Hajj: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Setir 1:
'''Häjj''' ({{lang-ar|حَجّ}} — ''niýet, ýönelmek we mübärek ýerleri zyýarat etmek''). Bu sözüň dini manysy Arafatda bellenilen wagtda, belli bir pursat garaşanyňdan soň, Käbeýi Muazzamany düzgüne görä togap etmek diýmekdir.
[[File:Zamzamwilltavaf.jpegjpg|thumb|210px]]
[[File:As_pilgrims_prepare_to_return_to_their_homes,_Saudi_authorities_begin_to_prep_for_next_year%27s_Hajj_-_Flickr_-_Al_Jazeera_English.jpg|thumb|210px]]
Haj ybadaty [[yslamyň bäş sütüni|yslamyň bäş esasyndan]] biri bolup, beden hem-de mal bilen berjaý edilýän ybadatdyr. Hijretiň dokuzynjy ýylynda farz edilipdir.
Line 18 ⟶ 19:
[[File:Mount_Arafat.jpg|thumb|210px]]
Saglyk we baýlyk taýyndan haj ybadatyny etmäge güýji ýetýän musulman üçin, ömründe bir gezek haj etmek farzdyr. Ol mümkinçilik tapan wagty gijikdirmän, bu farzy berjaý etmelidir. Ymamy Agzam, Ebu Ýusuf, Ymam Mälik we Ahmed b. Hanbel gerekli şertleri bolan kişiniň haj ybadatyny öňündäki ilkinji haj möwsüminde eda etmelidigini, gijikdirmegiň uly günädigini, hatda bu ybadaty uzak wagtlap gijikdireniň şaýatlygynyň kabul edilmejekdigini aýdypdyrlar. Bir kişiniň saglygy, pul ýagdaýy, wagt we ýol howpsuzlygy babatda hiç hili päsgelçiligi ýokka haja gitmek islemezligi, şol kişiniň imanynyň pesligine delil saýylypdyr. Ymam Şafygy we Ymam Muhammed bolsa, geljek ýyllaryň birinde haj farzyny amal etmäge niýet etmegi we eda şertleriniň elden giderilmegi ýaly bir endişe bolmadyk ýagdaýynda, haj ybadatyny gijikdirmegiň bolýandygyny aýdypdyr. Öý gurmak, ogul öýermek ýaly ýagdaýlar haj ybadatyny soňa goýmaga sebäp bolup biler. Muňa garamazdan, haj ybadatyny uzaklaşdyrman ilkinji mümkinçilikde amal edilmeginiň sünnete laýykdygyny belläpdirler.
 
[[File:Zamzamwill.jpeg|thumb|210px]]
Pygamberimiz bir hadysynda: «Haj zyýaratyna howlugyň. Çünki siz ölümiň haçan geljekdigini bilmersiňiz» diýipdir, (Ebu Dawud, Ibni Mäje, Ahmed b. Hanbel).
[[File:Al-Marwah.JPG|thumb|210px]]