Grünwald söweşi: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
ujGysgaça mazmuny ýok
Setir 15:
 
== Garşylyklaýyn goşunlar ==
[[15 iýul]] [[1410]]-da ir säher bilen iki goşun [[Grünwald]], [[Tannenberg]] we [[Łodwigowo]] (Ludwigsdorf) obalarynyň arasyndaky meýdanda duşuşdy. Iki goşun hem gapma-garşy ýagdaýda ýerleşdi. Polýak-litwa goşuny Ludwigsdorf we Tannenberg obalarynyň öňünde ornaşýardy. Onuň çep ganatyny korol [[Wladislaw Ýagaýlo| Ýagaýlonyň]] [[Polşa|polýak]] goşunlary goraýardy. Ol aglaba agyr kawaleriýadan düzülendi. Soýuzdaş güýçleriň sag ganatyny bolsa, Beýik knýaz [[Beýik Witautas|Witautasyň]] goşuny saklaýardy. Ol esasan ýeňil kawaleriýadan ybaratdy. Sag ganatdaky otrýadlaryň hatarynda [[Beýik Litwa Knýazlygy|Beýik Knýazlygyň]] ähli künjeginden gelen tuglar, şeýle-de [[Jelaleddin han| Jelaleddin hanyň]] ýolbaşçylygyndaky [[tatar]] urşujylary, [[Alexandru cel Bun|Alexandru cel Bunuň]] ýollan [[Moldawiýa|moldowan]] [[ýeňil atly goşun]]y hem-de ähtimal [[Serbiýa|serbler]] bardy. [[Tewton ordeni|Tewton ordeniniň]] goşunlary bolsa esasan agyr kawaleriýadan we pyýada goşundan düzülendi.