Alla: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
uj 226970 wersiýasy Styyx (Çekişme) tarapyndan yzyna alyndy.
Bellik: Yza gaýtar Tersine Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
uj Andaathe (Çekişme) tarapyndan edilen özgerdişler Styyx tarapyndan redaktirlenen soňky wersiýasyna yzyna getirildi.
Bellik: Yza gaýdyp gelmek
Setir 3:
Arap bolmadyk [[musulman]]lar hem Hudaý sözüne derek Alla(h) sözüni ulanýarlar. Alla(h) barada [[Kuran]]da we [[sünnet]]de belli derejede maglumatlar bar, ýöne Allahy pikirlenip bilmek adamyň aňyna başartmaz. Yslam dinimiziň ynanç esaslaryna görä Allah ýaradan zatlarynyň hiçbirine meňzeýän däldir. Allahy ýaradylanlara meňzetmek [[şirk]]dir. (Towa gelinmedik halatynda Allahyň bagyşlamajak günälerine şirk diýilýär.)
Hanafi mezhebine görä, Allahyň özüni [[Kuran]] sypatlandyrşyna ynanmaly we şonuň özi bilen hiç bir zat bilen meňzeş (deň) däldigine hem ynanmaly. Gysgaça, aýdylanda bu hakda [[äl-Ihlas]] surasynda aýdylýar. Alladan başga birine doga bilen (kömege) çagyrmak [[şirk]].
 
Mysal üçin: Allah arşyň ýokarsynda ýa-da asmanyň üstünde, ýa-da Allah hemme ýerde, ýa-da Allah howa ýa-da ýagtylyk we ş.m.laryň hemmesi dört mezhebiň akydasyna tersdir.
 
[[Ebu Hanifa]] akyda ylmy hakda «[[Fikhul-äkbär]]» diýen kitabynda aýdyň düşündürişler görkezlen.
 
Ebu Hanifa: «Men bilmeýän Hudaý asmandamy ýa-da ýerdemi, diýýän [[kufr]]a düşýär.»
 
Ebu Hanifa «Allah nirede diýip sorasalar, Hudaý üçin ýer (mekan) ýok, öň Hudaýdan başga zat ýokdy, Hudaý hemme zady ýaradyjydyr.» Allahdan öň hiç zat ýokdy, boşluk hem dolulyk, ýerler, wagt.
 
Allahyň birligine ynsan düşünip biler, emma Onuň nähilidigini pikir edip bolmaz.
Ebu Hanifa: «Allahy jennetde ähli jennete girenler görer. Ýakyndan däl, daşdan däl, aşakda däl ýokarda däl, (ýagny Allahy görmek ýaradylany gören ýaly bolmaz.)»
 
Allah Özünden başga hemme ýaradylanlaryň patyşasydyr, olaryň üstunden hökümini öz isleýşi ýaly hikmet bilen dolandyrýandyr.
 
Allah hemme ýerde diýip ýa-da arşda diýip ynanýanlar [[wähäbi]]lerdir.
 
Dogry akydadakylar sahabalaryň, tabygynlaryň, tebitabygynlaryň akydasydyr. Ýagny, «Ähli sunnet wel jema'at».
 
== Kuran ==
<blockquote>Iň gözel atlar Allahyňkydyr‚ şeýle bolsa, bu atlar bilen Oňa dileg-doga ediň! Onuň ady babatda hakdan azaşanlary terk ediň! Olar edenleriniň jezasyny çekerler.