Türkmenistan: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
new sections created, irrelevant text removed
Setir 52:
Goňşy [[döwlet]]ler: [[Owganystan]], [[Eýran]] Yslam Respublikasy, [[Gazagystan]] we [[Özbegistan]].
 
==Geografiki ýerleşişi==
Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen ýurtda öndürilýän tebigy gaz diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem netijeli we deň hukukly hyzmatdaşlyk esasynda dünýä halklarynyň bähbidine hem gönükdirilendir. Tebigy gazyň has gymmatly çig mal hökmünde kabul edilýän häzirki zaman dünýäsinde ýurdumyzdaky tebigy gaz bilen baglanyşykly özgerişlikler dünýä jemgyýetçiligini ýakyndan gyzyklandyrýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda abraýly halkara konsultanty – „Caffney & Associates” britan şereketi Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň gündogar böleginde Amyderýa basseýninde ýerleşen Günorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar gaz ýataklarynda gazyň gorunyň auditini geçirip, munuň netijelerini halk köpçüligine ýetirdi. Garaşsyz halkara audit guramasynyň bellemegine görä, häzirki güne çenli bar bolan maglumatlara laýyklykda, Günorta Ýolöten-Osman ýatagynyň gorlary aşaky baha görä, 4 trillion kub metr, optimal baha görä, 6 trln. kub metr, ýokary baha görä bolsa, 14 trln. kub metr gaza barabardyr. Ýaşlar ýatagynyň auditiniň netijesinde bolsa, häzirki günde bu ýerdäki gazyň möçberi aşaky baha – 0,25 trln. kub metre, optimal baha – 0,675 trln. kub metre; ýokary baha – 1,5 trln. kub metre barabardyr.
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderýa aralygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidýär we 491,2 müň inedördül kilometr meýdany tutýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy bilen, gündogarda we demirgazyk-gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen we günorta-gündogarda Owganystan bilen serhetleşýär, günbatarda bolsa Hazar deňziniň suwy tolkun atýar.
Türkmenistanda şeýle ägirt uly gaz ýatagynyň açylmagy, bu ýatagyň gorlarynyň halkara abraýly gurama tarapyndan tassyklanmagy, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýä metbugatynda hem uly seslenme döretdi. Bu bolsa dünýä tebigy gaz kartasyna öz täsirini ýetirer.
Dünýä tebigy gaz gorlary. Günorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar ýatagynyň gorlarynyň garaşsyz audit guramasy tarapyndan tassyklanmagy netijesinde dünýä tebigy gaz gorlary baradaky maglumatnamalar täzeden ýazylsa gerek. Şoňa laýyklykda, dünýä tebigy gaz gory bu iki ýatagyň jemi goruny hasaba alanymyzda aşaky baha görä, 2,3%, optimal baha görä, 3,7% we ýokary baha görä bolsa, 8,7% artar. Bilşimiz ýaly, 2007-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, ýer ýüzünde tebigy gaz gory 177,36 trln. kub metre barabardyr (BP-2008).
Ýurduň orny. Türkmenistan tebigy gaz gorlary babatda ýer ýüzünde iň öňdäki orunlaryň birine eýedir. GCA-nyň maglumatlaryna görä, bu iki ýatagyň jemi gory aşaky baha görä, 4,25 trln. kub metr, optimal baha görä, 6,675 trln. kub metr, ýokary baha görä bolsa, 15,5 trln. kub metrdir. Şuňa laýyklykda diňe şu iki goruň jemini hasaba alanymyzda Türkmenistan tebigy gaz gorlary baradaky sanawda dünýäde aşaky baha görä, 9-njy, optimal baha görä, 5-nji, ýokary baha görä bolsa, 4-nji orunda durýar. Dünýäniň iň uly ýataklarynyň sanawynda ýerleşen Döwletabat we Şatlyk ýataklaryny, tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Hazaryň Türkmen bölegini we ýurdumyzyň beýleki 1000-den gowrak tebigy gaz ýataklarynyň gorlaryny hasaba alanymyzda Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary babatda dünýäde mundan hem öňdäki orunlarda ýer aljakdygy ikuçsuzdyr.
Iň uly ýataklaryň biri
Audit şereketiniň bellemegine görä, Günorta Ýolöten-Osman ýatagy dünýäniň ululygy boýunça 4-nji ýa-da 5-nji ýatagydyr. Iň uly ýataklary seljeren wagtymyz Günorta Ýolöten-Osman ýatagynyň ornunyň mundan hem öňdäkileriň biri bolup biljekdigini görýäris.
Şu wagt dünýäniň iň uly gaz ýatagy North Dome-South Pars (Eýran bilen Kataryň çäklerinde) ýatagy bolup, bu ýatagyň takmyny gory 41 trln. kub metre barabardyr (IEA-2005). Ikinji orunda Orsýetiň çäklerinde ýerleşýän Urengoý ýatagy (5,3 trln. kub metr) hasap edilýär. Beýleki uly ýataklar bolsa, Orsýetiň Bowanenkowskoýe (4,4 trln. kub metr),Ýamburg (3,8 trln. kub metr), Ştokmanow (3,2 trln. kub metr) we Zapolýarnoýe (3,2 trln. kub metr) ýataklarydyr (Gazprom in figures 2002-2006 Fact Book). Şeýle hem Alžiriň çäklerinde ýerleşýän Hassi R’mel (3 trln. kob metr) ýatagy bar (IEA-2005).
Ykdysady gymmatlygy
Tebigy gazyň bahasynyň ýylsaýyn, özem ýokary depginde artýanlygyny hasaba alanymyzda halkara audit guramasy tarapyndan tassyklanan bu iki ýatagyň jemi gorunyň ykdysady gymmatlygyny kesgitlemek gyzykly bolsa gerek. Şu günki günde halkara bazarynda tebigy gazyň müň kub metriniň bahasynyň 350 dollardygyny hasaba alanymyzda ýurdumyzyň bu iki ýatagynyň jemi gorunyň ykdysady gymmatlylygy aşaky baha görä, 1,5 trln. $- a, optimal baha görä, 2,33 trln. $-a, ýokary baha görä bolsa 5,5 trln. $-a barabardyr.
Gaz geçirijiler
Türkmenistan Orsýetden we Eýrandan daşgary ugurlara hem tebigy gazyň eksportyny meýilleşdirýär.
Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi bu ugurlaryň iň esasylarynyň biridir. Şeýle hem Türkmenistan başlangyçly Owganystanyň üstünden geçjek Türkmenistan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisi, galyberse-de, Hazar deňziniň düýbünden we Azerbaýjanyň üstünden geçjek Türkmenistan-Türkiýe-Ýewropa gaz geçirijileri energiýa dünýäsiniň möhüm taslamalarynyň hatarynda kabul edilýär.
Şeýlelik-de abraýly halkara britan şereketi „Caffney end Associates”-iň Günorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar gaz ýataklarynda geçiren auditiniň netijesi Türkmenistanyň bütin dünýä boýunça tebigy gaz gorlary babatdaky ornuny hasam ilerletdi. Bu waka dünýäde ylaýta-da energiýa bilen gyzyklanýan döwrelerde uly seslenme döretdi. Auditiň oňyn netijesi Türkmenistan Watanymyz , onuň gülläp ösüşi üçin bolsa, täze uly mükinçilikler, gözýetimler we badalga diýmekdir.
 
==Relýefi==
Türkmenistan çäginiň ýerüsti gurluşy boýunça deň bolmadyk iki bölege bölünýär: uly-düzlük-çöllük we kiçi-dag etek we daglyk. Türkmenistanyň ähli düzlük bölegi geografiki gatnaşykda Turan pesligine (oýluklaryna) degişlidir, onuň çäklerinde landşaftyň üç topary tapawutlanýar: a) üsti tekiz belentlik, b) çäge çöllük, ç) dag etek tokaýly düzlük. Birinji topara Krasnowodsk tekiz belentligi, Üstýurduň we Maňgyşlagyň ýakalary, ikinji topara-Merkezi, Günorta-Gündogar we Zangunz Garagumy, üçünji topara-Köpetdagyň we Paropamiziň ähli demirgazyk etekleri degişlidir.
 
Türkmenistanyň çäginiň ýerüstüniň azyndan bäşden bir bölegini daglar eýeleýärler. Onuň günorta serhedinden Köpetdagyň gerişleri uzaýar, ondan demirgazyk-günbatarda Uly we Kiçi Balkan daglary ýerleşendir. Türkmenistanyň gündogar çetinde Köýtendag daglary bardyr, olar Gissar dag ulgamyna degişlidir.
 
Düzlük ýerler esasan tekizlikde goňrumtyl toprak bilen we dag etekleri takyr görnüşli gadymy düzlükler, Garagumyň ymgyr çägi çäge-çöllügine, derýaly jülgeler, çemenlik, otluk ýerler, şorluk ýerler bilen gurşalandyr.
 
==Klimaty==
Türkmenistan üçin çölüň aram mylaýym görnüşli kontinental klimaty häsiýetlidir: dowamly gurak jöwzaly tomus, salkyn çygly güýz, az garly o diýen sowuk bolmadyk gyş. Demirgazyk-gündogarda we günorta-günbatarda gyş döwrüniň dowamlylygy – bir aý, ýurduň demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda dört aýdan gowrak. Ýanwar aýynyň ortaça temperaturasy demirgazyk-gündogarda –6 gradusdan aşak, günorta-gündogarda we günorta-günbatarda +3 gradusdan +5 gradusa çenli bolýar. Iýulda ol +25+32 gradus çäklerinde üýtgäp durýar. Türkmenistanyň düzlük çäklerinde ygalyň ýyllyk mukdary 150mm, Aral ýakasynda we Garabogaz köl aýlagynda 100, daglyk sebitlerinde - 350 mm-den geçmeýär. Arid şertlerinde ekerançylygy ösdürmek emeli suwaryşa esaslanyp alnyp barylýar.[http://www.natureprotection.gov.tm/turkmenistan_tm.html]
 
== Suw resurslary ==