Seýdi Ali Reis: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
ujGysgaça mazmuny ýok
ujGysgaça mazmuny ýok
Setir 4:
Seýdi şondan soňra [[Hindi okeany|Hindi okeanyndaky]] osmanly flotunyň baştutanlygyna bellenilýär we ol şol wezipedekä [[Hindistan|Hindistanyň]] [[Goa]] şäherine ýerleşen [[Portugaliýa|portugal]] goşunlarybilen 1554-nji ýylda ençeme gezek söweşe girişýär.
 
Ol häzirki döwürde özüniň Hindistandan [[Stambul]]a gaýdyp gelýärkä gören ýurtlaryny suratlandyrýan ''[[Mirat ul Memalik‎|Mir'ât ül Memâlik]]'' (Ýurtlaryň aýnasy, 1557) ýaly kitaplary bilen giňden tanalýar. Onuň nawigasiýa we [[astronomiýa]] barada ýazan ''Mir’ât-ı Kâinât'' (Älem-jahanyň aýnasy) atly eseri hem bardyr. Mundanam başga Seýdi Ali Reis ''Kitâb ül Muhit: El Muhit fî İlmi'l Eflâk ve'l Buhûr'' (Sebitleýin deňizleriň we [[astronomiýa]] hem-de nawigasiýa ylymlarynyň kitaby) diýlip atlandyrylýan eserinde nawigasiýanyň tärleri baradaky maglumatlary, ugur kesgitlemegiň, wagt hasaplamagyň, kompas ulanmaklygyň usullaryny, ýyldyzlar, hijri şemmsi hem-de kamary kalendarlar, şemal we deňiz akymlary, şeýle-de [[Osmanly imperiýasy|Osmanly imperiýasynyň]] dürli sebitlerindäki portlar, gawanlar, kenarýaka ilatly ýerler we adalar bilen baglanyşykly [[portulan]]lary jemläpdir. Onuň kitaplary ençeme dile, şol sanda [[iňlis dili]]ne, [[fransuz dili]]ne, [[italýan dili]]ne, [[nemes dili]]ne, [[grek dili]]ne, [[arap dili]]ne, [[pars dili]]ne, [[urdu dili]]ne we [[rus dili]]ne terjime edilendir we olar osmanly döwründen gelip ýeten iň çeper edebi eserleriniň hataryna girýär diýlip hasap edilýär.
 
Ol günbatarda '''Sidi Ali Reis''' diýlip hem tanalýar.
 
== Deslapky ýagdaý ==
Seýdi Ali Reis [[Stambul]] şäheriniň [[Galata]] kwartalynda asyl gelip çykyşy [[Türkiýe|Türkiýäniň]] [[Gara deňiz]] kenarýakasyndaky [[Sinop]] şäherinden bolan bir [[Türk halky|türk]] maşgalasynda dünýä inýär. Soltan [[Mehmet II]] höküm süren döwründe onuň atasy ''Tersâne Kethüdâsı'' (Osmanly imperatorlyk harby-deňiz gorhanasynyň kethudasy) bolan bolsa, kakasy Hüseýin Reis [[Haliç|Altyn Şahyň]] demirgazyk ýakasynda [[Stambul|Stambulyň]] [[Galata]] kwartalynda ýerleşýän ''Bahriye Dârü's-Sınaası''nyň (Harby-deňiz Senagaty Merkezi) ''Kethüdâ''sy (Kethuda) bolupdyr. Onuň kakasynyň ýokary çinli deňizçi hem-de harby-deňiz inženeri hökmündäki karýerasy Seýdi Aliniň geljek ykbalyna uly täsirini ýetiripdir. Seýdi Ali heniz ýaş wagty harby-deňiz gorhanasynda işläp başlaýar. Deňizçilige bolan höwesiniň üstesine Seýdi Ali matematika, [[astronomiýa]] we geografiýa ýaly takyk ylymlar boýunça gowy bilim hem alýar. Şeýle-de ol edebiýat we teologiýa sapaklarynda kämilleşipdir hem-de ökde şahyr hökmünde özüni tanadypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ol harby-deňiz gorhanasynda ýokary çinli ofiser bolup ýetişýär we ''Reis'' çinine mynasyp bolýar (Osmanly döwründe bu çin hem ''kapitan'' hem-de ''admiral'' diýmekligi aňladypdyr).
 
== Osmanly flotundaky irki karýerasy ==