Oraza: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: ''''Oraza''' ({{lang-fa|روزه}}), '''sowm''' ({{lang-ar|صَوْم}}) sözleri bilen aňladylýar. «Sawm» sözi arapçada: «Bir zatdan daş durmak, özüňi saklamak, böwet bolmak» manylarynda ulanylýar.
Fikh taýyndan oraza imsak wagtyndan iftar wagtyna çenli ýagny, fejri sadykdan (daň atmazynyň öň ýany) başlap, tä Gün ýaşýança aralykda hiç zat iýmän-içmän, jynsy gatnaşyk etmän, öz nebsiňi saklamak diýmekdir.
«Imsak» sözi...'
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme

Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Setir 80:
Haýz we nifäs halyndaky aýalyň oraza tutmagy haramdyr, eger tutsa orazasy kabul däldir. Bu ýagdaýdaky aýal tutmadyk orazasyny arassa günleri kaza etmeli, namazyny bolsa, kaza etmeli däldir.
Ertir namazynyň wagtyndan öň arassalanan aýal ertir namazynyň wagty girenden soň ýuwunsa, şol günüň orazasyny tutmalydyr.
Jünüplik we ihtilam (ukuda iniň hapalanmagy) bolmak, orazanyň syhhatyna zyýan ýetirmez. Selällikden öň jynsy gatnaşykda bolup, gusul almaga ýetişip bilmedik kişi selälikden soň ýuwnup orazasyny tutmaly. Şeýle hem gündiz ukudaka ini hapalananyň orazasy bozulmaýar.
==== Niýet ====
Islendik oraza üçin kalbyňda niýet etmek ýeterlikdir. Oraza üçin selällige turmak hem niýetdir. Niýetiň dil bilen aýdylmagy mendupdyr.
Orazalar niýet ediljek wagty taýyndan iki görnüşe bölünýär:

==== a) Gijeden niýet edilmegi we bellenmegi şert bolan oraza ====
Bular: remezan orazasynyň kazasy, başlanan nafile orazasynyň kazasy, her hili keffaret orazalar we mutlak nezir, ýagny, güni anyk edilmedik nezir oraza.
Şeýle görnüşdäki orazalara gije ýa-da ikinji fejriň başlarynda niýet edilmegi şertdir. Şeýle hem bu orazalaryň haýsydygy niýetde anyk edilmelidir. Bularyň islendigi üçin fejirden soň niýet edilse ýa-da bulardan haýsysynyň tutuljagy anyk belli edilmese, bu oraza sahyh bolmaz. Çünki, bu orazalary tutmak üçin belli bir gün ýokdur. Bularyň haýsy gün tutuljakdygy diňe niýet bilen anyk edilýär.
Beýleki tarapdan, agşamdan şeýle orazadan birini niýet edinen kişiniň selällige turmagy niýet ýerine geçer. Ýöne ikinji fejirden soň, niýet edip, oraza tutmak jaýyz däldir. Eger tutulsa nafile bolar.

==== b) Gijeden niýetlenmek we bellemek şerti ýok orazalar ====
Bular: remezan orazasy, güni anyk edilen nezir oraza we nafile orazalarydyr. Şeýle orazalara niýetiň wagty, Gün ýaşandan ertesi gün zewal wagtyna çenlidir. Bu wagt aralygynda niýet etmek bolýar. Ýöne Gün ýaşmazyndan öň, ýa-da istiwa wagtynda (Gün dik depedekä), ýa-da öýle wagtyndan agşama çenli aralykda hiç bir oraza niýet edilmeýär.
Istiwa wagtyna çenli aralykda niýet etmek üçin, ikinji fejirden soň iýmek-içmek ýaly orazany bozýan hallardan saklanmak gerekdir. Eger bilgeşleýin, ýa-da säwlik bilen orazany bozýan bir amal edilse, niýet etmek dürs däldir.
Zewaldan öň nafile orazasyny niýet etmegiň dürsdügini görkezýän hadysy şerifler bardyr: