Biologiýa: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Added content
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Setir 9:
Botanika, zoologiýa we lukmançylyk ýaly biologiýanyň köp şahalary gadymy. Bulary bir kategoriýa boýunça ýygnaýan "biologiýa" diňe XIX asyrda ýüze çykypdyr. Alymlar bu ylymyň ösmegi bilen ähli janly-jandarlaryň käbir umumy aýratynlyklarynyň bardygyna düşündiler. Şol sebäpli janlylary umumy barlamagyň artykmaçlyklaryna düşündiler. Biologiýa häzirki wagtda ylymyň iň möhüm pudaklaryndan biridir: Biologiýa we lukmançylyk žurnallarynda her ýylda bir milliondan gowrak makala çap edilýär. Şol bir wagtyň özünde, biologiýa ýer ýüzündäki ähli mekdeplerde okadylýan esasy derslerden biridir.
 
Biologiýa köp mowzuklary öz içine alýanlygy sebäpli, birnäçe şahalara bölünýär. Organizmiñ görnüş köpdürliligi arkaly bu ylym dürli pudaklara: ösümlikleri öwrenýän botanika; haýwanlary öwrenýän zoologiýa we mikroorganizmleri öwrenýän mikrobiologiýa bölünýär. Bu ulgam durmuşyň esasy himiýasyny, öýjük biologiýasyny, öýjükleriň fiziologiýasyny öwrenýän molekulýar biologiýany, organizmleriň içki organlaryny öwrenýän morfologiýany, organizmleriň düzüm bölekleriniñ funksiýalaryny öwrenýän fiziologiýany we organizmleriñ biri-birleri we daşky gurşaw bilen arabaglanyşygyny öwrenýän ekologiýany özüne birikdirýär. <sup>Biologiýa</sup>sözi grek dilinden <sub>bios</sub>-janly, <sub>logos-</sub>ylym sözleriniñ birikmesinden dörän we ýaşaýyş hakdaky ylym diýmegi añladýar.
 
'''Prepared by: ''M.Sovunjov'''''