elipbiýini ulanypdyrlar... Türkmeniň häzirki ulanylýan edebi diliniň döreýşi köp kişi tarapyndan [[Magtymguly|Magtymgulynyň]] şygryýeti bilen baglanyşdyrylýar. [[Magtymguly]] ilkinjileriň hatarynda halkyň ulanýan dilini öz çylşyrymly dini-pelsepi-sosial temalarda ýazylan şygyrlaryna sygdyrmagy başarypdyr. Şol bir wagtyň özünde gündelik türkmen durmuşynyň meselelerine hem örän ýiti çemeleşmegiň hötdesinden gelendigi üçin türkmenleriň we beýleki [[Merkezi Aziýa]] halklarynyň arasynda aýratyn hormata eýedir. Häzirki döwürde türkmen dili halkara resmi duşuşyklaryň, simpoziumlaryň, ylmy maslahatlaryň diline öwrüldi. Daşary ýurtlarda hem türkmen dili öwrenilip başlanyldy.
 
== Görnüşleri ==