Grünwald söweşi: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
ujGysgaça mazmuny ýok
Setir 2:
 
[[Image:Grunwald_sowes.jpg|thumb|300px|right|Grünwald söweşi]]
 
== Atlar we Ýerler ==
Söweş şol wagtlar [[Tewton ordeni]] tarapyndan dolandyrylýan, häzir bolsa [[Polşa]]da ýerleşýän [[Prussiýa]]daky [[Grünwald]] (litwaça: Žalgiris), [[Stębark]] (nemesçe: Tannenberg), we [[Łodwigowo]] (nemesçe: Ludwigsdorf) obalarynyň aralygyndaky düzlüklerde bolup geçdi. Şol döwürde bu ýere iň ýakyn ýerleşýän şäher Gilgenburgdy (1945den bäri: [[Dąbrówno]]). Köne ýazuw çeşmelerinde ''Žalgiris'' (litwaça ''žalia giria'') bilen ''Grünwald'' (nemesçe ''grüner Wald'') atlarynyň ikisi hem "Gök tokaý" diýlip terjime edilýär; bular gadymy ýazuw çeşmelerinde polýak dilinde ''Zielone Pole'' ("Gök meýdan"), we nemesçe, ''Grunenfelde'' ýa-da ''Grunefeld'' ("Gök meýdan") diýlip atlandyrylýar.
 
Söweşiň atlandyrylyşy:
[[Nemes halky|Nemesler]] tarapyndan ''Schlacht bei Tannenberg'' (''Tannenberg söweşi'')
[[Polýak halky|Polýaklar]] tarapyndan ''Bitwa pod Grunwaldem'' ('' Grünwald söweşi'')
[[Litwa halky|Litwalar]] tarapyndan ''Žalgirio mūšis'' (''Žalgiris söweşi'')
 
Söweşe goşulan beýleki halklar tarapyndan söweşiň atlandyrylyşy: [[Belorus halky|beloruslar]]: ''Гру́нвальдзкая бі́тва'', [[Ukrain halky|ukrainler]]: ''Ґрю́нвальдська би́тва'', [[Rus halky|ruslar]]: ''Грю́нвальдская би́тва'', [[Tatar halky|tatarlar]]: ''Grünwald suğışı'', [[Çeh halky|çehler]]: Bitva u Grunvaldu, [[Rumyn halky|rumynlar]]: Bătălia de la Grünwald.
 
 
== Garşylyklaýyn goşunlar ==
Line 8 ⟶ 19:
 
== Söweş ==
Söweş günortanlar [[Beýik Witautas|WitowtyňWitautasyň]] [[ýeňil atly goşun|ýeňil atly goşunynyň]] [[Tewton ordeni|tewton rysarlarynyň]] çep ganadyna hüjüm etmegi bilen başlandy. Hüjüme [[Artilleriýa|artilleriýa]] zalpy bilen gaýtawul berildi (ähtimal, meýdan artilleriýasynyň ilkinji we onçakly şowly bolmadyk ulanylyşy). [[Ýeňil atly goşun|Ýeňil atly goşunyň]] yzy bilen galan urşujylar hem söweşe girdiler. Olara indi toplaryň we ýaýçylaryň oklary howp salmaýardy. Muňa jogap edip [[Wallenrod|Wallenroduň]] agyr atly goşuny garşylyklaýyn hüjüme geçdi. Şonuň bilen bir wagtyň özünde birinji liniýanyň ilkinji [[Polşa|polýak]] goşuny hem-de [[Tewton ordeni|Ordeniň]] sag ganaty çaknyşyga goşuldy.
 
[[Litwa]] [[Atly goşun|atly goşuny]] tewton rysarlaryna garşylyk görkezip bilmän, bosga düşüp gaçyp ugrady. [[Wallenrod]] olaryň yzyndan kowalamaga başlan hem bolsa, Ordeniň agyr atly goşuny beýikli-pesli ýerlerde çalt hereket edip bilmedi. Bu bolsa, [[Beýik Witautas|Witautasa]] goşunyny täzeden toparlara bölmäge puryja berdi. Şol bir wagtda [[Wallenrod]] litwa-rus [[Pyýada goşun|pyýada goşunynyň]] güýçli gaýtawul bermegine duçar boldy. Bu polklara ýardam bermek üçin Witowt öz otrýadlaryny ugratdy. Bu ädim söweşiň gidişini üýtgetdi. Onuň üstesine-de, [[Lihtenşteýn|Lihtenşteýni]] gysyp çykaran polýak goşuny Wallenrody sag ganadyndan hem gabap başlady.