Grünwald söweşi: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
'''Grünwald söweşi''' (Tannenberg söweşi, [[15 iýul]] [[1410]]) — [[Polşa]] bilen [[Beýik Litwa Knýazlygy|Beýik Litwa Knýazlygynyň]] [[Tewton ordeni|Tewton ordenine]] garşy alyp baran [[Beýik uruş|Beýik urşunyň]] ([[1409]]—[[1411]]) iň bir aýgytlaýjy söweşi. Söweş Tewton ordeniniň goşunynyň doly derbi-dagyn edilmegi bilen gutarypdyr. Ol [[Grünwald|Grünwaldyň]] we Tannenbergiň ([[Prussiýa]]) golaý-goltumynda bolup geçipdir, şonuň üçin hem şeýle atlandyrylypdyr.
 
[[Image:Grunwald_sowes.jpg|thumb|300px|right|Grünwald söweşi]]
 
== Garşylyklaýyn goşunlar ==
[[15 iýul]] [[1410]]-da ir säher bilen iki goşun [[Grünwald]], [[Tannenberg]] we [[Łodwigowo]] (Ludwigsdorf) obalarynyň arasyndaky meýdanda duşuşdy. Iki goşun hem gapma-garşy ýagdaýda ýerleşdi. Polýak-litwa goşuny Ludwigsdorf we Tannenberg obalarynyň öňünde ornaşýardy. Onuň çep ganatyny korol [[Ýagaýlo| Ýagaýlonyň]] [[Polşa|polýak]] goşunlary goraýardy. Ol aglaba agyr kawaleriýadan düzülendi. Soýuzdaş güýçleriň sag ganatyny bolsa, Beýik knýaz [[Beýik Witautas|Witautasyň]] goşuny saklaýardy. Ol esasan ýeňil kawaleriýadan ybaratdy. Sag ganatdaky otrýadlaryň arasynda [[Beýik Litwa Knýazlygy|Beýik Knýazlygyň]] ähli künjeginden gelen tuglar bardy, şeýle-de [[Jelaleddin han| Jelaleddin hanyň]] ýolbaşçylygyndaky [[tatar]] urşujylary, [[Alexandru cel Bun|Alexandru cel Bunuň]] ýollan [[Moldawiýa|moldowan]] [[ýeňil atly goşun]]y hem-de and ähtimal [[Serbiýa|serbler]]. [[Tewton ordeni|Tewton ordeniniň]] goşunlary bolsa esasan agyr kawaleriýadan we pyýada goşundan düzülendi.