Awiasiýa: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
ujGysgaça mazmuny ýok
ujGysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
[[Image:Swissa330.jpg|thumb|right|[[Airbus A330]]]]
'''Awiasiýa''' (latin dilinde ''avis'' - guş) - Ýeriň töweregindäki howa giňişliginde howadan agyr enjamlarda uçuş. 20 asyryň 60 ýyllarynda awiasiýada uçarlar, dikuçarlar we planýorlar ulanylýar. Awiasiýa graždan awiasiýa hem-de harby awiasiýa bölünýär. Graždan awiasiýasyna transport, sanitar, türgenleşik - sport awiasiýasy hem-de ýörite niýetlenen ( oba hojalyk awiasiýasy, aerofotosýomka, aragatnaşyk, geologiki razwedka, balyk promyselleriniň razwedkalary we ş.m.) awiasiýa girýär. Howa ýollary boýunça ýük daşamak we ýolagçylary regulýar gatnatmagy üpjün etmek üçin graždan awiasiýasynyň ygtyýarynda: turboreaktiw, tubowintli we wintomotorly uçarlaryň, dikuçarlaryň parky, uçuşlary üpjün edýän dolandyryş hyzmatlary hem-de radiotehnik, meteorologik, ýagtylyk tehniki serişdeleri; aerodromlar we aeroportlar bolýar.
<br>Rus alymy M. W. Lomonosow 1754 ýylda pružin bilen tow berilýän dikuçaryň modelini gurupdyr we şeýle enjamyň uçup biljekdigini praktikada subut edipdir. 1881 ýylda Russiýada deňiz ofiseri A. F. Možaýskiniň howada uçýan snarýad diýip atlandyran enjamy üçin patent berlipdir. 19 asyryň ahyrlarynda we 20 asyryň başynda öňde barýan döwletleriň alymlary awiasiýa barada köp sanly teoretiki hem eksperimental gözlegler geçirip başlaýarlar. Rus alymy prof. N. Ýe. Žukowskiý we onuň okuwçysy akad. S. A. :aplygin aerodinamika ylmynyň ösmegine aýgytly goşant goşýarlar. 1902 ýylda Moskwa döwlet uniwersitedinde Žukowskiniň inisiatiwasy boýunça Russiýada ilkinji gezek aerodinamik turba gurulýar. Amerikan mehanikleri doganlar U. we O. Raýt ilkinji bolup, uçara içinden ýandyrylýan dwigatel goýdular. 1903 ýylyň Bitaraplyk aýynyň 17-sine olaryň kerosin bilen işleýän dwigatelli uçarynyň ilkinji uçuşy üstünlikli geçdi. 1904 ýylda Moskwanyň eteginde - Kuçinoda aerodinamik institut döredildi.