987: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
uj Bot değişikliği Ekleniyor: gan:987年
ujGysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
<noinclude>
|Law PhD Candidate}}
{{year nav|987}}
 
== Sosıýal Makalalarym==
==Wakalar==
</noinclude>
===SebitlerÖzünü boýunçatanan weli===
 
Soňky wagtlarda habar alyş we syýahatçylyk ulgamynyň ägirt uly derejede ösmegi netijesinde Ýer ýüzi göýä ullakan bir küren oba öwrüldi. Indi ýer ýüzüniň haýsydyr bir künjeginde bolan wakadan bada-bat habardar bolmak mümkin. Dünýäniň islendik künjegine gitmek üçin bary-ýogy birnäçe sagat ýeterlik. Çet ýurtlara hat, habar ibermek üçin bolsa diňe birnäçe sekunt gerek. Şol sebäpli milletler we halklar biri-biriniň täsirine düşýär, milletara hyzmatdaşlyk ösýär, şonuň netijesinde biriniň beýlekisine bolan baglanyşygy, mätäçligi artýar. Öz milliligini saklap, şol bir wagtda döwrüň talabyna laýyk hereket eden milletler durmuşda öz orunlaryna eýe bolýarlar. Döwrebap hereket etmek üçin öte alňasaýan, öz aslyny, milliligini gözden salýan milletler bolsa, köp zatlary elden berýärler. Şonuň üçin başgasy bolmak däl, özüň bolmak şu döwrüň iň esasy meseleleriniň biri bolup öňe çykýar. Bu ýagdaý döwletler, milletler üçin bolşy ýaly, şol milletiň her bir agzasy üçin hem şeýledir.
 
Başarnykly, tanymal şahslar mydama beýlekilerden tapawutly bolýar. Başgaça aýdanymyzda, başarnykly we tanymal bolmak üçin tapawutly bolmak wajypdyr. Aslynda her bir adam biri-birinden tapawutly ýaradylypdyr, hatda ekiz çagalar hem biri-birinden tapawutlydyr. Her kim özi bolup bilse, özüne bagyş edilen aýratynlyklary özleşdirip, ösdürip bilse, tapawutlanmagy-da başarýar. Tapawutly boljak bolup, başgalara öýkünmek, onuň geýnişi ýaly geýinmek, gepleýşi ýaly geplemek... derwaýys däldir. Bu ýerde iň esasy zat, durmuşda öz ýoluň, öz nusgaň bolmagydyr. Özüň bolmak hemişe başgalardan tapawutly bolmaga synaşmagam, başgalardan tapawutly bolaýyn diýip özüňi, milliligiňi inkär etmegem däldir. Özüň bolmak, öz erkiň eýesi bolmakdyr. Öz erki bolmadyk adam göwreden başga zat däldir, diňe sandan ybaratdyr. Erksiz adamyň hereketlerinde deňagramsyzlyk, pikirlerinde ýol ýitirmeklik bardyr. Aslynda adamda bar bolan erk başga hiç bir janly-jandarda bolmadyk aýratynlykdyr. Başgaça aýdanymyzda, adamy beýleki jandarlardan tapawutlandyrýan aýratynlyk erkdir. Şu ýerde erkiň diňe adamogluna peýdaly zatlar üçin ulanylanda hakyky erk bolýandygyny bellemelidiris. Özüň bolmak, öz erkiň eýesi bolmak üçin ilki özüňi oňat tanamaly, başarnygyňy, ukyplaryňy we kemçiligiňi jikme-jik seljermelidir. Özüň bolmak özüňe bolan ynamy ösdürmek, gelejege umyt bilen bakmak, şeýle hem tejribeler ýumagyna aralaşmak we taryhy oňat öwrenip, ondan ders almagy başarmakdyr. Özüň bolmak pikirlenmekdir, pikiriňi iş tejribesine geçirmekdir, iş tejribesini geçirýärkäň täze pikirler meýdana getirmekdir. Gysgaça aýdanymyzda, özüň bolmak akyl bilen kalp arasyndaky sazlaşygy döretmekdir.
 
Biz bu makalada, özüň bolmagyň ýaşlar bilen baglanyşygyna üns çekesimiz gelýär. Sebäbi bir milletiň gelejegi ýaşlaryna baglydyr. Şu nukdaýnazardan ýaşlaryň öz milliligini ýitirmän, döwrüň talabyna laýyk ýetişmegi wajypdyr. Şol bir wagtda döwrüň talabyna laýyk ýetişmek ýaşlar üçin uly jogapkärçilikdir. Jogapkärçiligini ýüregi bilen duýýan her bir ýaş ýigitdir gyzyň ýaşlyk döwrüni şuňa görä gurnamagy hökmanydyr. Munuň üçin ilkinji nobatda, maksat­myrat, arzuw gerekdir. Eýsem özüň bolmak, öz maksat-myradyňa eýe bolmak dälmidir? Hiç bir arzuwy bolmadyk ýa­da diňe öz şahsy bähbitleriniň yzyndan ylgaýanlaryň adamoglyna zyýany bolmasa, peýdasy ýokdur. Arzuwsyz adam başgasynyň arzuwyna çolaşýar. Arzuwsyz, maksat-myratsyz adam ýeliň öwüsýän ugruna görä öwsüp durýar. “Çäksiz güýç” atly psihologiýa kitabynyň ýazary Antoni Robbins: “Şahslar ýalta, işýakmaz däldir, diňe öz­özüni herekete geçirip biler ýaly güýçli arzuwlary ýokdur” diýýär. Nirä gitjegini bilmeýän gämä, hiç bir ýeliň peýda bermeýşi ýaly, arzuwsyz şahsyň şol jemgyýetde oňyn ýeri bolmasa gerek. Şol sebäpli arzuwy watana, halkyňa, bütin adamzada we maşgalasyna hyzmat etmek başlangyjyndan ugur alýan ýaşlaryň sanynyň köp bolmagy her bir ýurt üçin örän wajypdyr. Eýsem arzuwyňa ýetmek üçin nämeler etmelidir?
 
Durmuş hakykatlaryny hem nazarda tutup bellenen arzuw, maksat myrat bar bolsa, şeýle hem bu arzuwy durmuşa geçirip bilinjekdigi barada hakykatdan hem ynam dörese, arzuw eýesiniň işlemek, gözlemek islegi has hem artýar. Arzuwa ýetmek üçin ýol kartasynyň çykarylmagy, edilmeli işleriň meýilnamasynyň taýýarlanylmagy bolsa, maksada ýetmekde uly rol oýnaýar. Maksada okgunlylyk, päk niýet, irginsiz zähmet bilen hereket edilmegi netijesinde arzuwlaryň öňündäki päsgelçilikler birin-birin aýrylar. Hakyky arzuwment arzuwyna ýetmek üçin wagtyny tygşytly we peýdaly ulanýar. Şeýlelikde, arzuwment uly eserler emele getirip, üstünligiň ýokarky basgançaklaryna çykmak mümkinçiligine eýe bolar. Üstünlik gazanmak bolsa, özüne ynamy artdyrýar, täze üstünlikleriň ýoluny açýar. Watanyňa, milletiňe hyzmat etmek bagtyna miýesser bolmagyň berýän kalp höziri bolsa, megerem arzuw etmegiň netijesinde berlen iň oňat sowgat bolsa gerek.
 
Görşümiz ýaly, arzuwa eýe bolmak bilen özüň bolmak, biri-birine baglydyr. Bu ýerdäki arzuw watanyňa, milletiňe, adamzada hyzmat etmek arzuwydyr. Şu ýerde bir zady bellemelidiris, ol hem özüne peýdasy degmedigiň başga birine nepi degmezligidir. Özüni döwrüň talabyna laýyk ýetişdirmek, başarnyklaryny we ukyplaryny halkyň bähbidine ulanmak, ýagny, beýik arzuwly ýaşlara mümkinçilik döretmek bolsa, ýurduň gelejeginiň möhüm faktorydyr.
 
Gelejegimiz bolup durýan ýaş nesliň döwrebap ýetişmegi üçin Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda birgiden işleriň alnyp barylmagy guwandyryjydyr. Şu günki günde ýüzlerçe türkmen ýigitdir gyzlarymyz diňe bir ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem dünýäniň abraýly ýokary okuw jaýlarynda bilim alyp ýörler. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Türkiýe döwletine bolan resmi saparynda şol ýerde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşmagy bolsa bilimli, maksat-myratly ýaşlara ýurdumyzda goýulýan hormatyň nyşanydyr. Ýurdumyzda aspirantlaryň we doktorantlaryň açylmagy bolsa, bilime aşyk türkmen ýaşlarynyň başyny göge ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwrüň kämil tilsimatyndan oňat baş çykarmagy başarýan we daşary ýurt dillerini bilýän, öz ugrunda ussatlaşan, beýleki ugurlardan hem habarly, mydama ösüşiň gözlegindäki, kyn ýagdaýda hem umydyny ýitirmeýän, gelejege ynamly, milli we ruhy gymmatlyklaryna pugta bagly, ahlak taýdan arassa türkmen ýaşlarynyň ýetişýändigini bilmek bolsa, gelejege ynamly bakmagymyza mümkinçilik berýär.(Döwran ORAZGYLYJOW, hukuk ylymlarynyň doktoranty, http://zamantm.com/tm/yazarDetay.do?haberno=960 )01 June 2008, Sunday
 
 
===Tema boýunça===
 
<noinclude>
 
==DünýäHukuk inenlerMakalalarym==
* Halkara hususy hukugynyň esaslary
*
 
Ýakynda paýtagtymyzda „Halkara hukugyny ösdürmegiň esasy ugurlary“ atly halkara konferensiýasy bolup geçdi. Konferensiýadaky çykyşlarda bellenilişine görä, halklara jemagat we hususy hukugyň orny we ähmiýeti häzirki döwürde örän uludyr. Biz halkara hususy hukugyň şu günki ähmiýetini nazara alyp, bu ulgamyň esaslaryny gysgajyk gözden geçirmek isleýäris. Eýsem, halkara hususy hukugyň esaslary nämekä? Halkara hususy hukugyň esaslaryny bilmek bu ulgamdaky halkara derejeli hünärmenleri ýetişdirmek, halkara hususy hukuk baradaky kanunçylygy kämilleşdirmek, täze Galkynyşlar zamanynda dünýä ýurtlary we halklary bilen söwda, maýa goýum we täjirçilik gatnaşyklaryny has hem ýygjamlaşdyran ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, indi türkmen täjirlerimiz dünýäniň ençeme döwleti bilen söwda gatnaşyklaryny alyp barýar. Ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli önümler halkara bazara çykarylýan bolsa, ösen tehnologiýa önümi bolan daşary ýurt harytlary ýurdumyza getirilýär. Şunuň ýaly, ýurdumyza gelýän daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi hem artmak bilen. Şu ýerde türkmen işewürleriniň daşary ýurtlarda hem kärhanalar açýandygyny guwanç bilen bellemek gerek. Şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly gurluşyk taslamalaryna daşary ýurt gurluşyk kärhanalarynyň gatnaşýandygy hemmämize mälimdir. Başgaça aýdanymyzda, Türkmenistan indi beýleki döwletler we halklar bilen täjirçilik gatnaşyklaryny has hem ösdürýär. Şeýle gatnaşyklaryň ösýän döwründe halkara söwda, maýa goýum we hyzmat gatnaşyklarynda düşünişmezlik her nähili islenilmeýänem bolsa, bolup biläýjek ýagdaýdyr. Beýle mesele ösen bazar ykdysadyýetli döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda bolup biljegi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçýän döwletler üçin hem tebigy ýagdaýdyr. Ine, şu hilli gatnaşyklarda döräp biljek düşünişmezlikleri öwrenýän we kadalaryny goýýan hukuk ulgamyna halkara hususy hukuk ulgamy diýilýär. Başgaça aýdanymyzda, şahslar arasynda dörän we daşary ýurt elementli hususy hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hem-de bu gatnaşyklaryň haýsy döwletiň hukugyna degişlidigini görkezýän hukuk kadalaryna halkara hususy hukuk ulgamy diýilýär.
 
Bu ulgama degişli kitaplarda halkara hususy hukugynyň 700 ýyllyk taryhynyň bardygy bellenilýär. Halkara hususy hukugynyň ilkinji kadalary bolsa, Italiýanyň uniwersitetlerinde döredilipdir. Emma mundan öňki döwürlerde, ýagny Rim hukugynda hem bu barada käbir düzgünleriň bardygy aýdylýar. Häzirki zaman halkara hususy hukugynyň ilkinjileri hökmünde bolsa, 1756 seneli Maksimalian Kodeksi, 1794 seneli Prussiýa Kodeksi we 1804 seneli Fransiýa Raýat Kodeksi kabul edilýär.
 
Daşary ýurt baglanyşygy bolan hukuk gatnaşygynda çykyş edýän şahsyň kämillik ukybynyň, ýaşaýan ýeriniň, nikalaşmak we nikany bozmagyň şertleriniň hem-de netijeleriniň, miras gatnaşyklaryň, hossarlyk we howandarlyk baradaky amallaryň, zähmet gatnaşyklarynyň, halkara derejeli geleşigiň formasynyň, hak isleýiş möhletiniň geçmeginiň, halkara şertnamalaryň haýsy döwletiň hukugynyň esas alnyp çözülmelidigini, başgaça aýdanymyzda, ulanylýan hukugy öwrenýän we munuň kadalaryny goýýan hukuk şahasyna halkara hususy hukuk ulgamy diýilýär. Halkara hususy hukuk, şeýle hem daşary ýurt raýatlarynyň, belli raýatlygy bolmadyk adamlaryň, daşary ýurt kärhanalarynyň we guramalarynyň gatnaşýan jedelleri baradaky, galyberse-de, daşary ýurtda ýaşaýan haýsy-da bolsa bir tarapyň gatnaşýan jedelleri baradaky raýat işleriniň haýsy ýurduň kazyýeti tarapyndan çözülmelidigi, daşary ýurt kazyýetiniň we arbitražlaryň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegiň tertibini öwrenýär we munuň kadalaryny goýýar. Bu belläp geçenlerimizi bir mysal bilen düşündirmek has amatly bolsa gerek. Aýdaly, ýerli bir kärhana bilen daşary ýurtly kärhananyň arasyndaky söwda şertnamasynda düşünişmezlik ýüze çykdy, bu ýerde öňi bilen şol jedeliň haýsy ýurduň kazyýeti tarapyndan çözülmelidigi kesgitlenmelidir. Şeýle hem jedel çözýän wagty kazyýetiň haýsy ýurduň kanunçylygyny ulanmalydygyny bilmek hem derwaýysdyr, ygtyýarly kazyýet ulanylýan hukuga salgylanmak bilen jedeli çözenden soň, kazyýetiň çözgüdiniň ykrar edilmegi we ýerine ýetirilmegi meselesi örboýuna galýar. Şol sebäpli bir ýurduň kazyýeti tarapyndan berlen çözgüdiň beýleki ýurtda nähili ykrar ediljekdiginiň hem-de ýerine ýetiriljekdiginiň hem kesgitlemesi hökmanydyr. Şu jähetden daşary ýurt elementli hususy hukuk ulgamyna degişli işlerde we gatnaşyklarda ulanylýan kanun ýerli kazyýetleriň halkara jedellerini çözmek baradaky ygtyýarlygy, şeýle hem daşary ýurt kazyýetleriniň çözgütleriniň ykrar edilmegi we ýerine ýetirilmegi baradaky meseleleri düzgünleşdirýän kanunçylygyň kabul edilmeginiň şu günki günde örän ähmiýetlidigini bellemek gerek. (Döwran ORAZGYLYJOW. hukuk ylymlarynyň doktoranty, http://zamantm.com/tm/yazarDetay.do?haberno=1741 23 September 2008, Tuesday )
 
“INCOTERMS-2000”: Halkara söwdasynyň adalgasy
 
Ýakynda 2008-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ösüýiniň jemlerine bagyýlanan giňeldilen hökümet maslahaty bolup geçdi. Maslahatyň jemlerinden hem mälim bolýy ýaly, beýleki ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzda daýary söwda dolanyýygy ýylsaýyn artmak bilen. Özi-de biziň önümlerimiziň eksporty ençeme ýyllaryň dowamynda importa garanyňda has durnukly ösýär.
Mysal üçin, ýu ýylyň ilkinji alty aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň daýarky söwdasy geçen ýylyň ýol döwrüne garanyňda 32,7 göterim artypdyr. Şeýlelikde, ýurdumyzyň 6 aýlyk daýary söwda dolanyýygy 6 milliard amerikan dollaryndan geçipdir. Bu ýerde ýurdumyzyň eksportynyň importa garanyňda iki esse köpdügini bellemek gerek. Netijede, indi „Türkmenistanda öndürildi“ belgili harytlara dünýäniň köp ýerinde uly isleg bildirilýär. Şu nukdaýnazardan daýary söwdada ulanylýan käbir adalgalar barada gysgaça maglumat bermek, dünýä ýurtlarynyň köpüsi bilen täjirçilik gatnaýyklaryny ýola goýýan türkmen iýewürleri üçin gyzykly bolsa gerek.
 
Bilýimiz ýaly, daýary söwda gatnaýyklary satyn alyjy bilen satyjynyň arasyndaky ýertnamalar esasynda döreýär. Iý tejribesinde kabul ediliýine görä, ýertnamanyň tarapdarlarynyň hukuklarynyň we jogapkärçilikleriniň aýdyň we düýnükli görnüýde düzgünleýdirilmegini talap edýär. Bu ýönekeý ýertnamada bolýy ýaly, millionlarça dollarlyk daýary söwda baradaky ýertnamalarda hem ýeýledir. Daýary söwda ýertnamalarynda harytlaryň bir ýerden baýga ýere daýalan wagtynda haýsy tarapyň näme jogapkärçilik çekýändigini, ýertnamanyň taraplarynyň jogapkärçiligini ýerine ýetirmedik ýagdaýynda töwekgelçilikleriň nähili paýlaýylmalydygy, harytlarda ýüze çykyp biljek zaýalanmada ýa-da ýitgilerde haýsy tarapyň näme jogapkärçilik çekmelidigi ýaly meseleler aýratyn we düýnükli düzgünleýdirilmelidir. Halkara söwda gatnaýyklarynda ýertnamalar birnäçe döwletiň milli hukugynyň täsirine girýänligi sebäpli, her bir döwlet öz kanunçylygynda bu aýratynlyklary biri-birinden tapawutly düzgünleýdirip we teswirläp biler. Bu bolsa, halkara söwda gatnaýyklaryna öz ýaramaz täsirini ýetirýär.
 
Şu ýaramaz täsiri azaltmak maksady bilen, baýgaça aýdanymyzda, halkara söwda gatnaýyklarynda halkara ülňülere laýyk gelýän kadalary döretmek maksady bilen ilkinji gezek 1936-njy ýylda Halkara Söwda Otagy (ICC) tarapyndan INCOTERMS atly düzgünler taýýarlanypdyr. International Contract Terms (Halkara Şertnama Adalgalary) sözlerinden gysgaldylyp döredilen INCOTERMS adalgasy ýu günki günde daýary söwdada giňden ulanylýan adalgalaryň birine öwrüldi. Iň soňky gezek 2000-nji ýylda taýýarlanylan INCOTERMS adalgalary ondan öň 1953-nji, 1967-nji, 1980-nji we 1990-njy ýyllarda gözden geçirlipdir. Şu wagt hereket edýän INCOTERMS adalgasy „INCOTERMS-2000" görnüýde tanalýar. „INCOTERMS-2000"-iň kadalary kanun däldir, ýol birwagtda-da kadalyk güýji boýunça haýsydyr bir döwletiň kanunyndan ýokarda hem durmaýar. Söwdagärler, täjirler bu adalgalary ýertnamalarda ulanmak bilen olary ýertnamanyň bir bölegine öwürýärler. Şertnamalary uzyn ýazylmakdan we her döwletiň hukugynda bir hili tapawutly teswirlenmekden halas edýän halkara söwdasynyň möhüm kadalary bolan INCOTERMS-2000-de 13 sany adalga bar. Bular dört sany aýratyn topara bölünýär. „E” toparda EXW adalgasy bar. „F” toparynda bolsa, FCA, FOB we FAS adalgalary bar. „C” topardaky adalgalar bolsa, CFR, CIF, CPT we CIP adalgalarydyr. „D” topara bolsa, DAF, DES, DEQ, DDU we DDP degiýlidir. FAS, FOB, CFR, CIF, DES we DEQ adalgalary diňe deňiz ýa-da suw ýollary bilen ýük daýamakda ulanylýar. Beýleki adalgalary bolsa, deňiz, guryýer we howa ýollary bilen ýük daýamagyň her dürli görnüýinde ulanyp bolýar. Bu adalgalary talaba laýyk ulanmak bilen daýary söwda gatnaýyklarynda halkara ülňüligi kepillendirip bolýy ýaly, girdejileri artdyrmak hem mümkindir. Bu adalgalaryň birinde satyn alyjynyň jogapkärçiligi has köp bolsa, beýlekisinde satyjynyň jogapkärçiligi artýar. Şol sebäpli taraplar ýertnamada satyjy ýa-da satyn alyjydygyny göz öňünde tutup, özüne iň amatly bolanyny saýlaýar. Mysal üçin, EXW adalgasynda satyjynyňn jogapkärçiligi az bolýan bolsa, satyn alyjynyň jogapkärçiligi örän köpdür. Munuň tersine, CIF adalgasynda satyjynyň jogapkärçiligi has köp bolýär. Baýgaça aýdanymyzda, CIF, DAF we CIP ýaly adalgalarda satyjynyň töwekgelçiligi has köpdür. Täjirçilik ulgamynda, umuman, kabul ediliýine görä, töwekgelçilik artdygyça, girdeji hem köpelýär. Ýagny, häzirki zaman täjirçilik ulgamyndaky girdejiler töwekgelçilige görä artýar diýsek, ýalyýmasak gerek. Şu nukdaýnazardan, daýary ýurda önüm satylan wagtynda harydy satyn alyjynyň islän ýerine eltip bermek has girdejili bolup biler. Bu ýerde harydyň daýalmagy we ätiýaçlandyrylmagy satyjynyň üstüne ýüklenýär, ýöne ýuňa baglylykda satyjynyň girdejisi hem has artýar. Bu bolsa, ýurda gelýän gyzyl puluň möçberini has köpelder. Bu kada daýary ýurtdan satyn alan harydyň barada hem ýeýledir, ýagny, harydy daýary ýurtdan getirmek barada eden tagallalaryň we töwekgelçiligiň netijesinde harydy has arzan bahadan almak mümkindir. Şeýlelikde, bu usulyň durmuýa geçirilmegi netijesinde haryt import edeniňde ýurtdan daýary ýurda çykýan gyzyl puluň möçberini artdyrmak mümkindir. Görýümiz ýaly, halkara ýertnamalarynda ýönekeýje ýaly görünýän “INCOTERMS-2000” ýa-da EXW we ýuňa meňzeý adalgalaryň içgin öwrenilmegi, ýeýle hem bu ulagymyň hünärmenlerini taýýarkamak häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýdir.
 
Beýik Galkynyý eýýamynda Türkmenistan watanymyzyň, onuň iýewürleriniň daýary ýurtlar, daýary ýurtly iýewürler bilen gatnaýygy barha ýygjamlaýýar. Türkmenistan bu babatda täze belentlikleri nazarlaýar. Biziň ýu ýazgymyz ykdysady, söwda gatnaýyklarynyň ýeýle derejede ösýän döwründe ýurudumyza, türkmen iýewürlerine peýdaly bolar diýip umyt edýäris. (Döwran ORAZGYLYJOW. hukuk ylymlarynyň doktoranty,http://zamantm.com/tm/yazarDetay.do?haberno=1405 12 August 2008, Tuesday )
 
 
 
 
==Energiýa Makalalarym==
*
“Mawy altyn”-2008
 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistan watanymyz özüniň baý tebigy gaz gorlary bilen dünýäniň ünsüni çekýär. Hazarýaka gaz geçirijisi, Hytaýa çekilýän turbageçiriji şu günüň real taslamalarydyr. Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan ugry we Ýewropa ugry hem dünýä jemgyýetiliginiň ünsünde. Şeýle halatda dünýä gaz bazarynyň ýagdaýy, gaz sarp edilişindäki özgerişlikler hemmeleriň ünsünde.Ýakynda BP şereketiniň “BP Stastical Review of World Energy June 2008” atly täze kitaby çapdan çykdy. Halkara nebitgaz şereketi tarapyndan her ýyl taýýarlanylýan bu kitabyň täze sanyndan geçen ýyla degişli tebigy gaz baradaky maglumatlary öwrenmek mümkin. Kitapda bellenişine görä, 2007-nji ýylyň 31-nji dekabryndaky hasap boýunça dünýä tebigy gazynyň jemi gory 177,36 trillion m3–e barabardyr.Şu maglumat esasynda geçen ýyl gazylyp alnan tebigy gazyň möçberini hem hasaba almak bilen, täze açylan tebigy gaz gorlarynyň 4,08 trln. m3-e barabardygyny görmek bolýar.
 
2007-nji ýylda ýer ýüzünde sarp edilen tebigy gazyň möçberi 3,1% artypdyr. Başgaça aýdanymyzda, geçen ýyl jemi 2,921 trln. m3 tebigy gaz sarp edilipdir. Şol ýyl tebigy gazyň sarp edilişi, esasan, Demirgazyk Amerika, Afrika we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitlerinde has köp bolupdyr. 2007-nji ýylda ýer ýüzünde sarp edilen tebigy gazyň 22 göterimi Amerika degişli bolup, ol 652,9 mlrd. m3 tebigy gaza barabardyr. Öňki ýyla garanyňda 39,8 mlrd. köp tebigy gaz sarp eden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä boýunça tebigy gazyň sarp edilişiniň möçberiniň artmagyna eden täsiri 50%-e barabardyr. Amerikada tebigy gazyň sarp edilişiniň artmagynyň sebäbi geçen gyşda bolan sowuk howa şertleri we elektrik energiýasyny öndürmekde tebigy gaza islegiň artmagy bilen düşündirilýär. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryny özünde jemleýän Orsýetiň geçen ýyl sarp eden mawy altynynyň möçberi bolsa 438,8 mlrd. m3-dir. Şeýlelikde, Orsýet öňki ýyla garanyňda 6.7 mlrd. tebigy gaz köp sarp edipdir. Dünýäde tebigy gazyň sarp edilişiniň möçberiniň artmagyna iň köp täsirini ýetiren döwletleriň biri bolsa Hytaýdyr. Geçen ýyl öňki ýyla garanyňda 10 mlrd. kub metrden gowrak tebigy gaz sarp eden Hytaýyň tebigy gaza islegi bolsa 19 göterimden gowrak artypdyr.
==Aradan çykanlar==
*
 
Tebigy gaz sarp edilişindäki artyşa baglylykda tebigy gazyň öndürilişi hem artypdyr. Ýagny, 2007-nji ýylda ýer yüzünde jemi 2,940 trln. m3-e barabar tebigy gaz çykarylypdyr. Bu görkeziji öňki ýyla garanyňda 2,4 göterim köpdür. Şol ýyl Orsýet 607,4 mlrd. m3 tebigy gaz öndürmek bilen, dünýä boýunça tebigy gazyň 20,6%-ni öndüripdir. Şeýle-de bolsa, geçen ýyl Orsýetiň tebigy gaz önümçilik kuwwatlylygy 0,8% azalypdyr. Amerikanyň şol ýyl öndüren tebigy gazynyň möçberi bolsa, 545,9 milliard m3-e barabar bolupdyr. Bu görkeziji Amerikanyň önki ýyla garanyňda 4,3% köp tebigy gaz öndürendigini görkezýär. Bellenişine görä, 1984-nji ýyldan bäri Amerikanyň tebigy gaz önümçilik kuwwatlygynyň ösüşi şeýle derejede artmandyr. Ägirt uly tebigy gaz bazaryny emele getirýän Ýewropa Bileleşiginiň tebigy gaz önümçilik kuwwatlygy bolsa, geçen ýyl 6,4 % pese gaçypdyr. Bu sebite esasan hem Birleşen Korollyklaryň tebigy gaz kuwwatlygynyň pese gaçmasy öz täsirini ýetiripdir.
{{wagt-stub}}
 
Sebitara tebigy gaz söwdasynyň möçberi ýylsaýyn artmak bilen. Mysal üçin, geçen ýyl sebitara tebigy gaz söwdasy 3% artypdyr. Başgaça aýdanymyzda, geçen ýyl sebitara tebigy gaz söwdasynyň möçberi 776,08 mlrd. m3 -e barabar bolupdyr. Bilşimiz ýaly, sebitara tebigy gaz söwdasy gazgeçirijiler we tankerler bilen daşalýar. Geçen ýylky tebigy gaz söwdasynyň 549,67 milliard m3 -i turbageçirijiler arkaly, 226,41 mlrd. m3 –i bolsa suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) görnüşinde tankerler bilen daşalypdyr. Turbageçirijiler bilen daşalan tebigy gazyň möçberinde 2% artyş bolan bolsa, LNG görnüşindäki tebigy gaz söwdasynyň artyşy 7% -e barabar bolupdyr. Munuň özi gelejekde LNG söwdasynyň ähmiýetiniň has hem artjakdygyny görkezýär. Turbageçirijiler bilen sebitara gaz söwdasynda Amerika 108,9 mlrd. m3, Germaniýa 83,72 mlrd. m3, Italiýa bolsa, 72,45 mlrd. m3 tebigy gaz satyn alypdyr. Şol ýyl turbageçirijiler bilen iň köp tebigy gaz satan döwletler bolsa, Orsýet (147,5 mlrd. m3), Kanada (107,2 mlrd. m3) we Norwegiýadyr (86,05 mlrd. m3).
[[Category:987]]
 
Suwuklandyrylan tebigy gazy import etmekde Ýaponiýa (88,82 mlrd. m3) we Günorta Koreýa (34,39 mlrd. m3) öňdäki orunlary eýeleýär. LNG-ni iň köp eksport eden döwletler bolsa, Katar (38,48 mlrd. m3), Malaýziýa (29,79 mlrd. m3) we Indoneziýadyr ( 27,74 mlrd. m3). Sözümiziň ahyrynda tebigy gaz söwdasyndaky parametrleriň üýtgemeginde ägirt uly tebigy gaz bazaryny emele getirýän Hytaý bilen Hindistanyň hem täsiriniň uludygyny bellemek isleýäris. Şol sebäpli bu ýurtlaryň tebigy gaz bazarlaryny aýratynlykda öwrenmek gyzykly bolsa gerek. (Döwran ORAZGYLYJOW. hukuk ylymlarynyň doktoranty,http://zamantm.com/tm/yazarDetay.do?haberno=1193 11 July 2008, Friday)
[[af:987]]
[[am:987 እ.ኤ.አ.]]
[[an:987]]
[[ar:987]]
[[ast:987]]
[[az:987]]
[[be:987]]
[[be-x-old:987]]
[[bg:987]]
[[bh:९८७]]
[[bn:৯৮৭]]
[[bpy:মারি ৯৮৭]]
[[br:987]]
[[bs:987]]
[[ca:987]]
[[co:987]]
[[cs:987]]
[[csb:987]]
[[cv:987]]
[[cy:987]]
[[da:987]]
[[de:987]]
[[el:987]]
[[en:987]]
[[eo:987]]
[[es:987]]
[[et:987]]
[[eu:987]]
[[fa:۹۸۷ (میلادی)]]
[[fi:987]]
[[fr:987]]
[[fy:987]]
[[gan:987年]]
[[gd:987]]
[[gl:987]]
[[he:987]]
[[hi:987]]
[[hr:987.]]
[[ht:987 (almanak jilyen)]]
[[hu:987]]
[[id:987]]
[[io:987]]
[[it:987]]
[[ja:987年]]
[[jv:987]]
[[ka:987]]
[[ko:987년]]
[[ksh:Joohr 987]]
[[la:987]]
[[lb:987]]
[[lmo:987]]
[[lt:987 m.]]
[[map-bms:987]]
[[mi:987]]
[[mk:987]]
[[mr:इ.स. ९८७]]
[[ms:987]]
[[nah:987]]
[[nap:987]]
[[nds:987]]
[[new:९८७]]
[[nl:987]]
[[nn:987]]
[[no:987]]
[[nrm:987]]
[[oc:987]]
[[pi:९८७]]
[[pl:987]]
[[pt:987]]
[[ro:987]]
[[ru:987 год]]
[[sa:९८७]]
[[scn:987]]
[[simple:987]]
[[sk:987]]
[[sl:987]]
[[sq:987]]
[[sr:987]]
[[su:987]]
[[sv:987]]
[[sw:987]]
[[th:พ.ศ. 1530]]
[[tr:987]]
[[tt:987]]
[[uk:987]]
[[uz:987]]
[[vec:987]]
[[vo:987]]
[[zh:987年]]
[[zh-yue:987年]]