Keýt Blançet: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
File
 
Setir 1:
[[File:Cate Blanchett-0547 (cropped).jpg|thumb|Cate Blanchett, 2020]]
 
Katerina Elise Blançet 1969-njy ýylyň 14-nji Maýynda Awstraliýanyň Melburn şäherinde eneden doguldy. Ol heniz 10 ýaşyndaka kakasy Robert Blançet ýürekagyrysy tutup dünýeden ötýär. Jigsi Bob kompýuter inženeri bolupdyr, gyz jigsi Genevieve Blançet bolsa kostýum önümlerini öndiriji kärhanaçy bolupdyr. Genevieve Sahnalary düzgünleşdirýänçi hem bolup işläpdir. Keýt Blançet 1997-nji ýylda senarist Andrew Uptona durmuşa çykypdyr. Ondan iki çagasy bar. Soňra 2008-nji ýylda hem bir çagasy boldy[1]. Ol iki sapar Oskar baýragyna, üç sapar Bafta baýragyna we üç gezek Altyn baýragyna mynasyp bolan Awstraliýaly aktrisadyr. Kate Blançet Angliýanyň şazenany Elizabet I we Peter Jeksonyň «Ýüzükleriň patyşasy» (Galadriel bolup oýnady) filmlarda baş rollary ýerine ýetiripdir. Aýratynam Katerina Hepburnu janlandyran Martin Scorseseniň The Aviator (Gökleriň häkimi) filmde Iň gowy kömekçi zenan oýunçy Akademik adyny gazandy. Kate Blançet 1993-nji ýylda teatr sahnalarynda Geoffreý Ruşda at gazanan Dawid Mametiň Oleanna oýnunda Karol keşbini, 1994-1995-nji ýyllar aralygynda bolsa Ruş we Riçard Roksburg bilen başrollarda oýnap Neil Armfieldiň alyp baran B Kompaniýada Hamlet oýnunda Ophelianyň keşbini janlandyrýar. Blançetiň sinemada ilkinji roly Brus Beserfordyň ýöreden başrollarynda Glen Klose we Frnaçis MsDormandyň gatnaşmagyndaky Paradise Road kinosydyr. 1998-nji ýylda Ralph Fiennes bilen başrollary ýerine ýetiren Oscar and Luciana kinoda Lucinda Leplastrier rolyny ýerine ýetirip Awstraliýa film institustynda (Australian Film institute) örän gowy zenan oýunçy adyna mynasyp boldy. 1997-nji ýylda Enstitu Thank God He Met Lizzie kinoda hem meşhurlyk gazandy. 1998-nji ýylda Elizabeth filminde Elizabet I keşbini janlandyryp Oskar baýragyna mynasyp boldy. Şol ýyl Shakespeare in Love kinoda Gwyneth Paltrow aldy. Blançet bu kinoda hem meşhur bolýar. 2007-nji ýylda Bob Dylany janlandyran I m Not There filmi bilen Wenedik Film festiwalynda Volpi Cupy gazandy. 2013-nji ýylda Woody Alleniň gatnaşmagynda Blue Jasmine kinoda Jasminiň roluny ýerini ýetirdi we Oskar baýragyna mynasyp boldy. Piter Jeksonyň gatnaşmagynda düşürilen The Hobbit: An Unecpected Journey kinoda elf şazenany Galadrieli janlandyrýar. 2014-nji ýylda berilen Akademiýada Oskar baýragyny aldy[2].