Namaz: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
+ yslam 1
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Setir 316:
 
Subhäne Robbiýel-'azym.
 
=== Sejde ===
[[Sejde]] etmek – burny, maňlaýy, elleri, dyzlary we aýaklary ýere degirmekdir.
Sejdäniň manysy baş egmek, tewazug görkezmek diýmekdir.
Her rekegatda iki gezek sejde etmek farzdyr.
Sejde we ruku’ halynda durmagyň farz mukdary ruku’ we sejde diýip boljak wagtdyr.
Üç gezek tesbih okap boljak wagt durmak farz däldir-de sünnetdir.
Bäş ýa-da ýedi gezek okamak mustahapdyr.
Namazy ýeke özi okaýan kişi has köp tesbih okap biler.
Emma ymam bolan kişi jemagatyň razyçylygyny alman, üçden artyk tesbih okap bilmez.
Çünki, jemagaty ýadatmak we namazdan daşlaşdyrmak dogry däldir.
Sejdedäki tesbih:
 
: '''Subhäne Roabbiýel-a’lä.'''
 
Sejdäniň sünnete görä berjaý edilişi şeýledir:
Ilki dyz, soň, el, soň ýüz (alyn we burun) ýere degirilýär. Dyzyň we elleriň ilki sagy, soň soly ýere goýulmalydyr. Aýaklaryň barmaklary göni kybla bakyp, gollaryň bedeniňden daş tutulmalydyr. Barmaklaryň arasy bitişik bolmaly. Baş iki eliň arasynda ýere goýulýar we netijede bedeniň ýedi agzasy bilen sejde edilýär. Munuň delili ibn Abbasdan rowaýat edilen şu hadysdyr
: «Maňa ýedi süňk bilen sejde etmek emr edildi. Bular hem alyn (eli bilen burnuna yşarat etdi), iki el, iki dyz we iki aýakdyr», (Buhary, Muslim, Nesaýy).
 
Maňlaý degip, burun degmese sejde jaýyzdyr, emma bir uzur ýokka, burny degirmezlik mekruhdyr.
Alyn we burnuň ikisi bilen sejde etmek wajypdyr.
Alyn ýa-da burunda sejdä päsgel berjek bir uzur bar bolsa, üm (ima) bilen sejde ediler.
 
Sejdede iki aýagy ýere goýmak farzdyr. Şonuň üçin sejde edilýärkä iki aýagyň barmaklary ýere degmese namaz bozulýar.
 
Jemagatyň köplügi ýa-da bir uzur sebäpli ýere sejde edip bilmeýän kişi dyzlaryna ýa-da öňdäkiniň arkasyna sejde edip biler.
 
Sejde edilýän ýer gaty bolmalydyr. Maňlaý degirilende berklik duýulmasa, şol sejde jaýyz bolmaz. Sejde ýeri aýaklaryň duran ýerinden onki barmaga çenli, ýagny bir garyş belentlikde bolsa sejde etmek bolýar.
 
Her rekagatda iki sejde edilýär. Olardan biri bilkastlaýyn terk edilse namaz bozulýar. Eger undulyp, soň ýada düşse, arada iýip-içmek ýaly namaza gelişmeýän hereketler edilmedik bolsa, şol bada sejde edip we ondan soň soňky oturyşy gaýtalap, sehiw sejdesini etmelidir.
 
Sejde namazyň iň beýik rükünlerinden biridir. Şonuň üçin yslamda ybadathanalara ybadat edilýän ýer manysynda mesjit ady berlendir. Sejde Allah görkezilen tewazug we tagzymyň iň görnükli alamatydyr. Bir hadysy şerifde
 
«Guluň Rabbine iň ýakyn bolan haly sejde edýän pursatydyr. Şonuň üçin sejdede köp-köp doga ediň», (Muslim, Nesaýy, Ahmed bin Hanbel, «el-Müsnet»).
 
Hezreti Pygamberiň azat edeni Sewban hezretleri Resuly Ekrem Serwerimize bir gün şeýle haýyş edýär
: «Eý Resulullah, maňa bir amal öwret. Allah şony edenim üçin meni jennetine salsyn». Resulullah (ﷺ) bu haýyşa şeýle jogap berýär
: «Köp sejde etmäge çalyş. Her eden sejdäň üçin Allah bir dereje beýgelder, bir hataňy bagyşlar» (Muslim).
 
=== Ka’deýi Ahyre (soňky oturyş) ===
Bu namazyň soňky rekagatynda sejdelerden soň teşehhüt mukdary oturmakdyr. Teşehhüt mukdary tahyýýaty okaljak wagt aralygydyr.
Namazda ikinji we dördünji rekagatdan soň, oturmaga – kada diýilýär. Üç ýa-da dört rekagatly namazlarda birinji oturyşa «ka’deýi u’la» diýilýär. Soňky oturyşa «ka’deýi ahyre» diýilýär. Ilkinji oturyş wajyp soňky oturyş farzdyr. Iki rekagat namazlarda birinji oturyş ýokdur.
Soňky oturyşda teşehhüt mukdary oturmagyň farz bolşy şu hadysa daýanýar:
Pygamberimiz Ibni Mesuda teşehhüdi öwreden wagty şeýle buýrupdyr
: «Muny aýdan ýa-da eden wagtyň namazyň tamamlanar», (Ebu Dawud Nesaýy).
 
Ýagny, tahyýýaty okan ýa-da oturan wagtyňdan soň namazyň tamamdyr.
Oturyş düzgüni:
Birinji, ýa-da soňky oturyşlarda çep aýagyň gapdala ýatyrylyp, üstünde oturylýar. Sag aýagyň bolsa dik tutulyp barmaklaryň kybla bakdyrylýar. Eliň barmaklary sähel açyk ýagdaýda uýluklaryň üstünde goýulýar, emma dyzlaryňy tutmaly däldir. Göwräni dik tutup, gujaga bakylýar.
Aýallar bolsa iki aýaklaryny hem sag gapdala ýatyryp üstünde oturmalydyr.
Ebu Hanife we Ebu Ýusufa görä, iki, üç ýa-da dört rekagatly namazyň soňunda oturman turulsa, ýene bir rekagat okalyp sejde edilse, bu namaz nafilä öwrülýär. Bu ýagdaýda bir rekagat ýene üstüne goşulyp, jübüt rekagata laýyklanýar we soňunda salam berilýär. Sahyh bolan görşe görä, sehiw sejdesini etmek gerek däl.
Ymam Muhammede görä bolsa, namazda soňky oturyş terk edilip, bir rekagat okalyp sejde edilen ýagdaýynda bu namaz bozulýar, nafile ornuna-da geçmeýär.
 
=== Tahyýýat ===
Tahyýýat – magraj gijesinde Allah bilen söýgüli Habibi – iň soňky pygamberi, hezreti Muhammediň (ﷺ) arasynda geçen gürrüňdeşlik bolup, ol sena, doga, selam we şahadat manylaryny öz içine alýan bir jümledir.
 
Manysy: Ähli dogalar, senalar, bedeni we maly ybadatlar Allaha degişlidir. Eý, Nebi! Allahyň salamy, rahmeti we bereketi saňa bolsun. Allahyň salamy bize we salyh gullara-da bolsun. Şaýatlyk edýärin, Allahdan başga ilah ýokdur we ýene şaýatlyk edýärin Muhammed (ﷺ) Allahyň guly we resulydyr.
 
=== Namazda ta’dili erkan ===
Ta’dili erkan namazyň rükünlerini, ýagny, kyýam, ruku’ we sejde ýaly her bir rüknüni howlukman doly berjaý etmek diýmekdir. Mysal üçin, ruku’dan turanyňda göwräň doly dikelmelidir. Iň azyndan bir gezek «Subhane rabbiýel-azym» diýerlik pursat dik durup, soň sejde edilmelidir. Her sejde arasynda hem bir tesbih mukdary durmalydyr. Ruku’dan doly dikelmän sejdä barmak, birinji sejdeden soň, doly oturmazdan ikinji sejdä gitmek ta’dili erkana tersdir.
 
Namazda ta’dili erkana dykgat etmek Ebu Ýusufa, Şafygy, Mäliki we Hanbeli mezheplerine görä, namazyň bir rüknüdir we farzdyr. Bu berjaý edilmedik ýagdaýynda namaz fasid bolar, ony täzeden okamalydyr. Ymam Agzam we Ymam Muhammede görä bolsa wajypdyr. Namazda ta’dili erkan doly berjaý edilmese, sehiw sejdesi gerekdir. Ýöne şeýle okalan namazy täzeden okamak has gowudyr. Şeýlelik bilen ihtilafdan hem halas bolunýar.
 
Bu mesele bilen baglanyşykly Pygamberimiziň sagadat asyrynda şeýle bir hadysa bolup geçýär. Ebu Hureýre gürrüň berýär
: «Resuly Ekrem mesjidiň bir gyrasynda otyrdy. Içerik bir adam girdi. Namazyny okady, salam berdi, gelip oturdy. Resulullah salamyny alandan soň oňa: «Git, namazyňy täzeden oka. Seniň okanyň namaz bolmady» diýdi. (Bu ýagdaý üç gezek gaýtalanýar.) Şol sebäpli Resulullah: «Namaz üçin turan wagtyň ilki doly taharet kyl, soň kybla bakyp tekbir al, soň Kurandan özüňe iň ýeňil düşýänini oka, soňra bedeniňi rahat saklap ruku’ et, soň göwräňi doly dikeldip, kyýamda dur, soň bedeniňi rahat saklap sejde et, soň rahat otur. Muny namazlaryň ählisinde berjaý et» (Muslim) diýdi. Pygamberimiziň namazda iň köp ähmiýet berýäni ruku’ we sejdedir».
Başga bir hadysda: «Ynsan namazyny gowy okap, ruku’ we sejdäni howlukman doly ýerine ýetirse, okan namazy oňa şeýle diýer: «Sen meni nähili goran bolsaň, Allah hem seni şeýle gorasyn», eger başdansowma okap, ruku’ we sejdäni nogsanly etse, onda şeýle diýer: «Sen meni nähili zaýa eden bolsaň, Allah hem seni şeýle etsin».
 
Başga bir hadysy şerifde namazda huzura we huşug’a ýetmek, ta’dili erkana görä okamak barada şu ölçeg nesihat edilýär
: «Namazy okanyňyzda hoşlaşýan ýaly, ýagny, iň soňky namazyňyzy okaýan ýaly, indiki namaza ömrüňiz ýetmejek ýaly okaň».
Musulman namazyny şu ruhda okasa, okan namazyndan, elbetde, uly huzur duýar, ruhy rahatlyk tapar.
Namazy nogsanly okaýan, ta’dili erkany berjaý etmeýän kişilere namaz ogrusy diýilýär. Ebu Said el-Hudri Resuly Ekrem Serwerimizden şu hadysy gürrüň berýär
: «– Ogrularyň arasynda iň erbedi namaz ogrusydyr.
– Bu nähili bolýar, eý, Resulullah?
– Namaz ogrusy namazyň ruku’ny, sejdelerini kemter eder. Ol huşug bilen namaz okamaz», (Ahmet b. Hanbel).
 
=== Namazdan öz erkiň bilen çykmak ===
Namaz okaýan kişiniň öz ygtyýaryna bagly bir iş bilen namazdan çykmagy bir rükün bolany üçin farzdyr. Emma Ymam Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä farz däldir.
Şonuň üçin namazyň soňunda teşehhüt mukdary oturandan soň, bir tarapyna salam berse, gürlese, iýip-içse ittifak bilen namazy tamam bolar.
Pygamberimiz namazlaryny salam berip tamamlaýşy ýaly, salamyň farz däldigini görkezmek üçin teşehhütden soň, dürli amallara meşgul bolardy. Abdullah b. Amr b. Asyň (r.anhuma) habar beren bir hadysynda Resulullah şeýle diýipdir
: «Ymam namazyny bitirip oturanda gürlemezden öň tahareti bozulsa, namazy tamam bolar. Şeýle hem ymamyň yzynda duranlaryň-da namazy tamam bolar», (Tirmizi, Ebu Dawud, Ibni Mäje).
 
Ibni Abbasyň (r.anhuma) gürrüň beren şu hadysy hem muny goldaýar
: «Resulullah teşehhüt mukdary oturandan soň, ýüzüni bize tarap öwrüp, şeýle diýerdi: «Bir kişiniň teşehhüt mukdary oturandan soň, tahareti bozulsa, onuň namazy tamam bolýar», (Buhary, Nesaýy, Ibni Mäje, Ahmed b, Hanbel).
 
Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä, teşehhüt mukdary oturanyňdan soň ygtyýaryna bagly bolmadyk ýagdaýda tahareti bozulan kişiniň, namazy tamam bolýar. Ymamy Agzama görä, namaz tamam bolmaýar. Ol kişi derrew taharet kylyp, öz ygtyýary bilen namazdan çykmalydyr, ýogsa onuň namazy batyl bolar.
Soňky oturyşda teşehhüt mukdary oturanyňdan soň, öz ygtyýaryňa namazdan çykmankaň, namazyň wagty çyksa, ýa-da başga namazyň wagty girse, Ymameýne görä namaz tamamdyr. Ebu Hanifä görä bolsa, kişi öz ygtyýary bilen namazdan çykmany üçin, namazy fasit bolar.
Şafygylara we mälikilere görä, soňky oturyşda namazdan çykmak üçin, birinji salamy bermek farzdyr. Bu birinji salam bilen namaz gutarýar. Hanbeliler bolsa iki tarapa hem salam bermegi farz saýýarlar. Olar bu meselede Pygamberimiziň şu hadysyna esaslanýar
: «Namazyň açary tämizlenmek, başlangyjy tekbir, ahyry salam bilendir», (Ebu Dawud, Tirmizi).
Hanefiler Resululahyň (ﷺ) namazda teşehhüt mukdary oturandan soň salam bermän jemagata tarap öwrülip gürlemek ýaly başga işler bilen namazyny gutarandygyny bildirendigi barada rowaýatlara esaslanyp salamy farz derejesinde görmändirler. Namazyň soňunda salam bermek wajypdyr, (Ibni Abidin, Zuhaýly, Ibnül Hümam).
 
== Namazyň wajyplary ==
Namazyň wajyplary farzlaryň üstüni ýetirýändir. Wajyplary amal etmek bilen nogsanlar aradan aýrylýar. Wajyplardan birini, ýa-da birnäçesini unudyp, terk edeniň üçin, namaz – sahyhdyr – bozulmaz. Ýöne sogaby nogsanly bolar. Bu nogsany aýyrmak üçin namazyň soňunda sehiw sejdesi edilýär. Netijede namaz tamam bolýar, sogaby hem egsilmeýär. Eger wajyplar bilgeşleýin terk edilse, bu tahrimen mekruhdyr. Şeýle namazy täzeden okanyň gowudyr. Bu ýagdaýda sehiw sejdesi namazy tamamlamaga ýeterlik däldir.
 
Namazyň wajyplary şulardyr:
# Namaza Allahu ākbär sözi bilen başlamak. Iftitah tekbiri üçin Allah diýmek ýeterlikdir.
# Namazlarda Fatihaýy şerifäni okamak. Beýleki üç mezhepde Fatiha okamak farzdyr.
# Fatihadan soň gysga bir sure, ýa-da şoňa deňeçer üç sany gysga aýat, ýa-da uzyn bir aýat okamak. Muňa zammy sura diýilýär. Zammy sura farz namazlarynyň diňe ilkinji iki rekagatynda okalýar. Witr we nafile namazlarynda bolsa, ähli rekagatlarda Fatihadan soň zammy sura okamak wajypdyr. Çünki, nafile namazlarynyň her iki rekagaty öz başyna bir namaz saýylýar. Pygamberimiz: «Fatihasyz we suresiz okalan hiç bir farz ýa-da nafile namazy kanagatlanarlyk däldir» buýrupdyr, (Tirmizi, Ahmed b. Hanbel). Beýleki mezheplerde zammy sura sünnetdir.
# Fatihany zammy sureden öň okamak.
# Namazyň rükünlerini tertibe laýyklykda berjaý etmek, az ýa-da artyk etmezlik.
# Sejdede maňlaýyň bilen birlikde burnuňy ýere degirmek.
# Üç ýa-da dört rekagatly namazlarda birinji oturyşy etmek.
# Üç ýa-da dört rekagatly farz namazlary bilen Witr we öýle namazynyň ilkinji sünnetinde ikinji rekagatdan soň tahyýýaty okap, göni üçünji rekagata turmak wajypdyr. Tahyýýatdan soň bir rükün eda etjek pursat ara beren kişä sehiw sejdesini etmek gerekdir. Çünki, teşehhüdi uzaltmak bilen farz gijikdirilýär. Bir rükün eda etjek pursat bolsa «Allahumme salli ala Muhammed» diýmäge ýeterlik pursatdyr.
# Namazlaryň ilkinji we soňky oturyşlarynda tahyýýaty okamak.
# Namazyň wajyplaryndan her birini ýerli-erinde doly berjaý etmek. Olar terk edilmeli ýa-da gijikdirilmeli däldir. Farzlary-da gijikdirmezlik wajypdyr. Meselem, kyýamda Kuran okap bolanyňdan soň eglenmän göni ruku’a egilmelidir. Eglenilse farz bolan ruku’ gijikdirildigi bolar. Şonuň üçin farzlar gijikdirilse, wajyp terk edilse, ýa-da gijikdirilse, sehiw sejdesini etmek gerekdir.
# Özbaşdak namaz okaýan kişiniň öýle we ikindi namazlarynda hafi (içinden) okamagy wajypdyr. Gündiz okaljak nafile namazlarda hem kyraet hafi okalýar. Ertir, agşam, ýassy we gije okalýan nafile namazlary bolsa jehri (sesli) okalsa-da bolýar.
# Jemagat bilen okalan namazlardan ertir, baýram, juma, terawyh we Witr namazlarynyň her rekagatynda, agşam we ýassy namazlarynyň ilkinji iki rekagatynda ymamyň jehri, beýlekilerde bolsa hafi kyraet etmegi wajypdyr.
# Ymama uýan kişiniň Fatiha we sura okaman durmagy, ymamy diňlemegi wajypdyr. Ol diňe ruku’ aralaryndaky tesbih we dogalary öz başyna içinden okamalydyr.
# Ymamyň iftitah tekbirini sesli aýtmagy wajypdyr. Özbaşdak okaýanlar ýa-da ymama uýanlar içinden aýtmalydyr.
# Witr namazlarynda kunut dogasyny okamak we kunut tekbirini aýtmak. Jemagat bilen okalanda kunut dogalaryny hem ymam, hem jemagat içinden okamaly.
# Namazyň içiňden okalýan sejde aýatyndan soň, tilawet sejdesine barmak.
# Namazda ta’dili erkana riaýet etmek Ymamy Agzam we Ymam Muhammede görä wajypdyr.
# Baýram namazlarynda üç gezek zyýada tekbirlerini aýtmak wajypdyr. Baýram namazlarynyň ikinji rekagatyndaky ruku’ tekbiri hem wajypdyr.
# Namazlaryň soňunda ilki saga, soň sol tarapa öwrülip: «Es-selam» diýmek wajypdyr. Çünki, bu salam bilen namaz gutarýar. «Ās-sälämu aleýkum we rahmetullah» diýmek sünnetdir. Başga bir görşe görä, diňe sag tarapa salam bermek wajypdyr, sol tarapa salam bermek sünnetdir. Çünki, namazdan çykmak üçin diňe bir tarapyňa salam bermek ýeterlikdir. Şonuň üçin bir tarapyňa salam bereniňden soň, ymama-da uýulmaýar.
# Ýalňyşyp, ýa-da unudyp terk edilen wajyplardan soň, sehiw sejdesini etmek wajypdyr.
 
== Namazyň sünnetleri ==
Namazyň sünnetlerini berjaý eden kişi iň kämil manyda namaz okar we has köp sogap gazanyp, Pygamberimiziň şefagatyna ýeter. Çünki, sünnetler Pygambere bolan söýginiň bir alamatydyr. Namazyň wajyplary nähili farzlaryň üstüni ýetirýän bolsa, sünnetler hem wajyplaryň üstüni ýetirýär.
 
Namazyň sünnetlerini bilgeşleýin ýa-da unudyp terk etmek namazy bozmaz, beýle ýagdaýda sehiw sejdesi hem gerek bolmaz. Ýöne magnewi mahrumlyga sebäp bolar. Allah gorasyn! Sünnetleri äsgermezlik we inkär etmek, kişini imansyzlyga eltip biler. Çünki, sünnet diniň hökümlerinden we esaslaryndan biridir.
 
Namazdan öňki we namazyň içindäki sünnetler şulardyr:
# Bäş wagt namaz we juma namazy üçin azan aýtmak we kamat getirmek. Jemagat bolup okaljak kaza namazy üçin hem azan we kamat getirmek sünnetdir. Öýünde ýeke özi namaz okaýan erkek kişiler üçin azan we kamat mustahapdyr. Aýallara azan we kamat getirmek gerekmez.
# Namazda niýeti iftitah tekbirine ýakyn almak. Kalp bilen edilen niýeti dil bilen gaýtalamak.
# Iftitah tekbirini aýdanyňda elleriňi ýokaryk galdyrmak. Erkek kişiler elleriniň başam barmagyny gulaklarynyň ýumşak ýerine, aýallar bolsa barmaklarynyň ujuny omuzlarynyň deňine çenli ýetirip, barmaklaryny açyp, aýalaryny kybla öwrüp: «Allahu ākbär» diýýärler. Bu hereketi käbir alymlar towhyda yşarat diýip düşündirse, käbirleri dünýä işlerini arkada goýdum, bütin ruhum we bedenim bilen Allaha ýöneldim diýen yşaratyň bardygyny aýdýarlar. Hezreti Omaryň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz: «Namaza başlanyňda elleriňi götermek namazyň zynatydyr. Her götereniňde on sogap bardyr, ýagny, her barmaga bir sogap düşer» diýipdir. Bu hadysa esaslanyp, şafygylar we hanbeliler her ruku’a eglenlerinde we dikelenlerinde ellerini ýokaryk göterýärler.
# Iftitah tekbirinden soň elleriňi gowşurmak. Erkek kişiler göbekleriniň, aýallar bolsa, göwüsleriniň üstünde ellerini gowşurýarlar. Erkek kişiler çep eliniň goşarynyň daşyndan sag eliniň başam barmagy bilen külbikesini aýlap, galan üç barmagyny hem üstünde goýup, ellerini gowşurýarlar. Aýallar bolsa halka etmän, sag ellerini çep elleriniň üstünde goýýarlar.
# Eller gowşurylandan soň, Subhanekäni okamak, soň Fatihany başlamankaň e’uzü-besmele aýtmak. Beýleki rekagatlaryň başynda diňe besmele aýtmak sünnetdir.
# Subhanekäni we e’uzü-besmeläni hafi okamak. Zammy suräniň başynda besmele aýdylmaýar. Diňe Ymamy Muhammed hafi kyraet bilen okalan namazlarda Fatihadan soň, okaljak süräniň başynda besmele aýtmagy jaýyz görýär.
# Fatiha okalandan soň, içiňden «Ämin» diýmek sünnetdir.Ebu Hureýräniň gürrüň bermegine görä, Resulullah (ﷺ): «Ymam «Ämin» diýen wagty siz hem «Ämin» diýiň. Çünki, kimiň diýen «Ämini» melekleriň diýjek «Äminine» gabat gelse, onuň eden günäleri bagyşlanar» diýipdir.
# Ruku’a eglen wagtyň «Allahu ākbär» diýmek.
# Ruku’da üç gezek Subhäne Robbiýel-azym» diýmek. Bu bäş ýa-da ýedi gezek hem diýilýär.
# Ruku’dan dikeleniňde Semi’allahu limen hämide» diýmek.
# Munuň yzyndan «Robbenä lekel-hämd» diýmek.
# Kyýamda uzury ýok bolsa, aýaklarynyň arasyny dört barmak açmak. Çünki, bu ýagdaý huşu’a has ýakyndyr. Şafygylara görä, iki aýak arasy bir garyş çemesi açylýar.
# Ruku’da dyzlary tutanyňda barmaklaryň arasyny açmak. Aýallar ellerini dyzlaryna ýetirmeli däldir.
# Ruku’da dyzlary epmezlik, arkaňy, başyňy göni tutmak. Aýallar ruku’da dyzlaryny epip, çala egilmelidir.
# Sejdä baranyňda ýere ilki dyzyňy, soňra elleriňi, soňra ýüzüňi goýmak. Sejdeden galanyňda ilki ýüzüňi, soňra elleriňi, soňra dyzyňy ýerden götermek.
# Sejdä baranyňda we turanyňda «Allahu ākbär» diýmek. Ruku’a we sejdä barlanda we dikelinende getirilýän bu tekbirlere intikal (geçiş) tekbirleri diýilýär. Bulary öz ýerinde we wagtynda etmelidir. Meselem: sejdä baranyňdan soň, tekbir aýtmak dogry däldir.
# Sejdede ýüzüňi iki eliň arasynda goýmak. Eller ýüzden öňde ýa-da yzda bolmaly däldir. Eliň aýasy ýere doly degmelidir we barmaklaryň arasy bitişik bolmalydyr.
# Sejdede üç gezek «Subhäne Robbiýel-a’lä» diýmek. Muny bäş ýa-da ýedi gezek hem aýtmak bolýar.
# Sejdedekäň garnyňy uýlukdan, elleriňi göwräňden, goşaryňy ýerden daş saklamak. Aýallar bolsa sejdede goşarlaryny ýere degirýärler we tirseklerini göwrelerine ýakyn tutýarlar, garynlaryny hem uýluklaryna degirýärler.
# Birinji we soňky oturyşlarda sejde arasynda oturanyňda elleri kybla bakdyryp, uýluklaryň üstüne goýmak.
# Oturanlarynda sol aýagyňy ýatyryp, üstünde oturmak, sag aýagyňy barmaklaryny Kybla bakdyryp, dik saklamak. Aýallar iki aýagyny hem saga ýatyryp oturýarlar.
# Tahyýýaty içiňden okamak.
# Soňky oturyşda tahyýýatdan soň, salawatlary, Allahümmagfirli we Rabbenä ätinä dogalaryny okmak.
# Gaýry muekked sünnetleriň (ikindi we ýassynyň ilkinji sünnetleri ) birinji oturylyşynda tahyýýatdan soň salawatlary okamak. Terawyhda her oturyşda tahhyýat bilen salawatlar okalýar.
# Namazdan soň ýüzüňi ilki sag soňra sol egniňe öwrüp salam bermek. Ýeke özi namaz okaýan kişi salam berende, kiramen kätibin meleklerini göz öňünde tutýar. Jemagat bilen okaýanlar bolsa, melekleri, jemagaty we ymamy göz öňünde tutup, salam berýärler.
# Ymama soň ýetişen kişiniň okamadyk rekagatlaryny tamamlamak üçin ymamyň soluna salam bermegine garaşmagy.
# Öňi açyk meýidanda namaz okalanda sütre edinmek.
 
=== Namazda sütre edinmek ===
[[Sütre]] – öňi açyk ýerde namaz okaýan kişiniň öňünden geçenden penalanmak üçin goýýan bir zadydyr.
Sütre iň azyndan bir arşyn (68-70 sm.) beýiklikde bolmalydyr. Sütre agaç, sütün, taýak, oturgyç we ş.m. zatlar bolup biler. Hadysy şerifde bir ok hem bolsa, sütre goýulmagyny emr edilipdir. Eger-de taýagy ýere dikmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda uzynlygyna ýatyrmak hem bolýar. Eger sütre edere zat tapylmasa, namaz okaýan kişi öňüne uzynlygyna ýa-da ýaý görnüşinde bir çyzyk çekse-de bolýar. Eger ýere namazlyk ýazylsa, onda sütre goýulmasa-da bolýar. Çünki, ol ýere çyzylan çyzygyň ornuny tutup bilýär.
Erkek kişiler öňünden geçýäni habardar etmek üçin sesini gataldyp bilýär, ýa-da «Subhänalla(h)» diýse-de bolýar. Namaz okaýanyň öňünden geçilmegi onuň namazyna zyýan bermez, emma geçen kişi günäkär bolar.
Namaz jemagat bilen okalan ýagdaýynda diňe ymamyň öňüne sütre goýmak ýeterlikdir.
 
== Namazyň edepleri ==
# Namazda bedeni hem ruhy taýdan huzur we haş’etde bolmak. Hadysda: «Namazyň kämili diňe kalp huzury bilen okalanydyr» diýilýär. Şonuň üçin namazda huşug we huzur içinde bolan bir mukminiň ebedi sagadata we bagta ýetjegi Kurany Kerimde şeýle buşlanýar:<br>«Namazyny haş’et içinde okan mukmin felaha ýeter», (Mü’minun, 1-2).
# Namaza öňi açyk eşik bilen durmazlyk. Mümkin bolsa ilikleriňi ildirmek.
# Namaz okanyňda kyýamda sejde etjek ýeriňe, ruku’da aýaklaryňa, sejde-de burnuň ujuna, oturanyňda gujagyňa, salam bereniňde eginleriňe seretmek.
# Namazda üsgürmegi ýa-da sesli gägirmegi başardygyňça etmejek bolmaly.
# Namazda pallanyňda agzyňy tutmak hem adapdandyr. Pallamazlyk üçin dodaklaryňy dişlemeli, şonda-da başarmasaň, sag eliň arkasy bilen agzyň öňüni ýapmalydyr. Hadysy şerifde: «Allah asgyrmagy gowy görýär, pallamagy bolsa halaýan däldir. Mümkin boldugyça, namazda pallamajak bolmalydyr» diýilýär.
# Ruku’ we sejdede aýdylýan tesbihleri özbaşdak okanyňda üç gezekden köp aýtmak.
# Kamat getirilende «Haýýe alel-felah» diýlende ymam bilen birlikde ör turmaly. Ymam Züfere görä, «Häýýe älos-solä» diýlende ör turulmaly.
# «Kod komätis-solä» diýlende, ymamyň namaza başlamagy muedzini (azançy) tassyklamakdyr. Munuň bilen birlikde kamat gutarandan soň hem namaza başlansa zeleli ýokdur. Ymam Ebu Ýusuf bilen beýleki üç mezhep ymamyna görä, şeýle etmek has laýygydyr.
# Bir namazy okap gutaranyňdan soň, indiki namazy okamagy arzuw edip garaşmak.
# Namazdan soň tesbihleri aýtmak, jemagat bilen goşulyşyp doga etmek. Bulary terk etmezlik afzaldyr.
# Her namazdan soň Kuran okamak.
# Öýde, iş ýeriňde namazy kynçylyksyz okar ýaly çäreleri öňünden görmek.
 
== Namazyň mekruhlary ==
Namazyň wajyplaryndan islendik birini bilip berjaý etmezlik tahrimen mekruhdyr.
Sünnet ýa-da adabyndan birini etmezlik mekruh bolsa-da, harama ýakyn däldir.
: '''Namazyň mekruhlary:'''
# Namazda bedeniň ýa-da eşigiň bilen güýmenmek. Salkynlamak maksady bilen ýelpenmek.
# Taharetiň gyssaýan, ýa-da nahar taýýar wagty namaza durmak. Çünki, bular kalp we ünsüňi böler.
# Namazda barmaklaryňy şyrkyldatmak ýa-da oýnamak. Pygamberimiz: «Mesjitdekäňiz barmaklaryňyzy bir-biriniň içinden geçirmäň. Çünki, şeýle hereket şeýtandandyr. Musulman kişi mesjitden çykýança namazdadyr» diýipdir, (Şewkany).
# Namazda pallamak, gerinmek.
# Göwräňi kybladan öwürmän ýüzüňi gapdalyňa sowmak. Göwre kybladan öwrülse namaz bozular.
# Erkek kişileriň sejde eden wagty gollaryny ýere degirmegi.
# Sejdä eglen wagtyň öňüňden ýa-da arkaňdan eşigiňi çekmek.
# Hapa ýa-da başganyň ýanynda görnüp bolmajak eşik bilen namaza durmak. Öýde geýilýän eşikler bilen namaz okamak jaýyzdyr.
# Köýnegiň ýeňini çermäp namaza durmak.
# Kyraeti doly gutarman ruku’a egilmek.
# Ikinji rekagatda ilkinji rekagatda okan süräň ýa-da aýatyň öňündäki süräni ýa-da aýaty okamak.
# Birinji we ikinji rekagatda okan iki suräniň arasynda diňe bir sura goýup geçmek. Mysal üçin birinji rekagatda Fil suresini, ikinji rekagatda Maun suresini okamak. Arada diňe Kureýş suresi galýar. Kerahatdan gutulmak üçin, eger yzly-yzyna okamajak bolsaň, arada iň azyndan iki sura goýulmalydyr.
# Her namazyň birinji rekagaty ikinjiden, üçünji rekagaty dördünjiden uzyn bolmalydyr.
# Iki rekagatda-da şol bir süräni gaýtalamak. Eger bilýäniň ýeke sura bolsa, mekruh bolmaz. Nafile namazlarda şol bir suräni gaýtalamakda kerahat ýokdur.
# Namazda gözüňi ýummak ýa-da asmana dikmek. Ýöne huşuga zyýan ýetirjek, ünsüňi böljek bir zady görmejek bolup gözleriňi ýummak seretmekden ýagşydyr.
# Namazda gaşanmak, deriňi sylmak. Eger-de bulary etmeseň, pikiriň bölünjek bolsa jaýyzdyr. Bir rekagatda üç gezek şol bir hereketi gaýtalamak amaly kesir saýylýar. Bu bolsa namazy bozýar.
# Janly zadyň suratyna tarap sejde etmek. Janly zadyň suratynyň namaz okaýan ýeriňde bolmagy. Ebu Talhanyň Pygamberimizden gürrüň bermegine görä: «Melekler içinde it ýa-da surat we heýkel bolan öýe girmez», (Buhary, Muslim, Ebu Dawud). Eger-de surat namaza duranyň ünsüni bölmejek derejede kiçi bolsa zyýany ýokdur. Şeýle hem ýadygärlik uly suratlary kybla tarapdan asmaly däldir.
# Ýüzünde janly zadyň suraty bolan eşikli namaza durmak.
# Bir uzur ýokka, sejde edeniňde diňe maňlaýyňy degrip oňmak.
# Gatnawly ýolda, gonamçylykda, hammamda, hapa dökülen ýerde, haýwanyň damagynyň çalnan ýerinde (mezbahada), mal agyllarynda, Käbäniň üstünde namaza durmak. Hanefilere görä, gonamçylykda mazar arka tarapyňda bolsa, namaz okamak mekruh däldir.
# Mesjitde öň hatarda ýer barka, yzky hatarda durmak.
# Ýanyp duran oda tarap bakyp namaz okamak. Şeme, çyra bakyp namaz okamakda kerahat ýokdur.
# Başyňy örtere zat barka-da, ýaltalyk edip örtmedik ýagdaýyňda başyň açyk namaz okamak. Namazda başyňa geýen gabyň üstünden selle oramak sünnetdir. Pygamberimiz: «Selleli okalan namaz sellesiz okalan namazdan ýetmiş esse sogaplydyr» (Taj) diýipdir. Käbir alymlara görä, başyň gaply namaz okamak hem selläniň ýerini tutýar.
# Namazyň içindäki aýatlary, ruku’ we sejdelerde okalýan tesbihleri el bilen sanamak.
# Öňüňden adam geçjek ýerde namaza durup, sütre goýmazlyk.
# Sejdä baranyňda uzursyz halda elleriňi dyzlaryňdan öňürti ýerde goýmak, turanyňda hem dyzlaryňy elleriňden öňürti ýerden galdyrmak, ýa-da elleriňe direnip turmak.
# Ruku’ we sejdede tesbihleri üçden az aýtmak.
# Zerurlyk ýokka, eliňe ýa-da arkaňa çaga alyp namaza durmak.
# Zerurlyk ýokka, erkek kişileriň ýüpek eşikli namaz okamagy. Ýüpek namazlygyň üstünde namaz okamak bolýar.
# Ýeke aýagyňa direnip, beýleki aýagyňy boş saklap namaz okamak ýa-da bir aýagyňy ýerden ýokaryk galdyrmak.
 
==== Namazda mekruh bolmaýan zatlar ====
# Ýüzi suratly matanyň üstünde namaza durulsa, surat aýagyň aşagynda bolup, sejde ýerine düşmese;
# Namazda ýylan, içýan öldürmek; Emma bu iş amaly kesirdir, eger göwre kybladan öwrülse namaz bozulýar.
# Ýüzüňi öwürmän, gözüň bilen saga-sola seretmek;
# Meýdanda namaz okan wagtyň sejde etjek ýeriňden ünsüňi sowjak zatlary aýyrmak.
 
== Namazy bozýan zatlar ==
Namazyň rükünlerinden ýa-da şertlerinden biri kem bolan ýagdaýynda namaz bozulýar.
Rükünleriň we şertleriň kemliginden başga-da, saklanylmaly käbir hereketler bardyr:
# Namazda gürlemek; isle ýalňyşyp, isle unudyp, isle uklap, az-u-köp her hili gürlemek;
# Namazda iýip-içmek; künji dänesi ýaly sähelçe zat hem bolsa agza salyp ýuwutmak; dişleriň arasynda galan nohut ululygyndaky nahar galyndysyny ýuwutmak; sakgyç çeýnemek;
# Özüň eşitjek derejede gülmek. Ýanyňdakylar eşitjek derejede gülmek namaz bilen birlikde tahareti hem bozýar. Ýöne ýylgyrmakdan namaza hem, taharete hem zyýan ýetmez.
# Göwräňi kybladan öwürmek.
# Namazdakaň başganyň salamyny almak ýa-da salam bermek. Ýalňyşyp edilse zyýany ýok.
# Namazda amaly kesir etmek. Mysal üçin, darak bilen saçyňy daramak.
# Üsgüresiň gelmese-de, zor edip üsgürmek, ardynjyramak;
# Birine jogap maksady bilen aýat okamak.
# Teýemmümli kişi namaz okap durka, suwuň tapylmagy.
# Ertir namazyny okap durkaň Günüň dogmagy. Käbir alymlara görä, Günüň dogmagy bilen namaz bozulmaz-da nafilä öwrüler. Ertir namazy kaza galar. Ymam Şafyga görä, ertir namazy okalyp durka, Gün dogsa-da, okalan namaz sahyhdyr, fasid bolmaz.
# Mesiniň üstüne edilen meshiň möhletiniň gutarmagy.
# Erkek bilen aýalyň bir sapda arada boşluk goýman ýa-da aýalyň öňde durmagy; Erkek bilen aýalyň bir hatarda durup şol bir namazy okamaklary ýa-da ikisiniň-de bir ymama uýmaklary diňe erkek kişiniň namazyny bozýar. Bir hatarda durup, aýalyň erkege uýan halynda ikisiniň-de namazy bozulýar.
# Namazda zammy süräni Kuranyň ýüzünden okamak.
# Ymama uýan bir kişiniň namazyň rüknüni ymamdan öň etmegi. Meselem, ymamdan öň ruku’a egilmek.
# Namazda taharetiň bozulmagy.
# Namaz gutarmanka salam bermek. Dört rekagatly namazda bilmän iki rekagatdyr öýdüp birinji oturyşyň soňunda salam beren kişiniň namazy bozulýar. Mysal üçin, ýassynyň farzyny terawyh, öýläniň farzyny juma ýa-da ertir namazydyr öýdüp salam bermek ýaly. Ýöne namazyň dört rekagatlydygyny we haýsy namazdygyny bilseň hem ýalňyşyp birinji oturyşda salam berseň namazyň bozulmaz. Bu ýagdaýda salamdan soň amaly kesir etmän, ýa-da gürlemän namazyň yzyny okap tamamlamalydyr. Gijikdirendigiň sebäpli soňunda sehiw sejdesini etmelisiň.
# Aýatyň ýalňyş okalyp, manysynyň bozulmagy. Muňa zelletul kari ýagny, okaýyşda hata etmek diýilýär.
 
=== Zelletul kari ===
Namazda kyraet edeniňde her rekagatda okalýan Fatiha suresi we yzyndan goşulýan suredir aýatlar gowy bilinmeli we ünsli okalmalydyr.
Kuran okanyňda dürli sebäp bilen ýalňyşlyk goýberilip bilner.
Bu ýalňyşlyklara fykyh dilinde «zelletul kari» diýilýär.
Arap dilini bilmeýänler harplary aýtmakda we herekede hata goýberip biler.
Şonuň üçin alymlar okaýyşda goýberilýän ýalňyşlyklaryň kyraet şertiniň ýerine ýetirilişine, we namazyň dürslügine täsir edýändigi üçin käbir düzgünler goýupdyr.
Bu düzgünler manynyň bozulmazlygyny, üýtgedilen sözüň Kuranda bolup-bolmaýandygyny, şeýle hem arapça bilmeýänleriň dil bilmezlikden goýberýän ýalňyşlyklaryny göz öňünde tutýar.
: '''Goýberilýän ýalňyşlyklar:'''
# Namazyň rükünlerinden biri bolan kyraet berjaý edilende, Kurany Kerimiň bir sözi bilgeşleýin üýtgedilip, netijede many bozulsa, namaz hem bozulýar. Eger bilgeşleýin edilmän, ýalňyşylsa, üýtgedilen söz Kuranyň sözlerinden bolup, many üýtgemese, namaz bozulmaýar. Emma many üýtgese, ýa-da şol söz Kuranda ýok bolsa, namaz bozulýar.
# Bir harpyň ýerine başga harp okamak. Meselem, «sin» we «sad» harpy ýaly, mahraçlary (aýdylyşy) biri-birine ýakyn harplar çalşyrylsa, namaz bozulmaýar. «Allahus-somed» ýerine «Allahüs-semed» , «Allahu āhäd» ýerine «Allahu ahat» diýmek ýaly. Emma bular bilgeşleýin çalşyrylsa, namaz bozulýar. Mahraçlaryny tapawutlandyrmak ýeňil harplaryň ýerini çalyşmak namazy bozýar.
# Mahraçlary biri-birine ýakyn bolsa-da, aýtmagy kyn bolan harplaryň bulaşdyrylmasy, fakyhlaryň aglabasyna görä namazy bozmaýar. Meselem: «dat» harpynyň ýerine «dal» «zel» ýa-da «zy» harpynyň okalmagy.
# Teşditli harpy teşditsiz, ýa-da teşditsiz harpy teşditli, uzyn okalmaly ýerde gysga, gysga okalmaly ýerde uzyn, idgam edilmeli ýerde idgamsyz, ýa-da idgam edilmeli däl ýerde idgam edip okamak nama zy bozmaýar. Mysal üçin: «Iýýäke» sözüni teşditsiz «Iýäke» okamak.
# Sözüň bir bölegini unutmak, ýa-da demi ýetmezlik, ýa-da düwünmek sebäpli bölünip okalsa, many üýtgese-de namaz bozulmaz. Çünki, munda zerurlyk bardyr. Mysal üçin: «el...» diýip duranyňdan soň «hamdu» diýmek, ýa-da başga söze geçip gitmek.
# Eger aýatda bir harp goşulsa, many üýtgese namaz bozulýar. Meselem: «Allahu ākbär» sözüniň başyna «elif» harpyny goşup , »Allahu ākbär» uzaldyp okalsa, many bozulýar. Eger «elif» harpy goşulyp, uzaldylsa «Allah beýikmi?» diýen many çykýar.
# Many bozulmaýan ýagdaýynda sözleriň ýerini çalyşmak namazy bozmaýar.
# Uly ýalňyşlyk goýberilip, soň ol düzedilip okalsa namaz dürsdür. Ýöne düzedilmese, many üýtgese, namaz bozulýar.
# Kyraet wagtynda birnäçe aýaty okaman geçmek namazy bozmaýar.
# I’rap taýyndan edilen ýalňyşlyklar, ýagny, harplaryň herekeleriniň üýtgedilmegi manyny üýtgetse-de, namazy bozmaýar. Çünki, arap dilini bilmeýän köp kişi muny anyklap bilmeýär. Emma arap dilini bilýän biriniň goýberen ýalňyşy manyny üýtgetse, namaz bozulýar. Mysal üçin: «Ibrahime» sözüni «Ibrahimu» «Rabbuhu» sözüni «Rabbehu» diýip okamak.
# Bir sözüň soňky harpyny beýleki söze birikdirmek namazy bozmaýar. «Iýýäke na’budu» ýerine «Iýýä kena’budu» diýmek. Ýöne muny etmejek bolmalydyr.
# Rahmet aýatyny azap aýaty bilen bitirmek, ýa-da tersine azap aýatyny rahmet aýaty bilen bitirmek, namazy bozýar.
# Sakaw adamyň harplary aýdyp bilmezligi namazyna zyýan bermez. Ýöne, ýagdaýyny düzetmäge gaýrat etmelidir.
# Allah Tagalany magtaýan bir söz başga öwgüli söz bilen üýtgedilse, namaz bozulmaz. Şonda-da beýle etmek jaýyz görülmeýär.
Şafygy we Hanbelilere görä, Fatihadan başga okaýyşlarda bilgeşleýin hata edilmese, namaz bozulmaz. Ýöne Fatihany ýalňyşsyz öwrenip okamak hökmandyr.
 
== Ertir namazynyň düzgüni ==
[[Ertir namazy]] iki rekagat sünnet we iki rekagat farz bolup jemi dört rekagatdan ybaratdyr. Ilki sünnet okalýar. Munuň okalyşy şeýledir:
: Namazyň şertleriniň hemmesi doly berjaý edilenden soň, kybla bakyp ertir namazynyň sünnetini okamaga kalpdan niýet edilýär. Içiňden: «Allahyň ryzalygy üçin şu günki ertir namazynyň sünnetini okamaga niýet etdim» diýmek bolar.
Niýet esasy ýürekden edilmelisi farz. Niýet bilen tekbiriň arasyna başga pikir girmeli däl.
Mundan soň elleriň gulaklaryň deňine çenli galdyrylyp başam barmaklar gulagyň ýumşak ýerine degirilýär.
Günde okalýan 5 wagt namazda niýet edilenden soň aýdylýan tekbirden başga tekbirlerde eller ýokary göterilmeýär.
Eliň aýasy kybla bakdyrylyp barmaklaryň açyk ýagdaýynda '''«Allahu ākbär»''' diýip, iftitah tekbiri aýdylýar.
Aýallar bolsa ellerini eginleriniň deňine çenli galdyryp tekbir edýär.
Tekbirden soň, erkek kişiler göbekleriniň üstünden aýallar bolsa göwüsleriniň üstünde gol gowşurýar.
Mundan soň içinden «Subhäneke» okalýar.
: «Subhäneke-Allahumme we bihämdik we tebärokesmuk we te-a’lä jedduk we lä ilähe goaýruk».
Onuň yzyndan içinden
# «Āu’zu billähi mineş-şetonir-roji:m»
# «[[﷽|Bismillä:hir-roahmä:nir-roahi:m]]»
 
aýdyp, «[[äl-Fätihä|Fatiha]]» okalyp,
[[File:001_Fatiha.ogg|thumb|Fatiha]]
içiňden «Ämin» diýilýär.
 
Fatihanyň yzyndan zammy (''bir uzyn [[aýat]] ýa-da bir gysga [[sura]]'') sura okalýar.
Namazda zammy suranyň öňünde «Bismillä...» aýdylmaýar.
Şeýlelikde, namazyň kyýam we kyraet rükünleri tamam bolýar.
 
Kyraet gutarandan soň eller aşak goýberilip, «Allahu ākbär» diýlip, [[ruku]]’a egnilýär.
Elleri dyzçanagy üstünde goýlup (erkekler gysyp saklap) durulýar.
Erkekleriň arkasy bilen kellesi ýer bilen parallel, ýagny stol ýaly tekiz edilýär.
Zenanlar bolsa aralyk egilmeli, ýagny azyrak.
Ruku’da üç gezek «Subhäne Roabbiýel-azym» diýilýär.
(Iň azyndan 5 sekunt eglip durmaly, ýagny derrew okamaly däl.)
 
Ruku’dan «Semi-Allahu limen hämide(h)» diýlip dogrulynýar (eger imama uýulan bolsa diňe imam aýdýar).
Dik durup «Roabbenä lekel hämd» diýilýär (eger imama uýulan bolsa diňe uýan adamlar aýtmaly).
Soňra «Allahu ākbär» diýlip sejdä gidilýär. Imama uýan adam diňe imamdan soň içinden tekbir aýtýar.
Sejdede üç gezek «Subhäne Roabbiýel a’lä» diýilýär.
(Iň azyndan 5 sekunt bolmaly, ýagny derrew okamaly däl.)
«Allahu ākbär» diýip sejdeden dikelip, «Subhänalla» diýer salym oturylýar.
Bu oturuşda göwräň doly dikelmeli, ýagny göwräň dikelmän ýene seždä gitmeli däl.
(Iň azyndan 2 sekunt oturmaly.)
Soňra ýene «Allahu ākbär» diýlip ikinji sejde edilýär.
Ikinji sejdäniň tesbihleri aýdylandan soň, «Allahu ākbär» diýip, dik durulýar.
Şeýlelikde, birinji rekagat tamamlanyp, ikinji rekagata başlanylýar.
 
Ikinji rekagatda diňe «Bismillä:hir-roahmä:nir-roahi:m» aýdylyp, «Fatiha» we zammy sura okalýar.
Ýokarda (görkezilişi) aýdylşy ýaly ruku’ we sejdeler edilýär, ikinji sejdeden soň oturylýar we tahyýýat:
 
: «Ättähiýýätu lillähi wossoläwätu wottoýýibät.
Äs-sälämu aleýke äýýuhennebiýýu we rohmetullahi we berokätu.
Ās-sälämu a’leýnä we a’lä i’bädillähys-solihin.
Äşhädu äl-lä: ilähä illalla.
We äşhädu än-nä Muhämmädän a’bduhu we rosulu».
 
salawat:
 
# Allahumme solli a’lä Muhämmädin we a’lä äli Muhämmäd. Kemä solleýte a’lä Ibrohime we a’lä äli Ibrohim. Innäkä hämidun mejid».
# Allahumme bärik a’lä Muhämmädin we a’lä äli Muhämmäd. Kemä bäroktä a’lä Ibrohime we a’lä äli Ibrohim. Innäkä hämidun mejid».
 
[[Allahummagfirli]]ni okamaly:
: Alla:hummagfirli: weli wälideýýe weli ustä:zi: weli jemi:yl-mukmini:ne wel-mukminä:t wel-muslimi:ne wel-muslimä:t.
El-ahýä-i minhum wel-emwä:t.
Robbenä: ä:tinä: fid-dunýä: häsänetew-we fil-a:hiroti häsänetew-we kynä: aza:ben-nä:r.
Birohmetike ýä: Erhämer-Ro:himi:n.
 
Mundan soň sag we çep egniňe:
: «Ās-sälämu aleýkum we roahmetulla» diýip salam berilýär.
Şeýlelik bilen ertir namazynyň sünneti tamam bolýar.
Ertir namazynyň sünnetinde kyraet, tekbir we tesbihler içiňden okalýar.
 
Ertir namazynyň farzy hem edil sünneti ýaly okalýar. Ýöne ilki kamat getirilýär (aýallar kamat getirmezler), soň niýet edilende «Şu günki ertir namazynyň farzyny okamaga» diýip niýet edilýär. Ertir namazynyň farzynyň kyraetlerini jemagat bilen okanyň sesli okalýar. Ýeke bolanyňda hem sesli okasaň bolýar.
 
== Öýle namazynyň okalyş düzgüni ==
[[Öýle namazy]] dört rekagat ilki sünnet, dört rekagat farz we iki rekagat soňky sünnet bolup jemi on rekagatdan ybaratdyr. Ilki dört rekagat sünnet okalýar.
Sünneti okamak üçin ilki ýokarda görkezişimiz ýaly niýet edilýär. Soňra edil ertir namazynyň sünneti ýaly iki rekagat okalýar. Oturylanda diňe tahyýýat okalýar. «Allahu ākbär» diýip üçünži rekagata turulýar. Üçünji we dördünji rekagatlar hem edil birinji we ikinji rekagatlar ýaly okalýar. Ýöne üçünji rekagatda «Fatihadan» öň diňe «besmele» aýdylýar. «Subhaneke» we «e’uzü» okalmaz. Mundan soň soňky oturylyşa oturylýar, tahyýýat bilen birlikde salawat we dogalar okalyp salam berilýär. Şeýlelikde, öýle namazynyň ilkinji dört rekagat sünneti tamam bolýar.
Öýläniň farzy hem sünneti ýalydyr. Ýöne niýet edilende öýläniň farzyna diýip niýet edilýär. Şeýle hem üçünji we dördünji rekagatlarda diňe «Fatiha» okalýar, zammy sura okalmaýar. Bu diňe öýläniň farzynda däl-de, farz namazlarynyň ählisinde şeýledir.
Öýläniň soň sünneti hem edil ertiriň sünneti ýaly okalýar. Ýöne niýet edilende öýläniň soňky sünnetine diýip niýet edilýär.
Öýläniň sünnetlerinde, farzynda kyraet hafi okalýar.
== Ikindi namazynyň okalyş düzgüni ==
[[Ikindi namazy]] dört sünnet we dört farz bolup, jemi sekiz rekagatdyr. Ilki sünneti okalýar. Ikindi namazynyň sünnetini okamak ýurdumyzda beýle meşhur däldir.
Ikindi namazynyň sünnetini okamak üçin ilki niýet edilýär, soňra edil öýle namazynyň sünneti ýaly okalýar. Ýöne ikinji rekagatyň soňundaky birinji oturylyşda öýläniň sünnetinde diňe tahyýýat okalýan bolsa, ikindiniň sünnetinde salawatlar hem okalýar. Üçünji rekagatda-da namaza täzeden başlaýan ýaly, ilki «Subhaneke» okap, «e’uzü-besmele» aýdylýar we Fatiha bilen zammy sura okalýar. Dördünji rekagatda hem Fatiha bilen zammy sura okalýar. Şeýlelikde, ikindi namazynyň sünneti tamamlanýar.
Ikindiniň farzy öýläniň farzy ýalydyr, diňe niýet üýtgeşikdir. Ikindi hem öýle ýaly hafi (içiňden) okalýar.
 
== Agşam namazynyň okalyş düzgüni ==
[[Agşam namazy]] üç farz, iki sünnetden ybaratdyr. Farz ilki okalýar. Ilki bilen agşamyň farzyna niýet edilip namaza durulýar. Ilki iki rekagaty beýleki namazlaryň farzlary ýaly okalandan soň oturylýar. Diňe tahyýýat okalyp, üçünji rekagata turulýar. Üçünji rekagatda bolsa, diňe Fatiha okalyp, ruku’, sejde edilip, soňky oturylyşa oturylýar. Soňra tahyýýat, salawat we dogalar okalyp salam berilýär.
Farzdan soň, sünnete niýet edilip, edil ertir namazynyň sünneti ýaly okalýar.
Agşam namazynyň farzy, ertir namazynyň farzy ýaly sesli okalýar.
 
== Ýassy namazynyň okalyş düzgüni ==
[[Ýassy namazy]] dört sünnet, dört farz, iki soňky sünnet we üç Witr bolup, jemi 13 rekagatdan ybaratdyr.
Ýassynyň ilki dört sünnetine niýet edilip edil ikindiniň sünneti ýaly okalýar, ýagny ilkinji oturylyşda tahyýýatdan soň salawatlar hem okalýar. Ýassynyň bu ilki dört rekagat sünneti Türkmenistanda meşhur däldir.
Ýassynyň farzynyň okalyşy bolsa, öýle we ikindiniň farzy ýalydyr. Diňe niýet edilende ýassynyň farzyna niýet edilýär. Şeýle hem ýassy namazy jehri (sesli) okalýar.
Ýassynyň soňky sünnetiniň okalyşy hem agşam namazynyň sünnetiniňki ýalydyr. Munda hem diňe niýet edilende, ýassynyň soňky sünnetine niýet edilýär.
Biziň ýurdumyzda ýassynyň soňky sünnetini dört rekagat okamak meşhurdyr. Eger dört rekagat okaljak bolsa, ikindiniň sünneti ýaly okalýar.
 
== Witr namazynyň okalyşy ==
[[Witr]] namazy ilki niýet edilýär, birinji we ikinji rekagatlar edil ertir namazynyň sünneti ýaly okalýar. Ikinji rekagatyň soňunda oturylýar we tahyýýat okalyp, üçünji rekagata turulýar. Üçünji rekagatda «besmele» aýdylyp, Fatiha we zammy sura okalýar. Soňra ruku’a egilmän eller gullaklara ýetirilip tekbir alynýar. Soňra ýene gollaryňy gowşuryp kunut dogalary okalýar. Kunut dogalaryny okanyňdan soň, ruku’ we sejde edilip oturylýar. Soňra tahyýýat, salawat we dogalar okalandan soň salam berilýär.
Kunut dogasyny bilmeýän kişi, ony ýat tutýança, «Rabbenä ätinäni» ýa-da üç gezek «Allahummagfirli», diýip biler ýa-da üç gezek «Ýa, Rabbi» diýmek hem jaýyzdyr.
Witr namazy diňe remezan aýynda jemagat bilen okalýar. Ymam namazy jehri okadýar. Diňe kunut dogasyny her kim içinden okaýar. Remezan aýyndan başga günlerde Witri jemagat bilen okamak mekruhdyr.
Witrden başga namazlarda kunut dogasy okalmaýar. Diňe bir musybata, betbagtçylyga ýa-da bela uçralan hallarda ertir namazynyň farzynda kunut dogasy okalyp bilner.
Ymam Mälik we Ymam Şafyga görä, ertir namazynyň farzynda hemişe ruku’dan soň kyýamda kunut dogasy okalýar. Bu mälikilere görä mustahap, şafygylarda bolsa sünnetdir.
Ertir namazynda kunut dogasyny okaýan mäliki ýa-da şafygy ymama uýan bir hanefi hiç zat okaman durar. Eger okajak bolsa, içinden okar.
 
=== [[Kunut]] dogalary ===
: '''Arapçasy'''
# {{ar2|اَللَّهُمَّ اِنَّا نَسْتَعِنُكَ وَنَسْتَغْفِرُكَ وَنَسْتَهْدِيكَ، وَنُؤْمِنُ نِكَ وَنَتَوبُ اِلَيْكَ، وَنَتَوَكَّلُ عَلَيْكَ وَنُثْنِى عَلَيْكَ الخَيْرَكُلَّهُ نَشْكُرُكَ وَلاَ نَكْفُرُكَ وَنَخْلَعُ وَنَتْرُكُ مَنْ يَفْجُرُكَ}}
# {{ar2|اَللَّهُمَّ اِيَّاكَ نَعْبُدُ وَلَكَ نُصَلِّى وَنَسْجُدُ وَاِلَيْكَ نَسْعِى وَنَحْفِدُ نَرْجُو رَحْمَتَكَ وَنَحْشَى عَذَابَكَ اِنَّ عَذَابَكَ بِالْكُفَّارِ مُلْحِقٌ}}<hr>
: '''Terjimesi'''
# Allahym! Biz Senden bize ýardam bermegiňi, bizi bagyşlap ýalkamagyňy, bize hidaýet bermegiňi dileýäris. Saňa iman edýäris. Toba edýäris. Saňa töwekgül edip, bil baglaýarys. Seni hemişe ýagşy duýgular bilen ýatlaýarys. Saňa şükür edýäris. Seni inkär etmeýäris. Saňa isýan edýänler bilen baglanyşygymyzy keseris.
# Allahym! Biz diňe Saňa ybadat edýäris. Seniň razylygyň üçin namaz okap, sejde edýäris. Seniň rahmetiňe gowuşmak üçin gaýrat edýäris. Seniň rahmetiňi tama edip, azabyňdan gorkýarys. Seniň azabyň käfirlere hökman ýeter.
 
== Sehiw sejdesi ==
Sehiw sejdesi namazda farzlaryň gijikdirilmegi, wajyplardan biriniň undulyp terk edilmegi ýa-da gijikdirilmegi sebäpli, şol ýalňyşy düzetmek maksady bilen namazyň soňunda edilýän sejdedir. Sehiw sejdesi wajypdyr.
Sehiw sejdesi iň soňky oturyşda, tahyýýat okalandan soň, ymam diňe sag tarapyna, özbaşdak ýeke özi okaýan kişi bolsa, iki tarapyna-da salam berip, «Allahu ākbär» diýip, soňra iki gezek sejde etmeli. Sejdeden soň täzeden tahyýýat, salawat we beýleki dogalary okap, iki egniňe salam berilýär. Netijede, sehiw sejdesi berjaý bolýar.
Namaz okaýan kişi salam berenden soň ýalňyşandygyny bilse, ýüzüni kybladan öwürmedik, gürlemedik bolsa, sehiw sejdesini etmelidir. Ýöne ýerinden turup, ýüzüni kybladan öwren ýa gürlän bolsa, sehiw sejdesi edilmez. Namaz sahyhdyr, diňe sehiw sejdesi edilmändigi üçin sogaby azalar.
 
=== Şu ýagdaýlarda sehiw sejdesi gerekdir ===
# Fatihadan soň zammy süräni okaman ruku’a gitmek. Eger-de ruku’da ýadyna düşse dikelip, zammy süräni okap, soň gaýtadan ruku’a gitmeli, namazyň soňunda sehiw sejdesini etmelidir.
# Unudyp Fatihany iki gezek okamak;
# Witr namazynda tekbiri we kunut dogasyny unutmak; Ruku’daka ýadyňa düşse, dikelip kunut dogasyny okamak gerek däl, diňe soňunda sehiw sejdesini etmek ýeterlikdir.
# Dört rekagatly namazda iki rekagaty okanyňdan soň, oturman göni üçünji rekagata başlamak, ýagny, birinji oturyşy terk etmek. Bu ýagdaýda: eger namaz okaýan kişi doly ýerinden turan bolsa, ýa-da turmaga ýakyn bolsa, oturmaz. Namazy gutarandan soň, sehiw sejdesini eder. Eger oturmaga ýakyn ýagdaýda bolsa oturar, soňunda sehiw sejdesini etmez. Doly turanyňdan soň, täzeden oturmak namazy bozýar.
# Birinji oturyşda tahyýýaty okanyňdan soň, «Allahumme salli ala Muhammed» diýseň sehiw sejdesi gerekdir. Käbirlerine görä bolsa munuň üstüne «we ala äli Muhammed» sözi aýdylmasa sehiw seždesi gerek däl. Ymam Agzama görä bolsa birinji oturyşda tahyýaty okanyňdan soň bir harp hem artyk aýdylsa sehiw seždesi edilmelidir. Käbirleri bolsa bir rükün eda etjek wagt aralygy gijikdirmeseň sehiw seždesi gerek däldir, dürs bolany hem şudur diýip belläpdirler.
# Dört rekagatly farz namazlarda soňky rekagatda oturman bäşinji rekagata turulsa, bäşinji rekagatyň kyýam, kyraet we ruku’sy tamalanyp sejde edilmedik bolsa täzeden oturylýar. Tahyýýatdan soň salam berlip sehiw sejdesi edilýär. Çünki bu ýagdaýda farz bolan soňky oturylyş gijikdirilen hasaplanýar. Ýöne bäşinji rekagatda sejde edilen bolsa, bu namaz nafilä öwrülýär, üstüne ýene bir rekagat goşup, alty rekagatlyk nafile namazy okaldygy bolýar. Soňunda sehiw sejdesi edilmeýär. Bu Ebu Ýusuf we Ymamy Agzama görä şeýledir. Ymam Muhammede görä bolsa, bäşinji rekagatyň sejdesinden başyňy galdyran ýagdaýyňda namaz batyl bolýar.
# Dört rekagatly farz namazynyň soňky oturyşynda teşehhütden soň ýerinden turan kişi, göni oturyp iki egnine salam berýär. Täzeden tahyýýat okamagy gerekmez. Çünki, ol farz bolan oturyşy ýerine ýetirendir. Emma wajyp bolan salam gijikdirileni üçin sehiw sejdesi gerekdir.
# Dört rekagatly farz namazynyň soňky oturyşynda salam bermän ýalňyşyp ýeriňden tursaň, derrew oturylyp salam berilýär we sehiw sejdesi edilýär. Ýöne bäşinji rekagat üçin sejdä gidilen bolsa, ýene bir rekagat goşulýar. Bu ýagdaýda öňki dört rekagat bilen farz tamam bolýar. Beýleki iki rekagat bolsa nafile saýylýar. Çünki, farz bolan soňky oturyş ýerinde berjaý edilendir. Agşam namazynda ikinji oturyşdan soň, dördünji rekagata, ertir namazynda bolsa, üçünji rekagata turlanda hem höküm edil ýokardaky ýalydyr.
# Ymama soňundan ýetişen kişi özbaşdak okan rekagatlarynda hata etse, şol hatalary üçin sehiw sejdesini etmelidir.
# Ymam daşyndan okamagy wajyp bolan ýerde içinden, içinden okamagy wajyp bolan ýerde-de daşyndan okasa, mysal üçin, öýle namazynda Fatiha we zammy süräni daşyndan, agşam namazynda-da içinden okasa sehiw sejdesi gerekdir.
# Içiňden okamaly ýerinde Fatihanyň köpüsi ýalňyşylyp daşyňdan okalsa, galany içiňden okalýar. Tersine, daşyňdan okamaly bir namazda Fatihanyň bir bölegi içiňden okalsa, soň daşyňdan okamalydygy ýatlanylsa, Fatiha täzeden başlanyp, daşyňdan okalýar. Ýöne käbir garaýyşa görä, Fatiha täzeden okalmaz-da, diňe galany daşyňdan okalýar. Ymam ertir namazynda Fatiha suresini ýalňyşyp içinden okasa, soň ýalňyşandygyny bilse, zammy süräni daşyndan okaýar, ýöne Fatihany täzeden okamaýar.
# Namazy üçmi ýa-da dört rekagat okandygyňa şübhelenseň, ýa-da Fatiha okanyňdan soň haýsy aýat ýa-da suräni okajakdygyň barada bir rükün eda etjek möhlet oýlansaň, sehiw sejdesini etmek gerekdir. Çünki, wajyp gijikdirilen bolýar.
# Ta’dili erkan terk edilse, sehiw sejdesi gerekdir.
# Namazda sehiw sejdesi gerek bolan birnäçe hata edilse-de, bir sehiw sejdesi edilýär.
# Bir namazyň rekagatlarynyň sanyna şübhe etmek, eger-de namaz okaýan kişi was-wasly adam däl bolsa, okalan namazy bozýar we namaz täzeden okalýar. Şeýle hem, wagt barka namazy okap-okamandygy barada şübhe eden hem şol namazyny täzeden okamaly. Namazy okap tamamlanyňdan soň, rekagat sanynda şübhe etmek ýerliksizdir, muňa ähmiýet berilmeýär. Ýöne kem okandygyňy anyk bilýän bolsaň, namazy täzeden okamalydyr.
 
== Namazdan soň okalýan tesbihler we dogalaryň adaby ==
=== [[Tesbih]]ler ===
Namazdan soň ymamyň we jemagatyň üç gezek:
: '''«Ästagfirullahel-azym, äl-kerim älläzi lä ilähe illähul-hoýýul koýýumu we etubu ileýh»''' diýmekleri sünnetdir.
: (Manysy: Azym we Kerim bolan Allaha istigfar edýärin. Çünki, Ondan başga ilah ýokdur. Ol Haýý we Kaýýumdyr. Oňa toba edýärin).
 
Jemagat bilen ýa-da ýeke özi bolsun tapawudy ýok, istigfardan soň:
: '''«Allahumme entesselämu we minkes-selam. Tebärokte ýä zeljeläli wel ikrom»''' diýilýär.
: (Manysy: Allahym! Sen ähli nogsanlardan amansyň, salamatlyk Sendendir. Eý, azamat we kerem eýesi Seniň ynaýetiň we bereketiň soňsuzdyr)
 
Şundan soň:
'''«Subhänalla(h)i wĀlhämdulillähi we-Lä ilähä illallahu wAllahu ākbär.
Welä hawle welä kuwwete illä billähil aliýýul azym»''' diýilýär.
(Manysy: Allahy tesbih edýärin. Allaha hamd edýärin. Allahdan başga ilah ýokdur. Allah iň beýikdir. Güýç we kuwwat diňe Belent we Azym bolan Allaha mahsusdyr)
 
Her kim '''e’uzi-besmele''' aýdyp, [[Aýatul-Kursi]]ni okaýar.
 
Hadysy şerifde
: «Her kim bäş wagt namazdan soň Aýatul-Kursini okasa, ony jennete girmekden diňe ölüm saklar» diýlipdir.
Soňra, islän kişi [[äl-Ihlas|Yhlas]], [[äl-Feläk|Felak]] we [[än-Näs|Näs]] surelerini hem okap biler.
Mundan soň 33 gezek '''Subhänalla(h)''', 33 gezek '''Ālhämdulilläh''', 33 gezek '''Allahu ākbär''' diýer.
Tesbihleri barmaklar bilen sanamak sünnetdir. Pygamberimiz barmaklary bilen sanapdyr. Ýöne tesbih ulanmak hem jaýyzdyr. Sahabalardan daş sanap tesbih edenler hem bolupdyr. Ebu Hureýre hezretleriniň hem düwünli ýüplügi bar eken. Ýöne barmaklar bilen sanamak tesbih bilen sanamakdan afzaldyr.
Mundan soň: «Lä ilähä illallahu wahdehu lä şerike leh, lehul mulku we lehul hämdu we huwe a’lä kulli şeý-in kodir. Subhäne Robbiýel a’lel wehhab» diýilýär.
(Manysy: Allahdan başga ilah ýokdur. Ol ýeke-täkdir, şärigi hem ýokdur. Mülk Onuňkydyr. Hamd diňe Oňa laýykdyr. Ol her bir zada Kadyrdyr)
Soňra eller döşüň deňine galdyrylyp, doga edilýär. Dogada umuman özi we musulman doganlary üçin dünýä we ahyret haýyrlary dileg edilýär. Dogalaryň iň fazyletlisi Pygamberimiziň eden dogalarydyr. Bulardan birini Sa’d b. Ebi Wakgas şeýle rowaýat edýär
: «Resullullah her namazyň yzyndan şu dogalar bilen Allaha sygnardy:
«Allahym! Bahyllykdan sakla diýip, Saňa sygynýaryn. Gorkaklykdan daş et diýip, Saňa sygynýaryn. Garrylykda mätäç etme diýip, Saňa sygynýaryn. Dünýä pitnesinden gora diýip, Saňa sygynýaryn. Gabyr azabyndan hem goramagyňy diläp, Saňa sygynýaryn».
Doga edilenden soň eliň bilen ýüz mesh edilýär. Bu sünnetdir. Eger el galdyrylman doga edilse, ýüz mesh edilmeýär. Ýüzi mesh etmegiň hikmeti: bereketiň özüňe gelmegi, belanyň dep bolmagyny tama etmekdir.
 
=== Doganyň adaby ===
Doga Allaha hamd we Resulyna salatu-salam bilen başlanýar we soňy ýene «Ālhämdulillä(h)» diýip tamamlanýar. Çünki, Allah şeýle buýurýar
: «Jennetde mukminleriň dogalarynyň soňy «Ālhämdulillähi Robbil 'älemin» sözüdir, (Ýunus, 10).
Şonuň üçin dogalarymyzyň soňunda şu aýaty Kerime okalýar
: «Seniň yzzatly bolan Rabbiň olaryň ýöňkeýänlerinden münezzehdir – daşdadyr. Ähli pygamberlere salam bolsun. Älemleriň Rabbi bolan Allaha hamd bolsun», (Saffat, 180-182).
Namaz tesbihatynyň ähmiýetine degişli Ebu Hureýreden rowaýat edilen bir hadysa görä Pygamberimiz şeýle ündäpdir
: «Kim her namazyň yzyndan 33 gezek Allahy tesbih etse, 33 gezek Allaha hamd etse, 33 gezek Allahy tekbir etse bularyň sany togsan dokuz bolar. Ondan soň bolsa: «Lä ilähä illallahu wahdehu lä şerike leh. Lehul-mulku we lehul-hämdu we huwe alä kulli şeý-in kodir» diýse, günäleri deňziň köpügiçe bolsa-da bagyşlanar», (Muslim).
Ebu Said el-Hudriden rowaýat edilen başga bir hadysda bolsa şeýle aýdylýar. Pygamberimiz
: – Allah Tagalanyň razylygyny gazanmaga wesile boljak amallary köp ediň – diýdi. Ashaby Kiram
: – Bu amallar haýsylardyr? – diýip soranda, Serwerimiz
: – «Allahu ākbär», «Lä ilähä illalla(h)», «Subhänalla(h)», «Ālhämdulillä(h)», «Lä hawle we lä kuwwete illä billäh» sözleri aýtmakdyr – diýip jogap beripdir, (Hakim «Mustadrek»).
 
== Namaz barada aýatlar ==
: «Olar (takwalar) gaýyba ynanýarlar, namaz okaýarlar we Biziň özlerine beren rysgalymyzdan (Alla ýolunda) haýyr sahawat edýärler.» (Bakara, 3)
: «Sabyr etmek we namazy berjaý etmek bilen (Alladan) kömek soraň! Takyk (sabyr we namaz), Alladan gorkýanlardan beýlekiler üçin uly (agyr) işdir.» (Bakara, 45)
: «Biz (bir wagt) ysraýyl ogullaryndan olaryň diňe Alla ybadat etjekdikleri, eneata, ýakyn dogan-garyndaşa, ýetimlere, misginlere ýagşylyk etjekdikleri barada ähti-peýman alypdyk. (Olara): «Ynsanlara (diňe) ýagşy söz sözläň, namazy doly berjaý ediň, zekat beriň» diýip emir edipdik. Soň, diňe az sanlyňyzdan galanyňyz, (bu wadadan) ýüz öwrüp, dändiňiz.» (Bakara, 83)
: «Siz namazy berjaý ediň we zekat beriň! Özüňiz üçin öňünden näme haýyr (iberseňiz), onuň (sogabyny) Allanyň ýanynda taparsyňyz. Takyk, Alla siziň edýän işleriňizi görüp durandyr.» (Bakara, 110)
: «(Eý, Muhammed!) Nireden (ýola) çyksaň hem, (namazda) ýüzüňi Mesjidi Harama (Käbä) tarap öwür! (Eý, mukminler!) (Siz) nirede bolsaňyz hem, ýüzüňizi oňa (Käbä) tarap öwrüň! Goý, ynsanlaryň arasyndaky zalymlardan galanlar üçin (siziň garşyňyza) delil bolmasyn. Siziň dogry ýoly tapmagyňyz üçin we Meniň hem size nygmatymy doly bererim ýaly, siz olardan däl, diňe Menden gorkuň! » (Bakara, 150)
: «Namazlary, aýratyn hem orta (ikindi) namazy (doly) berjaý ediň! Alla tagzym (etmek) bilen (namazy) dogry berjaý ediň!» (Bakara, 238)
: «Iman getirenlerden ýagşy işleri edip, namazy berjaý edip, zekat berýänlere özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda sylaglar bardyr. Olara gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar.» (Bakara, 277)
: «Eý, iman getirenler! Serhoş bolup, we näme diýýäniňizi bilýänçäňiz namaza golaýlaşmaň!...» (Nisa, 43)
: «Eý, iman getirenler! Namaz (okamak) üçin turanyňyzda, ýüzleriňizi we tirsekleriňize çenli elleriňizi ýuwuň, başlaryňyza mesh ediň we iki topuklaryňyza çenli aýaklaryňyzy ýuwuň! Eger ini hapa bolsaňyz, (gowy edip) ýuwnuň! Eger hassa ýa-da ýolagçy bolsaňyz, ýa-da siziň biriňiz aýak ýolundan gelen bolsa, ýa-da siz aýallaryňyza ýanaşan bolsaňyz we (ýuwnar ýaly) suw tapmasaňyz, päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň! (Ýagny) ýüzleriňize we (iki tirsegiňize çenli) elleriňize mesh ediň! Alla size kynçylyk döretmek islemeýär, emma sizi (günälerden) päklemek we (diniň hökümlerini beýan edip) Öz nygmatyny size doly bermek isleýär. (Bular) siziň (Alla) şükür etmegiňiz üçindir. » (Maide, 6)
: «Şeýtan arak (şerap) we humar arkaly siziň araňyza duşmançylyk we kine salmak, siziň Allany ýatlamagyňyza we namaz (okamagyňyza) päsgel bermek isleýär. Siz (bu zatlardan) dändiňiz dälmi eýsem?!» (Maide, 91)
: «Eý‚ Adam ogullary! Her (namaz wagty) metjide (gideniňizde) tämiz we gelşikli geýimleriňizi geýiň‚ iýiň‚ içiň, ýöne isrip etmäň! Çünki Alla isrip edýänleri düýbünden halamaz. » (Araf, 31)
: «Allanyň metjitlerini diňe Alla we ahyrete iman getiren, namazy doly berjaý edýän‚ zekat berýän we Alladan başgadan gorkmýan mukminler bina ederler. Ine‚ olar dogry (hak) ýola ýetmäge umydygärdirler.» (Toba, 18)
: «Mukmin erkekler bilen mukmin zenanlar biri-birleriniň hemaýatkärleridir. Olar ýagşylygy ündärler‚ ýamanlykdan saklarlar, namazy bolmalysy ýaly berjaý edip‚ zekatyny berip‚ Alla we Onuň ilçisine boýun bolarlar, ine‚ Alla olary Öz rahmetine gowuşdyrar. Çünki Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir. » (Toba, 71)
: «(Eý, Muhammed!) Iman getiren bendelerime aýt: «Aluw-satuw we dostluk-ýakynlyk bolmaýan gün gelmezden öň namazy doly okasynlar, gizlin we äşgär halda olara beren rysgalymyzdan (Allanyň razylygyny gazanmak üçin) sarp etsinler. » (Ybraýym, 31)
: «Men Özümden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyryn. Onda sen Maňa ybadat et we Meni ýatlamak üçin namaz oka!» (Taha, 14)
: «(Eý, Muhammed!) sen olaryň aýdýan zatlaryna sabyr et we Gün dogmazyndan öň (ertir namazynda) we batmazdan öň (ikindi namazynda) Perwerdigäriňe hamdy-sena bilen tesbih aýt! Gijäniň käbir wagtlarynda (ýassy namazynda) we gündiziň iki ujunda-da (öýle we agşam namazlarynda) Allanyň razylygyny gazanmagyň üçin tesbih et.» (Taha, 130)
: «Olar Allanyň ady agzalanda ýürekleri galpyldaýanlardyr, başlaryna gelene sabyr edýänlerdir, namazy berjaý edýänlerdir we Biziň özlerine rysgal edip beren zatlarymyzdan (mätäçlere) sarp edýänlerdir. » (Hajj, 35)
: «Özüňize merhemet edilmegi üçin namazy berjaý ediň, zekat beriň we pygambere boýun boluň! » (Nur, 56)
: «(Eý, Muhammed!) Sen özüňe inderilen kitaby oka we namazy berjaý et! Takyk, namaz bozgaklykdan hem-de erbet işlerden saklaýandyr. Allanyň ady bolsa beýikdir! Alla siziň edýän işleriňizi (ýagşy) bilýändir. » (Ankebut, 45)
: «Olar namazy (yhlas bilen) berjaý edýän, zekat berýän we ahyret gününe berk ynanýan kişilerdir. » (Lukman, 4)
: «Olar özleriniň Perwerdigäriniň (çakylygyna) gulak asarlar we namazy doly okarlar. Olar (etjek) işlerini öz aralarynda geňeşip (maslahatlaşyp) ederler. Özlerine beren rysgalymyz (Allanyň ýolunda) sarp ederler.» (Şura, 38)
: «Eý, iman getirenler! Siz juma gününde (juma) namazyna çagyrylan badyňyza Allany ýatlamaga (namaza) howlugyň, söwda-satyk (işleriňizi) taşlaň! Eger biler bolsaňyz, bu siziň üçin (has) haýyrlydyr!» (Juma, 9)
: «Okan namazlaryndan özleri gapyl bolanlaryň (namazy wagtynda okamaýanlaryň) waý hallaryna! » (Mägun, 4-5)
 
== Namaz barada hadyslar ==
# «Namaz mukminiň magrajydyr»
# «Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek bolar»
# Pygamberimiz: -Biriňiziň gapyňyzyň öňünden bir derýa akyp ýatsa we her gün bäş gezek şol derýada ýuwnan ynsanda, heý, kir-hapa galarmy? - diýip sorady. Sahaba: -Ýok galmaz, -diýip, jogap berdi. Bu jogapdan soň Resululla: -Bäş wagt namaz hem şonuň ýalydyr. Suwuň kiri ýuwup aýryşy ýaly, namaz hem günäni ýuwar - diýip, namazyň ähmiýetini nygtady.
: «Namaz diniň diregidir
: «Şübhesiz, meniň ymmatym kyýamat gününde täret yzlary sebäpli ýüzleri nurly, elleri we aýaklary ýalpyldaýan bolup çagyryljakdyrlar. Ýüzüniň nuruny köpeltmäge güýji ýeten köpeltsin.»
: «Iki salkynlyk namazyny, ýagny ertir we ikindi namazyny kylanlar Jennete girjekdirler»
: «Jemagat bilen kylynan namaz, ýeke özüň kylan namazyňdan ýigrimi ýedi dereje beýikdir.»
: «Gün dogmaňka we batmazdan öň namaz kylan Jehenneme girmez.»
: «Namazyň dindäki ýeri, kelläniň göwredäki ýeri ýalydyr.»
: «Kyýamat güni gul, ilki bilen namazy üçin hasaba çekiler. Namazy düzüg bolsa, beýleki amallary hem düzüg boljakdyr. Namazy düzüg bolmasa, beýleki amallary hem düzüg bolmaz.»
: «Kişi bilen küfüriň arasynda namazyň terki bardyr.»
: «Jennetiň açary namazdyr, namazyň hem açary täretdir.»
 
== Salgylanmalar ==