Sirajeddin Jüzjany: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
 
ujGysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
'''ABU OMAR MINHAJETDIN OSMAN ibn Sirajetdin Jüzjany''' (eng:Abu Umar Minhaj al-Din Uthman bin Siraj-al-Din Juzjani) (takmynan 1193 ýylynda doglan) - orta asyr taryhçysy. Ol Eýranda doglupdyr. Ol Demirgazyk Owganystanda Gur soltanynyň köşgünde gulluk edipdir. Ol Nimruza (Seýistana) 2 gezek (1225-26) ilçi edilip iberilipdir. Ol 1226 ýylynda mongol basybalyjalaryndan gaçyp, Demirgazyk Hindistana gidipdir. Ol ýerde Sind häkimi Nasyretdin Kubaçä ony Firuza medresesine müdir edip (1227) belläpdir. Kubaçä hökümet başyndan aýrylandan soň, 1228 ýylynda ol Delä gidipdir. Deli soltany Şemsetdin Iltutmuş (1210-36) ony kazy edip belläpdir. Ol 1247 ýylyndan başlap Şemsetdin Iltutmuşyň ogşy, Deli soltanlygynyň hökümdary bolan Nasyretdin Mahmyt şanyň (1246-65) köşgünde bolupdyr. Ol özüniň "Tabakat-i Nasyry" diýen kitabyny takmynan 1260 ýylynda ýazyp gutarypdyr. Onuň bu eserinde syýasy wakalar bilen birlikde, şäher durmuşy, feodal eýeçiliginiň formalary, sektantlaryň çykyşlary we ş.m. beýan edilipdir. Ol kitap Deli soltanlygynyň hem-de Eýranyň (mongollaryň çozuşy döwründäki) taryhy barada gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär.
[[Category:Şahsyýetler]]