Seýdi Ali Reis: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Xqbot (gürleşme | goşantlar)
uj robot üýtgetdi: ru:Сеиди Али-реис; kosmetik üýtgeşme
Setir 1:
'''Seýdi Ali Reis''' (1498 – 1563) [[Osmanly imperiýasy|osmanly]] [[admiral]]y bolupdyr.
 
Ol 1538-nji ýylda bolan [[Preweza söweşi|Preweza deňiz söweşisöweşinde]]nde türk flotunyň çep flangyny dolandyrypdyr.
Seýdi şondan soňra [[Hindi okeany|Hindi okeanyndaky]]ndaky osmanly flotunyň baştutanlygyna bellenilýär we ol şol wezipedekä [[Hindistan|Hindistanyň]] [[Goa]] şäherine ýerleşen [[Portugaliýa|portugal]] goşunlarybilen 1554-nji ýylda ençeme gezek söweşe girişýär.
 
Ol häzirki döwürde özüniň Hindistandan [[Stambul]]a gaýdyp gelýärkä gören ýurtlaryny suratlandyrýan ''[[Mirat ul Memalik‎|Mir'ât ül Memâlik]]'' (Ýurtlaryň aýnasy, 1557) ýaly kitaplary bilen giňden tanalýar. Onuň nawigasiýa we [[astronomiýa]] barada ýazan ''Mir’ât-ı Kâinât'' (Älem-jahanyň aýnasy) atly eseri hem bardyr. Mundanam başga Seýdi Ali Reis ''Kitâb ül Muhit: El Muhit fî İlmi'l Eflâk ve'l Buhûr'' (Sebitleýin deňizleriň we [[astronomiýa]] hem-de nawigasiýa ylymlarynyň kitaby) diýlip atlandyrylýan eserinde nawigasiýanyň tärleri baradaky maglumatlary, ugur kesgitlemegiň, wagt hasaplamagyň, kompas ulanmaklygyň usullaryny, ýyldyzlar, hijri şemmsi hem-de kamary kalendarlar, şemal we deňiz akymlary, şeýle-de [[Osmanly imperiýasy|Osmanly imperiýasynyň]] dürli sebitlerindäki portlar, gawanlar, kenarýaka ilatly ýerler we adalar bilen baglanyşykly [[portulan]]lary jemläpdir. Onuň kitaplary ençeme dile, şol sanda [[iňlis dili]]ne, [[fransuz dili]]ne, [[italýan dili]]ne, [[nemes dili]]ne, [[grek dili]]ne, [[arap dili]]ne, [[pars dili]]ne, [[urdu dili]]ne we [[rus dili]]ne terjime edilendir we olar osmanly döwründen gelip ýeten iň çeper edebi eserleriniň hataryna girýär diýlip hasap edilýär.
Setir 9:
 
== Deslapky ýagdaý ==
Seýdi Ali Reis [[Stambul]] şäheriniň [[Galata]] kwartalynda asyl gelip çykyşy [[Türkiýe|Türkiýäniň]] [[Gara deňiz]] kenarýakasyndaky [[Sinop]] şäherinden bolan bir [[Türk halky|türk]] maşgalasynda dünýä inýär. Soltan [[Mehmet II]] höküm süren döwründe onuň atasy ''Tersâne Kethüdâsı'' (Osmanly imperatorlyk harby-deňiz gorhanasynyň kethudasy) bolan bolsa, kakasy Hüseýin Reis [[Haliç|Altyn Şahyň]] demirgazyk ýakasynda [[Stambul|Stambulyň]] [[Galata]] kwartalynda ýerleşýän ''Bahriye Dârü's-Sınaası''nyň (Harby-deňiz Senagaty Merkezi) ''Kethüdâ''sy (Kethuda) bolupdyr. Onuň kakasynyň ýokary çinli deňizçi hem-de harby-deňiz inženeri hökmündäki karýerasy Seýdi Aliniň geljek ykbalyna uly täsirini ýetiripdir. Seýdi Ali heniz ýaş wagty harby-deňiz gorhanasynda işläp başlaýar. Deňizçilige bolan höwesiniň üstesine Seýdi Ali matematika, [[astronomiýa]] we geografiýa ýaly takyk ylymlar boýunça gowy bilim hem alýar. Şeýle-de ol edebiýat we teologiýa sapaklarynda kämilleşipdir hem-de ökde şahyr hökmünde özüni tanadypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ol harby-deňiz gorhanasynda ýokary çinli ofiser bolup ýetişýär we ''Reis'' çinine mynasyp bolýar (Osmanly döwründe bu çin hem ''kapitan'' hem-de ''admiral'' diýmekligi aňladypdyr).
 
== Osmanly flotundaky irki karýerasy ==
[[ImageFaýl:Fleet Configurations at the Battle of Preveza in 1538.jpg|thumb|300px|Seýdi Ali Reis 1538-nji ýylda bolan [[Preveza söweşi|Preveza deňiz söweşisöweşinde]]nde türk flotunyň çep flangyny dolandyrypdyr]]
 
[[Rodosyň gabawy (1522)| Rodosyň gabawyndan]] başlap, Seýdi Ali Reis osmanly flotunyň [[Ortaýer deňzi|Ortaýer deňzinde]]nde alyp baran ähli iri harby-deňiz kampaniýasyna gatnaşypdyr. Ol [[Barbarossa (Osmanly admiraly)|Barbarossa Hayreddin Paşanyň]] 1538-nji ýylda [[Charles V, Keramatly Rim imperatory|Charles V-niň]] Keramatly Ligasynyň [[Andrea Doria|Andrea Dorianyň]] dolandyrmagyndaky flotuny doly suratda ýeňlişe sezewar eden [[Preveza söweşi|Preveza deňiz söweşisöweşinde]]nde osmanly flotunyň çep ganatyna baştutanlyk edipdir. Mundanam başga ol [[Sinan Paşa (Osmanly admiraly)|Sinan Paşa]] bilen [[Turgut Reis|Turgut Reisiň]] 1551-nji ýylda [[Liwiýa]] döwletiniň [[Tripoli]] şäherini [[Ispaniýa]]dan hem-de [[Malta rysarlary]]ndan basyp alan flotunda birnäçe gämini dolandyrypdyr. Ondan soňra ol Ortaýer deňziniň günbatar kenarýakasynda bolup geçen harby-deňiz kampaniýalaryna hem gatnaşypdyr.
 
Soňra Seýdi Ali Reise ''Azepler Kâtibi'', ''Tersâne Kethüdâsı'' (Osmanly imperatorlyk harby-deňiz gorhanasynyň kethudasy) and ''Hassa Donanma Reisi'' (Osmanly Merkezi flotunyň baştutany) çinleri berilýär.
 
== Hindi okeanyndaky osmanly flotunyň baştutany ==
1552-nji ýylyň aýagynda [[Halap]] şäherindäki gyşky rezidensiýasynda bolup ýören Soltan [[Süleýman Ajaýyp]] Seýdi Ali Reisi [[Sues]] ([[Müsür]]), [[Aden]] ([[Ýemen]]) hem-de [[Basra]] ([[Yrak]]) deňiz portlarynda ýerleşýän Osmanly Hindi okean flotuna baştutan edip belleýär. Ondan öň bu wezipede tanymal osmanly admiraly we kartografy [[Piri Reis]] hem-de 1538-nji ýylda bolan [[Preveza söweşi|Preveza deňiz söweşisöweşine]]ne gatnaşan admiral [[Koja Murat Reis]] hem gulluk edipdirler.
 
Seýdi Ali Reis sebitdäki köpsanly dini ýerleri hem-de möhüm şäherleri aýlanyp görenden soň 1553-nji ýylyň 7-nji dekabrynda [[Halap]] şäherinde ýola rowan bolýar we ahyrsoňy 1554-nji ýylyň fewral aýynyň başynda [[Pars aýlagy]]ndaky [[Basra]] şäherine baryp ýetýär.
 
[[en:Seydi Ali Reis]]
[[ru:СеидСеиди Али Рейс-реис]]
[[tr:Seydi Ali Reis]]