Difference between revisions of "Biologiýa"

Added content
(beloklar)
Tags: Mobil düzetme Mobil web-düzetme Visual edit
(Added content)
Tags: Mobil düzetme Mobil web-düzetme Visual edit
({{lang-el|βιολογία}} {{lang-grc|βίος}})
({{lang-el|βιολογία}}; {{lang-grc|βίος}} — ýaşaýyş + {{lang-grc2|λόγος}} — [[logos|öwrenmek]], [[logos|ylym]]) — [[organizm|janly jandarlaryň]] içerki guramaçylygyny we olaryň [[daşky gurşaw]] bilen özara gatnaşygyny öwrenýän ylym ulgamy. Biologiýa [[ýaşaýyş|ýaşaýşyň]] ähli aspektlerini, ylaýta-da, [[Ýer]]de ýaşaýan janly organizmleriň gurluşyny, funksionirlenmegini, ösüşini, gelip çykyşyny, [[ewolýusiýa]]syny we ýaýraýşyny öwrenýär. Ol janly jandarlary, olaryň [[biologik görnüş|görnüşleriniň]] gelip çykyşyny, özara we [[daşky gurşaw]] bilen gatnaşyklaryny klassifisirleýär we beýan edýär.
 
Biologiýa janly-jandarlary öwrenýän ylym bölümi. Biologiýa bilen iş salyşýan alyma biolog diýilýär.
Biologlar, ähli janly-jandarlar; biologiýa ylymlary bilen iş salyşýan adamlar, tutuş planetany gurşap alýan sferik ölçegden öýjükleri we molekulalary öz içine alýan mikroskopiki ölçege çenli täsir edýän möhüm dinamiki hadysalary gözden geçirýän adamlardyr. Çylşyrymly prosesleri öz içine alýan käbir möhüm prosesler: energiýany we materiýany gaýtadan işlemek, bedeni emele getirýän maddalary sintez etmek, ýaralary bejermek we tutuş organizmiň köpelmegi.
 
Durmuşyň syrlary taryhdaky ähli adamlara täsir edýändigi sebäpli, adamyň, ösümlikleriň we haýwanlaryň fiziki gurluşy boýunça gözlegler ähli jemgyýetleriň taryhynda bolup geçýär. Bu gyzyklanmanyň bir bölegi adamlaryň durmuşda agalyk etmek we tebigy baýlyklardan peýdalanmak isleginden gelip çykýar.Soraglary yzarlamak adamlaryñ organizmleriň gurluşlary we ýaşaýyş derejesi baradaky bilimlerini wagtyň geçmegi bilen ýokarlandyrdy. Gyzyklanmanyň bir bölegi, tebigata gözegçilik etmek isleginden däl-de, tebigata düşünmek isleginden gelýär. Bu gözlegiň ösmegi, dünýä hakda pikir edişimizi üýtgetdi.
Botanika, zoologiýa we lukmançylyk ýaly biologiýanyň köp şahalary gadymy. Bulary bir kategoriýa boýunça ýygnaýan "biologiýa" diňe XIX asyrda ýüze çykypdyr. Alymlar bu ylymyň ösmegi bilen ähli janly-jandarlaryň käbir umumy aýratynlyklarynyň bardygyna düşündiler. Şol sebäpli janlylary umumy barlamagyň artykmaçlyklaryna düşündiler. Biologiýa häzirki wagtda ylymyň iň möhüm pudaklaryndan biridir: Biologiýa we lukmançylyk žurnallarynda her ýylda bir milliondan gowrak makala çap edilýär. Şol bir wagtyň özünde, biologiýa ýer ýüzündäki ähli mekdeplerde okadylýan esasy derslerden biridir.
 
Biologiýa köp mowzuklary öz içine alýanlygy sebäpli, birnäçe şahalara bölünýär. Organizmiñ görnüş köpdürliligi arkaly bu ylym dürli pudaklara: ösümlikleri öwrenýän botanika; haýwanlary öwrenýän zoologiýa we mikroorganizmleri öwrenýän mikrobiologiýa bölünýär.
 
[[19-njy asyr|XIX asyrda]] alymlar janly organizmleriň ählisi üçin umumy käbir aýratynlyklaryň bardygyny ýüze çykaran wagty biologiýa aýratyn ylym hökmünde [[tebigy ylymlar]]dan tapawutlandyrylypdyr. "Biologiýa" adalgasyny özbaşdaklykda birnäçe awtor, ýagny [[Fridrih Burdah]] [[1800]]-nji ýylda, [[Gotfrid Reýnhold Trewiranus]] [[1802]]-nji ýylda<ref>[http://ia600106.us.archive.org/17/items/biologieoderphil01trev/biologieoderphil01trev.pdf Treviranus, Gottfried Reinhold, Biologie : oder Philosophie der lebenden Natur für Naturforscher und Aerzte, 1802]</ref> we [[Žan Batist Lamark]] girizipdir.
 
== Bellikler ==
Anonymous user