Namaz: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
+ photo
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
+ yslam 1
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Setir 1:
'''Namaz''' ({{lang-fa|نماز‎}}) ýa-da ās'''os-säläsolä(t)''' ({{lang-ar|الصلاة‎}}) — [[yslam]]da [[Yslamyň bäş sütüni|bäş sütüniň]] ikinjisi. Namazyň düzgün-tertiplerini [[Muhammed]] ([[ﷺ]]) pygamberden [[sahaba]]lar öwrenýärler. Namaz üstünde asyrlar boýy hanafi mezhebi işleýär.
 
[[file:Salat_times.svg|500px|thumb|Namaz wagtlary]]
Setir 24:
# Şerhoşlyk (alkogol, narkotik saklaýan zatlar. Yslamda — hemmesi haram).
# Wagt — her namaz anyk bolan belli wagt aralygynda okalýar.
 
== Dinimizde namazyň hökümi ==
Namaz [[yslam]]dan öňki dinlerde hem emr edilipdir. Namaz [[hijret]]den 18 aý ozal, [[magraj]] gijesinde, bäş wagt görnüşinde [[farz]] buýrulýar. Magrajdan öň hem Resulullah ([[ﷺ]]) we [[mukmin]]ler namaz okapdyr. Ýöne olar namazy iki wagtyna – ertirine we agşamyna okapdyrlar. Şeýle hem, namaz okamak olar üçin farz däl-de mendupdy.
 
Namaz – [[Kuran]], [[hadys]] we [[ijmag]] bilen anyk kesgitlenen farzdyr. Ol akyly ýerindäki, kämillik ýaşyna ýeten her bir [[musulman]] üçin berjaý edilmeli iň belent wezipedir. Dinimizde ýedi ýaşyna ýeten çagalara namaz emr edilip höweslendirilýär. On ýaşyna ýetende ol çaga namazyny okamasa, okamagy talap edilýär. Bu barada Pygamberimiz şeýle aýdýar: «Çagalaryňyzy ýedi ýaşyna ýetende namaz okamaga höweslendiriň, on ýaşyna ýetende okamasa, okamagy talap ediň...», (Ebu Dawud, Ahmed b. Hanbel). Bu möhüm farz ybadatyny amal edenler Allah Tagalanyň ençeme lutuf we inaýetine ýeterler.
 
Namazyň farzdygyny inkär etmek, mukmini dinden çykarýar, emma farzdygyny inkär etmän, diňe ýaltalyk sebäpli bu ybadaty amal etmeýänler ruhy taýdan uly ýitgä we zyýana galýarlar. Namaz okamazlyk dünýä we ahyret azabyna sebäpdir. Ahyret azaby barada Allah Kurany Kerimde şeýle buýurýar
: «Olar günäkärlerden sorarlar: «Sizi «Sakar» jähennemine tarap süýreýän nämedir?» Günäkärler şeýle jogap bererler: «Biz namaz okanlardan däldik», (Muddesir, 40-43).
 
Pygamberimiz bolsa hadysy şeriflerinde şeýle aýdýar
: «Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek bolar», ([[Sahih Buhari|Buhary]], Nesaýy).
«Kim äsgermän üç ýola yz-yzyna juma namazyny terk etse, Allah onuň ýüregini möhürlär», (Nesaýy, Tirmizi, Ibni Mäje).
 
Unudyp, ýa-da uklap galandygy sebäpli namazyny okamadyk kişi soň kazasyny okamalydyr. Hadysy şerifde
: «Kim unudyp, ýa-da uklap namazyny geçirse, ýadyna düşende derrew okasyn (kaza etsin)», (Ebu Dawud, Ibni Mäje, Nesaýy) diýilýär.
 
Kurany Kerimiň ençeme aýatynda mukminleriň namaz okamagyna emr edilýär.
«Namazyň wagtynyň kesgitlenip, mukminlere farz edilendigi şübhesizdir», (Nisa, 103).
Hadysy şerifde:
: «Allah musulman aýal-erkeklere, ähli kişä günde bäş wagt namazy farz edendir» diýilýär.
Ibni Omardan rowaýat edilýän başga bir hadysda bolsa, Pygamberimiz şeýle buýurýar
: «[[Yslamyň bäş sütüni|Yslam bäş zadyň üstünde bina edilendir]]. Olar:
# [[Allah]]dan başga ilahyň ýokdugyna we [[Muhammed]]iň Allahyň ilçisidigine [[şahadat]] etmek,
# Namaz okamak,
# [[Remezan]] aýy [[oraza]] tutmak,
# [[Zekat]] bermek
# [[Haj]] ybadatyny berjaý etmekdir», (Buhari, [[Muslim]]).
 
== Namazyň wagtlary we namazda wagtyň ähmiýeti ==
Wagt namazyň syhhatynyň (dürslüginiň) iň esasy şertidir. Namazy wagtynda okamagyň sogaby uludyr. Ibni Mesud (r.a.) Resuly Ekremden (ﷺ):
: – Allahy iň razy eden amal haýsydyr?– diýip soraýar.
Resulullah ([[ﷺ]]):
: – Wagtynda okalan namaz – diýip jogap berýär, (Tirmizi).
Wagtynda okalan namazyň hem iň fazyletlisi we sogaplysy wagty bolan badyna okalan namazdyr. Hadysy şerifde bu barada:
 
* «Nirede namaz wagty bolsa, derrew namazyňy oka. Çünki, fazylet wagtyň başlangyjyndadyr» (Tirmizi)
* «Namazyň ilki wagty Allahyň ryzasyna, orta wagty rahmetine wesiledir, ahyrky wagty bolsa afuwyna (bagyşlamagyna) wabesdedir», (Tirmizi)
 
Wagtynda okalmadyk namaz kaza galar. Kaza namazlary guly borjundan halas etse-de, wagtynda okalan namazyň berýän feýzini we kemalyny, uhrewi bähbidi we peýdany bermez. Şeýle hem, namazyň kazasynyň okalmagy ynsandan ybadat wezipesinde goýberen ahmallygynyň we gulluk borjuny wagtynda berjaý etmezliginiň günäsini aýyrmaz. Şol sebäpli namazy wagtynda okamak üçin, namazyň wagtlaryny bilmek zerurdyr.
 
=== Ertir namazynyň wagty ===
Ertir namazynyň wagty – ikinji fejriň düşmeginden Günüň dogmagyna çenli aralykdyr.
Fejr – daň agarmagy diýmekdir. Fejriň iki görnüşi bardyr.
Ýalançy fejir (fejri kazip) – gündogar tarapda göz’etimiň aňry çäginde dikligine döreýän agarmakdyr. Munuň sähelçe wagt yzyndan ýene garaňky düşer. Şonuň üçin muňa ýalançy fejir diýilýär. Bu ertir namazynyň wagty däldir. Oraza tutýanlar bu wagt aralygynda nahar iýip bilerler.
Hakyky fejir (fejri sadyk) – gündogar tarapdan daş-töwerege ýaýrap gidýän agarmakdyr. Munda ertir namazynyň wagty başlaýar. Bu wagt aralygynda selällik edilmeýär.
Pygamberimiz ertir namazynyň wagty bilen baglanyşykly şeýle aýdypdyr:
 
«Ertir namazynyň wagty ikinji fejriň başlamagyndan Günüň dogmagyna çenlidir», (Buhary, Ebu Dawud, Ibni Mäje, Nesaýy).
 
=== Öýle namazynyň wagty ===
Öýle namazynyň wagty Günüň zewal wagtyndan başlaýar, ýagny, Ýeriň üstündäki islendik jisimiň kölegesi gündogara tarap uzamaga başlanda, öýle namazynyň wagty gelýär. Gün dik asmandaka herki zadyň kölegesiniň gysgalmasynyň togtaýan wagtyna «istiwa wagty» diýilýär. Jisimleriň şol wagtky kölegesine «feý-i zewal» diýilýär.
Öýlän wagtynyň tamamlanmagy barada iki sany garaýyş bardyr:
Ymamy Agzama görä, öýlän wagty zewal wagtyndan başlap, her bir zadyň kölegesi özünden iki esse uzaýança dowam edýär. Bu wagta «asry sani» diýilýär. Ebu Hanifäniň delili Pygamberimiziň şu hadysydyr:
 
«Öýle namazyny howa salkynlanda okaň, çünki, öýle wagtyndaky yssynyň howry dowzahyň howruny ýatladar», (Buhary, Muslim, Ebu Dawud).
 
Arabystan ýaly yssy ýurtlarda howanyň temperaturasynyň iň ýokary kaddyna ýetýän wagty kölegäniň bir esse uzaýan wagtydyr. Şol sebäpli, tomsuň güni öýle namazyny biraz salkyn düşensoň okamak mustahap saýylypdyr. (Mewsili, «Yhtyýar», Zuhaýli).
Ymam Muhammede, Ymam Ýusufa we beýleki üç mezhebe görä, öýle namazynyň wagty feý-i zewaldan, jisimleriň kölegesiniň bir esse uzaýan wagtyna çenlidir. Muňa-da «asry ewwel» diýilýär.
Juma namazynyň wagty hem öýle namazynyň wagtydyr.
 
=== Ikindi namazynyň wagty ===
Ikindi namazynyň wagty ýokarda geçen iki garaýşa laýyklykda, öýle wagtynyň gutarmagyndan başlap, Gün batýança dowam eder. Öýle wagtynyň gutarýan mütdeti bilen baglanyşykly tapawutly garaýyşlar sebäpli, ikindi namazyny kölegäniň iki esse uzaýan wagtynda okamak iň laýygydyr.
Müžtehidleriň aglabasyna görä, ikindi namazyny Gün şöhlesiniň kütelip saralmagyna (ysfyrar) çenli gijikdirmek mekruhdyr. Çünki, Pygamberimiz şeýle buýrupdyr:
: «Bu wagtda okalan namaz münafyklaryň namazydyr. Münafyk oturyp Güne garaşar. Gün şeýtanyň iki şahynyň arasyna girende (batmagyna az wagt galanda) howlugyp, ikindini dört rekegat okar we Allahy sähelçe ýatlar», (Mälik «Muwatta»).
Yslam alymlaryna görä, Kurany Kerimde geçýän «Salaty wusta» (orta namaz) ikindi namazydyr. Munuň delili hz. Aişäniň gürrüň beren şu hadysydyr:
: Resulullah (ﷺ) «Namazlary dowam ediň, orta namazyny-da dowam ediň», (Bakara, 238) diýen aýaty okady. Soňra-da: «Orta namaz ikindi namazydyr»
 
=== Agşam namazynyň wagty ===
Gün ýaşandan soň, tä şapagyň doly ýitmegine çenli wagt aralygy agşam namazynyň wagtydyr. Bu ymameýniň görşüdir. Ymamy Agzama görä bolsa, namaz wagty Gün ýaşandan soň döreýän şapagyň yzynyň agarmagynyň hem doly ýitmegine çenli aralykdyr. Ibni Omaryň «Şapak - gözýetimdäki gyzyllykdyr» rowaýatyna görä, hanefiler agşam namazynyň wagty meselesinde Ebu Ýusufyň we Ymam Muhammediň fetwasyny esas edinýärler.
 
=== Ýassy namazynyň wagty ===
Ýassy namazynyň wagty şapagyň ýitmeginden başlap, ikinji fejriň dogmagyna çenli dowam edýär.
 
=== Witr namazynyň wagty ===
«Allah size bir namazy zyýada edendir, ol hem Witrdir. Ony ýassy namazyndan soň, fejir wagtyna çenli okaň», («Nasbur-Raýe»)
 
Hadysy şerife görä, Witr namazynyň wagty ýassynyň wagtydyr. Witr namazyny ýassynyň farzyndan öň okamak jaýyz däldir. Gije oýanyp biljekdigine ynamy bolan kişiniň bu namazy gijäniň ahyryna çenli gijikdirmegi has fazyletlidir.
 
=== Terawyh (tarawa) namazynyň wagty ===
Bu namazyň wagty ýassy namazyndan soň, ertir namazyna çenli dowam eder. Bu namaz Witrden öň hem, soň hem, okalyp bilner. Emma ýassy namazyndan öň okamak sahyh däldir. Remezan aýynda mesjidde terawyh namazyna ýetişen kişi, ilki ýassynyň farzyny we soňky sünnetini okap, soňra ymama uýup, terawyh namazyny jemagat bilen okamalydyr.
 
== Baýram namazlarynyň wagty ==
Baýram namazlary jemagat bilen okalýar. Onuň wagty Gün dogandan 45-50 minut soň, ýagny kerahat wagty geçenden soň başlanýar we Günüň istiwa wagtyna çenli dowam edýär.
Baýram we terawyh namazlarynyň kazasy ýokdur.
 
== Mekruh wagtlar ==
Namaz okamagyň mekruh wagty ikidir. Fykyh kitaplarynda mekruh wagtlara kerahat wagtlary hem diýilýär.
 
==== Farz, nafile, islendik namazy okamagyň mekruh wagty ====
Ukbe b. Amir el-Jüheniniň gürrüň beren hadysynda bu wagtyň üçdügi bellenlilýär:
«Şu üç wagtda, Resuly Ekrem (ﷺ) bize namaz okamagymyzy we ölülerimizi depin etmegimizi gadagan etdi: Gün dogandan, tä (naýza boýy) ýokaryk göterilýänçä, Gün dik depeden zewal wagtyna çenli hem-de Gün batmaga meýl eden wagty», (Muslim, Ebu Dawud, Tirmizi). Ýagny, hadysda görkezilen wagtlar şulardyr:
: a) Gün dogandan soň 45-50 minut aralygy mekruh wagtdyr.
: b) Istiwa wagty bilen zewal wagtynyň aralygy, ýagny, Günüň dik depeden günbatara tarap aşaklap başlaýança wagt aralygydyr.
: ç) Ikindiden soň Günüň şöhlesiniň göz gamaşdyrmaýan (ysfyrar) wagtyndan batýan wagtyna çenli aralykdyr. Diýmek, ikindi namazy gaty gijikdirilmän, kerahat wagtyna galdyrylman okalmalydyr. Eger ikindi namazy kerahat wagtyna çenli gijikdirilse, namaz kaza goýulmaýar, sünneti terk edilip, diňe farzy okalýar. Hatda Gün ýaşmazyndan ozal iftitah tekbiri alnyp, ikindiniň farzyna durulsa, namaz okalyp durka-da Gün ýaşsa, şonda-da namaz sahyh bolar. Bu diňe ikindi namazyna mahsus bir ýagdaýdyr.
Bu üç wagtyň kerahat wagty bolmagynyň hikmeti, otparazlaryň ybadat wagty bolanlygyndandyr. Bu üç wagtda salawat getirmek, doga we tesbih etmek Kuran okamakdan hem has fazyletlidir.
Mekruh bolan wagtda sejde aýaty okalsa, şol wagtda sejde etmek bolýar, emma bu sejdäni kerahat wagtyndan soňa goýmak has fazyletlidir. Ýogalan adam kerahat wagtlarynyň birinde taýýar bolsa, jynaza namazy okalyp bilinýär. Hatda bu namazy gijikdirmän, derrew okamak has fazyletlidir. Çünki, Pygamberimiz (ﷺ) bir hadysynda şeýle aýdýar
: «Eý, Aly! Üç zady gijikdirme: wagty gelende namaz okamagy, taýýar bolanda ýogalany depin etmegi, deňini tapan wagtyň gyz maşgalany durmuşa çykarmagy», (Tirmizi, Ahmed Ibni Hanbel «Müsnet»).
 
 
==== Diňe nafile (nepil) namazyny okamagyň mekruh wagtlary ====
: a) Imsakdan (fejri sadyk) başlap, ertir namazyny kylmazdan öň nafile namazyny okamak mekruhdyr. Bu wagt aralygynda diňe ertir namazynyň sünneti okalýar.
: b) Ertir namazynyň farzyny okanyňdan soň, Gün dogýança aralykda nafile namazy okalmaýar. Hatda farzdan soň ertiriň sünnetini hem okamak bolmaýar.
: ç) Ikindiniň farzyndan soň,
: d) Agşamyň farzyndan öň,
: e) juma we baýram namazlarynyň hutbeleri okalyp durka,
: ä) juma namazy üçin kamat getirilip durka-da, nafile namazy okalmaýar.
: f) Baýram namazyndan öň öýde-de, mesjitde-de nafile namazyny okamak mekruhdyr, emma Baýram namazyndan soň, öýde okamak bolýar.
: g) Jemagat farz namazyny okap durka, nafile okamak mekruhdyr, emma jemagata ýetişer ýaly maý bar bolsa, ertir namazynyň sünnetini okamak bolýar. Çünki, ertir namazynyň sünneti kuwwatly sünnet bolup, Pygamberimiz ony hemişe okar eken. Hezreti Aişäniň aýtmagyna görä
: «Hezreti Pygamber ertir namazynyň iki rekegat sünnetine üns berşi ýaly, beýleki nafile namazlara beýle üns görkezmändir», (Buhary, Muslim, Ebu Dawud). Ertir namazynyň sünneti bilen baglanyşykly Pygamberimiz şeýle buýurýar:<br>«Ertir namazynyň iki rekegat sünneti dünýäden we dünýädäki her bir zatdan has haýyrlydyr» (Muslim, Tirmizi).
 
== Mustahap wagtlar ==
 
Namaz okamagyň has fazyletli we sogaply saýylýan wagtlaryna «mustahap wagtlar» diýilýär.
Pygamberimiz käbir namazlary möwsüm, pasyl, yklym ýaly dürli ýagdaýlary nazarda tutup, wagt gireni bilen okalmagyňdan gijikdirilmegini has fazyletli saýypdyr.
Jemagat bolmak ýaly, mustahap wagtlarda namaz okamak hem diňe erkeklere mahsus bir fazyletdir. Aýallara mustahap bolany namazlaryny öýlerinde, erkek kişiler mesjitde okanlaryndan soň okamaklarydyr. Emma ertir namazyny erkek kişileriň jemagat bolup okamaklaryna garaşman, ir okap bilerler.
 
====Ertir namazynyň mustahap wagty ====
Ertir namazyny töwerek agarýança garaşyp, soň okamak mustahapdyr. Muňa ysfar diýilýär. Ysfaryň ölçegi şeýledir. Namaz okap duran kişiniň tahareti bozulaýan ýagdaýynda-da täzeden taharet kylyp, namazyny Gün dogýança arkaýyn okap ýetişer ýaly wagtyň bolmagydyr. Ýagny, Günüň dogmagyna 15-20 minut galmalydyr. Pygamberimiz şeýle buýurýar:
«Ertiri agardyň, çünki, munuň sogaby has uludyr». Ertir namazyny gijikdirip okamak, jemagatyň has köp ýygnanmagyna sebäpdir.
Başga bir hadysy şerifde:
: «Ertir namazyny okanyňdan soň, namazlygyň üstünde Günüň dogmagyna (tesbih, zikir bilen) garaşan, dört ýesiri azat eden ýaly sogap gazanar» diýilýär.
Hanefi mezhebinde saparda bolsaň-bolmasaň, tomus-u-gyş, ýeke ýa-da jemagat bilen..., ýagny, hemişe ertir namazyny isfar etmek mustahapdyr.
Şafygylar bolsa, ertir namazyny gijikdirmän, heniz töwerek agarmanka okamagy has fazyletli saýýarlar. Muňa taglif diýilýär. Hanefiler taglifi diňe hajylaryň müzdelifede bolan wagtlary hem-de Gurban baýramynyň ilkinji gününiň ertir namazynda mustahap görýärler.
 
====Öýle namazynyň mustahap wagty ====
Tomus aýlary öýle namazyny gijiräk, biraz salkynda okamak mustahapdyr. Beýleki pasyllarda bolsa, öýläni wagtyň başynda okamak mustahapdyr. Enesiň (r.a.) gürrüň bermegine görä: «Pygamberimiz gaty sowuk wagtynda öýle namazyny wagty gireni bilen okamaga howlugardy, tomsuna bolsa salkyn düşýänçä gijikdirerdi», (Buhary, Nesaýy).
 
====Ikindi namazynyň mustahap wagty ====
Ikindi namazyny tomus-gyş, hemişe gijikdirmek mustahapdyr. Ikindi namazyndan soň, nafile namazyny okamak mekruhdygy üçin farzy gijikdirmek bilen ikindiden öň nafile namazyny okamaga mümkinçilik döredilendir, (Ibnül Hümam, «Fethül Kadyr»).
 
====Agşam namazynyň mustahap wagty ====
Agşam namazyny hemişe wagty girende okamaga howlukmak mustahapdyr. Azan bilen kamat arasynda diňe üç aýat okar ýaly, ýa-da sähel oturyp garaşylýar. Çünki, agşam namazyny gijikdirmek mekruhdyr. Munda ýahudylara meňzemek bardyr. Emma hassalyk, ýolagçylyk ýa-da naharyň taýýar bolmagy ýaly sebäpler bilen gijikdirmek jaýyzdyr. Agşam namazynyň wagty barada Pygamberimiz şeýle aýdýar:<br>«Ymmatym agşam namazyny ýyldyzlaryň köpelen wagtyna çenli gijikdirmese, haýyr ýolundadyr».
 
====Ýassy namazynyň mustahap wagty ====
Ýassy namazyny gijäniň ilkinji üçden birine ýa-da ýarysyna çenli gijikdirmek mustahapdyr. Howa bulutly bolan ýagdaýynda derrew okamak mendupdyr. Ýassynyň gijikdirilmegi bilen baglanyşykly Pygam-berimiziň birnäçe hadysy bardyr. Olardan birinde:<br>«Eger ymmatyma muşakgat bolmasa, ýassy namazyny gijäniň üçden birine çenli gijikdirmeklerini emr ederdim» diýipdir, (Tirmizi, Ibnül Humam, «Fethül Kadyr»).
 
Ýassyny gijikdirmek gyş gijelerine mahsusdyr. Çünki, gyş gijeleri uzyndyr. Tomsuna bolsa gijeler gysga bolany üçin, ýassyny giren wagtynda okamak mustahapdyr.
<br>Ýassyny gijäniň ýarysyndan soňa goýmak mekruhdyr. Pygamber Serwerimiz ýassyny gijikdirmegi gowy görer eken. Emma oýanyp bilmän namazy geçirmek howpy sebäpli, ýassyny okaman uklamagy halamandyr. Ýassyny okandan soň bolsa, dünýewi gürrüň we söhbet etmez eken. Munuň hikmeti – mukminleriň amal depderleriniň ybadat bilen ýapylyp, şol günüň gowy netije we haýyr bilen tamamlanmagy üçindir. Emma namazdan soň, zikir we ewrad hem-de dini söhbetler etmek bolýar. Bular hadysyň gadagan edenlerine girmeýär.
 
====Witr namazynyň mustahap wagtlary ====
Witr namazyny gije oýanyp biljekdigine ynamy bolanlar üçin, gijäniň soňuna çenli gijikdirmek mustahapdyr. Pygamber Serwerimiz bu barada şeýle buýurýar
: «Gijäniň soňunda oýanyp biljegine ynamy bolmadyklar, Witr namazyny gijä goýman okasyn. Oýanjagyna ynamy bolan adam Witri gijäniň soňunda okasyn. Çünki, gije namazynyň okalýan wagty, hem gijäniň, hem gündiziň melekleriniň bolýan wagtydyr.
Beýle etmek has fazyletlidir», (Muslim, Ibni Mäje, Ahmed b. Hanbel).
Mälikilere görä, bäş wagt namazyň ählisini wagt giren badyna okamak fazyletlidir.
Şafygylara görä, öýle namazyny salkyn düşýänçä gijikdirmek, beýleki namazlary bolsa wagty giren badyna okamak sünnetdir.
Hanbelilere görä, ýassy namazyndan başga namazlary wagty giren badyna okamak has fazyletlidir. Emma yssyda öýle, bulutly gün agşam namazy gijikdirilýär. Ýassy namazyny gijäniň üçden birine ýa-da ýarysyna çenli gijikdirmek has fazyletlidir, (Ibni Abidin, «Reddül Muhtar»).
 
== Namazyň parzlary ==
Namazyň farzlary 12 sanydyr.
Bulardan 6-sy namaza başlamazdan öň berjaý edilmeli farzlardyr.
Bulara '''namazyň şertleri diýilýär.
Beýleki 6-sy bolsa namaz başlandan soň berjaý etmeli farzlardyr.
Bulara bolsa '''namazyň rükünleri''' diýilýär.
== Namazyň şertleri ==
 
==== Hadesden taharet ====
Namaz okajak kişiniň hadesden tämizlenmegi, ýagny taharetsiz (täretsiz) bolsa, taharet kylmagy, jünüp bolsa gusul etmegi diýmekdir.
==== Nejasetden taharet ====
Nejasetden taharet – namaz okajak kişiniň bedeninde, eşiginde, namaz okajak ýerinde şerigatyň nejis (gan, iriň, peşew...), pis saýýan bir zady bar bolsa, ol hapanyň arassalanmagy diýmekdir.
==== Setri awret ====
Ynsanyň owrat ýerlerini namazda örtmegine «setri awret» diýilýär.
Owrat ýerleri – erkek we aýalyň örtmegi farz bolup, başgalara görkezmegi haram bolan agzalarydyr. Erkeklerde owrat ýerleri göbekden dyzyna çenli aralykdyr. Aýallarda bolsa owrat ýüz,el, we aýaklardan başga bedeniň ähli ýeridir.
Pygamberimiz bir hadysynda
: «Allah bulug ýaşyna ýeten aýalyň başy ýaglyksyz okan namazyny kabul etmez», (Ibni Mäje, Tirmizi)
diýip aýdýar. Başga bir hadysynda bolsa şeýle diýýär
: «Aýal kämillik ýaşyna ýetende elinden we ýüzünden başga ýerini özgä görkezmegi halal bolmaz», (Ebu Dawud).
Owrat hasaplanýan agzanyň dörtden birinden az açylmagy namazy bozmaz. Namazdaka owrat ýeri açylsa, derrew açylan ýer ýapylsa, namaz bozulmaz. Bir rükün mukdary, ýagny, üç gezek «Subhänalla(h)» diýerlik pursatdan soň ýapylsa, namaz bozulýar. Örtünmäni hem ýeke eliň bilen etmelidir. Çünki, iki eliň bilen edilen hereketler amaly kesire (uly herekete) girýär we namazy bozýar.
Erkek kişiniň ýüpek matadan tikilen eşik bilen namaz okamagy jaýyz däldir.
Erkek kişiniň başy ýapyk, doly egin-eşikli namaz okamagy mustahapdyr. Emma diňe owrat ýerleri ýapyk şekilde namaz okamak jaýyz hem bolsa mekruhdyr. Çäresiz ýagdaýda welin, kerahat ýokdur. Setri awret hem Halygyň hem mahlugyň hukugydyr. Şol sebäpli özünden başga biriniň ýok ýerinde (hylwatda) hem ynsanyň örtünmegi zerurdyr.
Özüňe seretmegi halal bolmadyk biriniň ýanynda owrat ýeriňi açman nejasetden arassalanmagyň mümkin bolmadyk ýagdaýynda namaz nejasetli okalar. Çünki, owrat ýeriniň açylmagy nehiý (gadagan) edilendir. Nejasetden arassalanmak bolsa emr edilendir. Bir meselede emr bilen nehiý birlikde gelse, nehiýni ýerine ýetirmek gerekdir.
Hapa degen eşik bilen namaz okamak, ýalaňaç okamakdan ewladyr – gowudyr. Çünki, iki sany deň bela uçran kişi ikisinden birini saýlamaga erklidir. Eger ýeňili bar bolsa, onda şony saýlamaly. Muňa dinimizde «ehweni şer» diýilýär. Nejaset bolsa ýalaňaçlykdan ehwendir – ýagşyrakdyr.
==== Istikbaly kybla ====
Istikbaly kybla – namazy Käbä tarap bakyp okamakdyr.
Kybla diňe Mekgeýi Mükerremedäki daşdan gurlan bina däldir. Şerigata görä kybla – Käbäniň üstünden tä arşa, aşaklygyna bolsa ferşe çenli uzaýan nurdan bolan sütündir. Şol sebäpli, kişi isle, uçaryň üstünde – Käbeden ýokarda bolsun, isle, ýeriň çuňluklarynda – Käbeden aşakda bolsun, bu nurany sütüne ýönelip namazyny okap, istikbaly kybla şertini berjaý eder.
Musulmanlaryň namaz okap durka mabetleriň iň gadymysy we iň mukaddesi bolan Käbä ýönelmegi olaryň agzybirlik ruhuny saklamak, köňüllerini ybadatyň ruhy joşguny we nury bilen aýdyňlatmak ýaly hikmetlere daýanýar. Ähli musulmanlaryň kybla ýönelip ybadat etmegi dil, reňk, millet, jyns tapawudyny aradan aýyryp doly söýginiň we bütindünýä dost-doganlygyň dikeldilmegine wesiledir.
Kyblanyň haýsy tarapdadygyny bilmeýän kişi, ilki töwereginden sorap anyklamalydyr. Başga kişiden sorara ýagdaý bolmasa, özi biljek bolmaly. Soňra Kybla haýsy tarapdadyr diýip karara gelse, şol tarapa bakyp okamaly. Eger-de, ýönelen tarapynyň kybla däldigini namazyndan soň bilse, şol namazyny gaýtadan okamagy gerek däldir. Emma soramaga adam barka, soraman ýalňyş tarapa bakyp okasa, onda şol namazyny gaýtalamalydyr.
Kyblanyň haýsy tarapdadygyna şübhe edip, soraman-etmän namaza duran kişi, kybla tarap dogry durup okaýanyny namazyny okap durka bilse-de, namazyny täzeden okamaly. Çünki, soňky rekagatlary şübheli okanlarynyň üstüne goşup bilmez. Emma namazyny doly gutarandan soň, dogry durup okandygyny bilse, onda namazyny gaýtalamaly däl. Ymam Ebu Ýusufa görä, bu iki ýagdaýyň ikisinde-de, namazy gaýtadan okamaga zerurlyk ýokdur.
Bir kişi hassalygy sebäpli kybla dönüp bilmese, öwrere-de ýanynda adam ýok bolsa, ýa-da duşmandan, wagşy haýwandan gorkusyna kybla bakyp bilmese, güýjiniň ýa-da mümkinçiligiň bolan tarapyna öwrülip namazyny okap biler.
Ulagda barýana farz namazyny okamak jaýyz däldir. Pygamberimiz ýolagçy wagty, ulagynyň üstünde diňe sünnet we nafile namazlaryny okapdyr.
Gämide ýa-da uçarda namaz okajak kişi ilki kyblany kesgitlemelidir. Onuň islendik tarapyna bakyp namaz okamagy dogry däldir. Namaz okap durka gäminiň ýa-da uçaryň ugry üýtgese, mümkin bolsa, ol hem kybla öwrülip namazyny tamamlamalydyr.
Awtobus, poýezd ýaly ulaglaryň namaz wagtynda durmazlygy kybap bir sebäp bilen namazyny okamaly bolan kişi mümkin bolan tarapa ýönelip namazyny okamaly, ulag haýsy tarapa ugruny üýtgetse-de, ol hiç ýana üýtgemän namazyny okap biler.
Kyblanyň haýsy tarapdadygy barada ihtilaf edilse, her kes özbaşyna namaz okamaly. Jemagat bilen okalan ýagdaýynda, ymamyň duran tarapynyň kybladygyna şübhe edýäniň namazy dürs bolmaz.
Farz we nafile namazlaryny Käbäniň içinde okamak dürsdür we ol ýerde islän tarapyňa bakmak bolýar.
Bir kişi namaz okap durka, hiç sebäpsiz göwresini kybladan öwürse namazy bozulýar. Diňe ýüzüni öwürse namazy bozulmaz, emma mekruh iş etdigi bolar. Onuň derrew kybla tarap öwrülmegi gerekdir. Namaz üçin kybla ýönelen bir kişiniň niýetinde «ýüzüm kybla» diýmegi şert däldir.
 
==== Wagt ====
Wagt – bäş wagt namazy öz wagtynyň dowamynda okamak diýmekdir. Wagt girmezden namaz okamak jaýyz däldir. Wagt geçenden soň okalan namazlar eda däl-de, kaza bolar, (ser. «Namaz wagtlary»).
 
==== Niýet ====
Niýet – kalbyň bir zada karar etmegi, şol işiň näme üçin edilýändigini oýlanman bilmegi diýmekdir. Namaz barada niýet – diňe Allah ryzasy üçin namaz kylmagy islemek we okaljak namazyň haýsy namazdygyny bilmek, ýürekden duýmak diýmekdir.
Niýet kalba degişli bir işdir. Şeýle-de bolsa, dil bilen hem aýtmagy has fazyletli görlüpdir.
Nafile namazlary üçin wagt bellenmeýär. «Allahyň ryzasy üçin namaz kylmaga niýet etdim» diýmek ýa-da kalbyň bilen niýet etmek ýeterlikdir. Emma bäş wagt namazyň sünnetlerinde «Niýet etdim şu wagtyň ilki sünnetini ýa-da soňky sünnetini» diýmek bolýar. Terawyh namazy üçin bolsa «Terawyh namazyny ýa-da wagtyň sünnetini okamaga niýet etdim» diýmelidir. Yhtyýata laýygy şudur.
Farz namazlarynda bolsa onuň wagtyny anyk aýtmak şertdir. Mysal üçin: «Şu günki öýle namazynyň farzyny okamaga niýet etdim».
Juma, baýram, jynaza we Witr namazlarynda hem farz namazlary ýaly anyk wagt aýtmak gerekdir. Kaza namazlarynda haýsy wagt kaza ediljek bolsa anyk aýdylmalydyr. Bilinmeýän bolsa, mysal üçin: «Iň soňky kaza galan öýle namazyna niýet etdim» diýilmelidir.
Niýetiň iftitah tekbirine ýakyn edilmegi afzaldyr (has fazyletlidir). Niýet bilen tekbiriň arasynda iýmek-içmek, gürlemek ýaly namaza gelişmejek işler etmeli däldir. Tekbir getireniňden soň, edilen niýet bilen namaz sahyh bolmaz. Kabul edilen görüş budur. Başga bir görşe görä bolsa, eger niýet tekbirden soň, subhanekeden we e’uzüden öň edilse, namaz jaýyz bolýar.
Eda niýeti bilen kaza, kaza niýeti bilenem eda jaýyzdyr. Meselem, bir kişi öýle wagty geçen däldir diýip öýle namazyny eda niýeti bilen okasa, soň wagtyň geçendigini bilse, okan namazy öýläniň kazasynyň ýerine geçer.
Jemagat bilen namaz okalan ýagdaýynda, ymama uýýanyň namaza niýet bilen birlikde ymama uýmaga-da niýet etmegi gerekdir. Meselem: «Şu günki öýle namazynyň farzyny okamaga niýet etdim, uýdum şu ymama» diýilýär.
Bir kişi ymama uýmaga niýet edip, ymam heniz namaza başlamanka, namaza başlaýsa, ol kişi ymama uýan saýylmaz, Hatda «Allahu ākbär» sözüni ymam aýdyp gutarmazyndan öň aýtsa, ýene ymama uýan hasaplanmaz. Şol ýagdaýda ol kişi täzeden tekbir getirip ymama uýmalydyr.
Jemagatyň ymama uýmak niýeti ymamyň «Allahu ākbär» diýip namaza başlamagyndan soň edilmelidir. Bu ymameýniň görşüdir. Ymamy Agzama görä, jemagatyň tekbirleri ymamyň tekbirine ýakyn bolmalydyr. Diýmek, niýet ymamyň tekbiriniň öň ýanynda edilmelidir. Şeýle hem, ymam fatihaýy şerifeýi bitirmänkä, tekbir getirip, ymama uýan kişi iftitah tekbiriniň sogabyny alar.
Ymam boljak kişiniň ymamlyga niýet etmegi hökman däldir. Emma özüne aýallar hem uýýan bolsa, onda ymamete niýet etmek gerek bolýar. Şeýle ýagdaýda ymamyň
: «Ene ymamün limen tebianiý» ýagny, «Men maňa uýanlara ymamdyryn» diýmegi ýeterlikdir.
Ymam Şafyga görä hem jemagatyň tekbirleri ymamyň tekbirine ýakyn bolmalydyr.
 
== Namazyň parzlary ==
Namazyň farzlary 12 sanydyr.
Bulardan 6-sy namaza başlamazdan öň berjaý edilmeli farzlardyr.
Bulara '''namazyň şertleri''' diýilýär.
 
Beýleki 6-sy bolsa namaz başlandan soň berjaý etmeli farzlardyr.
Bulara bolsa '''namazyň rükünleri''' diýilýär.
 
== Namazyň rükünleri ==
Namazyň rükünleri, ýagny, içindäki farzlary şulardyr:
# Iftilah tekbiri
# Kyýam
# Kyraet
# Ruku'
# Sujud
# Kadeýi ahyre
Bulardan başga Ebu Ýusuf bilen Ymam Şafygy, Ymam Mälik we Ahmed b. Hanbele görä, namazda ta’dili erkana görä okamak hem farzdyr.
 
====Iftitah tekbiri ====
Namaza «Allahu ākbär» diýlip başlanýar. Bu tekbire – namaza başlamak tekbiri manysynda – iftitah tekbiri diýilýär. Bu tekbire tahrime hem diýilýär.
Tahrime bir zady haram etmeklige diýilýär. Namaza «Allahu ākbär» bilen başlanandan soň, tä gutarýança, iýmek-içmek, dünýewi gürrüň, amal haram bolýandygy üçin iftitah tekbirine bu at berlipdir. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdýar
: «Namazyň açary tämizlikdir. Tahrimesi bolsa tekbirdir», (Ebu Dawud Tirmizi, Ibni Mäje). Başga bir hadysynda
: «Allah doly taharet kylmadygyň, kybla dönüp Allahu ākbär diýmedigiň namazyny kabul etmez» buýurýar, (Ebu Dawud).
 
Ýene Pygamberimiz namazy ýalňyş okan bir sahaba namazy düşündirýärkä
: «Namaza duran wagtyň tekbir getir», (Buhary, Muslim) diýipdir.
 
Hanefi alymlarynyň köpüsine görä, iftitah tekbiri namazyň bir rüküni däl-de, şertidir, emma namazyň rükünleri bilen doly bütewleşensoň, rükün kabul edilmegi has laýyk görlüpdir.
Beýleki üç mezhep ymamlary-da iftitah tekbirini rükün diýip kabul edipdirler.
[[Tekbir]] sözi – Allahu ākbärdir. Şeýle hem tagzym manysyndaky şu sözler bilen hem namaza başlamak mümkindir:
Allahul kebir, Allahul azym, Tebarekallah, Älhämdulilläh, Lä ilähä ilallah, Allahumme, Allah...
Bismilläh, Ästagfirullah, Eä’uzu billäh, Innä lilläh we ş.m. sözler bilen namaza başlanmaýar. Çünki, bu sözlerde tagzym manysy ýokdur. Bular doga sözlemleridir.
Bir elifi artykmaç aýdyp, A:llahu ākbär diýilse, namaza başlandygy bolmaz. Namazyň içinde şeýle diýilmegi sahyh bolan görşe görä, namazy bozýar. Çünki, many üýtgeýär.
Allah ismi jeliliniň elifi uzadylsa, A:llah (Allah barmy?) şübhe manysyny berýändigi üçin namazy bozýar. Alymlardan Muhammed ibn Mukatile görä, eger namaz okaýan kişi harplaryň nireden çekilip-çekilmeýändigini bilmeýän bolsa, onuň namazy bozulmaz.
Ymama uýmak üçin iftitah tekbirini kyýamdakaň doly getirmek şertdir. Şonuň üçin ymama ruku’daka uýan kişi «ākbär» sözüni ruku’da aýtsa ymama uýan hasaplanmaz. Ol täzeden dikelip, tekbir getirmelidir. Bu aralykda ruku’ geçirilse, şol rekagat geçirilen hasaplanar we kaza ediler.
Ymama birinji rekagatda ýetişen kişi iftitah tekbiriniň fazyletine ýeter. Birinji rekagatyň ruku’syna sähel gijigip, ymam bilen birlikde ruku’ eden kişi birinji rekagata ýetişen saýylar. Ruku’dan soňa galan bu rekagata ýetişen saýylmaýar.
 
====Kyýam ====
Kyýam namazda dik durmak diýmekdir. Farz we wajyp namazlarynda kyýamda durmak farzdyr. Şonuň üçin kyýama güýji ýetýän kişiniň oturyp farz we wajyp namazlaryny okamagy jaýyz däldir.
 
Dik durmaga mejaly bolmadyk uzurly we hassa kişi namazy oturyp okap biler. Bir mütdet dik durmaga güýji ýetýän kişi şol aralyk kyýamda durup, soň oturmalydyr. Hatda diňe iftitah tekbirini kyýamda getirmäge güýji ýetse, tekbiri kyýamda alyp, soň oturmalydyr.
 
Sünnet we mustahap namazlaryny bir uzur bolsa-bolmasa oturyp okamak hem bolar. Emma afzal bolany kyýamda okamakdyr. Diňe ertir namazynyň sünneti we terawyh namazy farz ýaly okalýar.
 
Ruku’ we sejde edende ýarasyndan gan akjak bolsa ol kişi namazyny kyýamda ýa-da ýagdaýyna görä oturyp, ima (yşarat) bilen okamalydyr. Namazyny oturyp hem okap bilmeýän kişi arkan ýatan ýerinden ima bilen okamaly. Ol, mümkin bolsa, aýaklaryny kybla tarap öwürmelidir. Hakim bu mesele bilen baglanyşykly, Imrandan (r.a.), şu hadysy rowaýat edýär: «Mende babasyl keseli bardy. Hezreti Pygamberden nädip namaz okamalydygymy soradym. Pygamberimiz:«Dik durup oka. Eger kyn düşse otur, onda-da kyn bolsa, ýaplanyp oka» diýdi. Nesaýyda bu hadysyň dowamyna şu goşulýar
: «Eger şonda-da güýjüň ýetmese, arkan ýatyp oka. Allah hiç kime güýjüniň ýetjeginden artykmaç ýük ýüklemez», (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi).
 
==== Kyraet ====
Kyraet kyýamdakaň Kurany Kerimden bir mukdar okamakdyr. Her musulmanyň Kurandan namaz okap biljek mukdarda aýaty ýat tutmagy farzy aýndyr. Fatiha we bir suräni ýat tutmak wajyp, Kurany tutuş ýatdan bilmek farzy kifaýedir.
Witr we nafile namazlarynyň ähli rekagatlarynda, iki rekagatly farzlaryň her iki rekagatynda kyraet farzdyr. Ýöne dört we üç rekagatly farz namazlarda diňe ilkinji iki rekagatynda Kuran okamak farzdyr. Şonuň üçin ilkinji rekagatda bilkastlaýyn Kuran okamagy terk etmek mekruhdyr. Undulyp terk edilse, sehiw sejdesini etmek gerekdir. Farzlaryň beýleki rekagatlarynda Fatihany okamak wajypdyr.
Namazda Kurandan aýat okamagyň farz mukdary Ymamy Agzama görä kyraet farz bolan her bir rekagatda, aýat gysga hem bolsa, azyndan bir aýat okamak farzdyr. Ymameýne we beýleki üç mezhep ymamyna görä, azyndan üç sany gysga aýat ýa-da üç sany gysga aýat mukdaryndaky uzyn bir aýaty okamak farzdyr.
Ýeke harpdan ýa-da ýeke sözden ybarat bolan aýatlaryň okalmagy sahyh bolan görşe görä ýeterlik däldir. Çünki, bu mukdar kyraet saýylmaz.
Kyraetiň farz edilmegi şu delillere esaslanýar: Allah şeýle buýurýar:
: – «Kurandan aňsat düşýän aýatlary okaň» (Müzzemmil, 20)
Pygamberimiz hem şeýle buýrupdyr:«Kyraetsiz namaz ýokdur», (Muslim, Ebu Dawud).
Pygamberimiziň:«Fatihany okamaýanyň namazy kabul däldir» (Tirmizi, Darimi) hadysyny Hanefi mujtehidleri «Fatihasyz namazyň fazyleti ýokdur» manysynda düşündiripdirler. Çünki, bu hadys
 
«Mesjide goňşy bolan kişiniň mesjitde okamasa namazy jaýyz bolmaz» (Darakutni)
 
hadysyna meňzeýär. Yslam alymlary bu hadysa daýanyp, mesjide goňşy bolan biriniň özbaşyna öýde okan namazlaryna dürs däl diýip aýtmandyrlar. Belki, onuň namazy jemagatsyz okalany üçin jemagat sogabyndan mahrum galandyr we fazyleti azalandyr.
Bir aýaty jelileden başga aýaty bilmeýän kişi Ymamy Agzama görä, her rekagatda şol aýaty bir gezek okasa bolýar, Ymameýne görä bir rekagatda üç gezek gaýtalamalydyr. Ýöne üç aýaty bilýän biriniň şol bir aýaty üç gezek gaýtalamagy dürs däldir.
Aýatul-Kursi ýaly uzyn bir aýatyň bir bölegini birinji rekagatda, bir bölegini ikinjide okamak sahyh bolan görşe görä ýeterlikdir. Emma mümkin bolan ýagdaýynda muny etmezlik has gowudyr.
Jemagat bilen okalan namazlarda ymama uýan kişi Kuran jehri (sesli) okalan ýagdaýynda ymamyň okaýşyny diňlär, hafi (içiňden) okalýan namazlarda bolsa, hiç zat okaman durar. Çünki, jemagat üçin kyraet farz däldir. Bu meselä delil hökmünde şu aýat getirilýär:
: – «Kuran okalan wagty ony diňläň we gürlemäň ki, size merhamet edilsin», (Araf, 204). Pygamberimiz bolsa bu mesele barada şeýle aýdýar
: «Bir kişi ymamyň yzynda namaz okasa, ymamyň okaýşy onuň hem okaýşydyr», (Ibni Mäje).
Şafygylarda ymama uýan kişi hem (ymam jehri ýa-da hafi okasyn) Fatihany okar. Mälikiler we hanbelilerde bolsa ymama uýan kişi diňe hafi okalýan namazlarda kyraet eder.
 
==== Ruku’ ====
Ruku’ elleriň aýasyny dyzçanaklaryň üstüne goýup egilmekdir. Ruku’da elleriň dyzyňa ýeter ýaly egilmek jaýyzdyr.
Rukuda imam ýa-da ýeke okaýan rukuda iň bolmanda 6 sekunt eglenmelidir — sežde hem şeýledir.
Sünnete görä, ruku’ şeýle edilýär:
Bedeniň bilden ýokarsyny ýere parallel öňe egmeli. Başyňy dik saklamaly. Aýaklaryňy epmän, elleriňi dyzyňa ýetirmeli we barmaklaryň bilen dyzçanaklaryňy gysymlamaly. Başyň we arkaň düz bolmalydyr. Kyýama ýakyn görnüşde ruku’ etmek sahyh däldir.
Resulullahyň ruku’ edişini Ebu Humeýt şeýle düşündirýär:
: «Hezreti Pygaberimiz ruku’ edende ellerini dyzlarynyň üstüne goýanyny gördüm. Ol arkasyny göni saklaýardy», (Buhary, Ebu Dawud). Hezreti Aişe ruku’da başyňy egmek şekilini şeýle habar berýär: «Resulullah ruku’ eden wagty başyny ýokary galdyrmaýardy, aşak hem egmezdi. Iki aralykda arkasy bilen deň tutardy», (Muslim, Ebu Dawud, Ibni Mäje).
Aýallar ruku’a doly egilmeli däldir. Ruku’a ýakyn görnüşde egilmekleri ýeterlikdir.
Bili küýki adamlaryň diňe başyny egmegi ýeterlikdir. Oturyp namaz okaýan kişi ruku’ edende, maňlaýy dyzlaryna paralell bolýança bilini egmelidir.
Ymama ruku’da ýetişen kişiniň iki gezek tekbir getirmegi hökman däldir. Ol elini gulagyna ýetirmän diňe Allahu ākbär diýip namaza goşulmaly we derrew ruku’a egilmeli. Bu tekbir hem iftitah hem-de ruku’ tekbiriniň ýerine geçer.
Ymama uýan kişi ymamdan öň ruku’a egilse, ýene ymam ruku’a gitmänkä başyny galdyrsa, bu ruku’ ýeterlik bolmaýar. Ol kişi ymam bilen täzeden ruku’ etmese, onuň namazy bozulýar.
Ruku’daky tesbih:
 
Subhäne Robbiýel-'azym.
 
== Salgylanmalar ==
Line 30 ⟶ 322:
 
[[Category:Yslamyň bäş sütüni]]
[[Category:Islam terminleri]]