Bawariýa: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
uj robot üýtgetdi: sco:Bavarie
ujGysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
[[Faýl:Karwendel-Ahornboden.jpg|right|thumb|Bawariýa Alplary.]]
'''BAWARIÝA''' ([[nemesçe]]:''Bayern'') — GFR-iňGermaniýa'nyň günorta böleginde ýerleşýän administratiw birlik. Meýdany 70,6 müň km<sup>2</sup>. Ilaty 10,5 mln. adam (1969). Administratiw merkezi Mýunhen şäheri. Baýern GFR-iň daglyk, baýyrlyk ýerlerinde ýerleşýär. Bu ýerde Alp daglarynyň iň belent nokady Ssugşpitsse 2963 ''m''-e ýetýär. Ýanwaryň ortaça temperaturasy 0&nbsp;°C,—3&nbsp;°C, iýulyňky +15&nbsp;°C, +29&nbsp;°C. Ýylyň dowamynda 935 ''mm'' ygal duşýär. Bawarýanyň territoriýasynyň 1/3 bölegi tokaýlykdyr, çemenlikleriň, dag çemenlikleriniň ep-esli bölegi şu regiondadyr. Uly derýalary Dunaý we onuň goşantlarydyr. Bawariýa GFR-iň industrial-agrar ýeridir. Senagatyň maşyn gurluşygy, elektrotehnika, dokma, azyk, nebiti gaýtadan işleýän pudaklary ösendir. Oba hojalygynda däne, gant şugundyry, kartoşka we başga ekinler ekilýär. Maýn derýasynyň jülgesiide üzümçilik bilen hem meşgullanylýar. Demir ýollaryň köpüsi elektrifikassiýalaşdyrylandyr. Dunaý we Maýn derýalary gämi gatiawly. Bawariýada 3 uniwersitet bar.
 
6 asyrda Bawariýa bawarlar diýen german taýpalary göçüp gelýärler. Bu territoriýanyň adynyň gelip çykyşy hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. 788 ýylynda Bawariýa gerssoglygy derbi-dagyn edilip, onuň territoriýasy Frank döwletiniň düzümüne goşulýar. 10—13 asyrlaryň ahyrlarynda Karintiýa, bawar Gündogar markasy, Tirol, Zalssburg Bawariýa gerssoglygyndan bölünip aýrylýar. Gerssog Albreht IV (1467— 1508) Bawariýany birleşdirýär. 16—17 asyrlarda Bawariýa orta asyr Germaniýasynyň iň kuwwatly knýazlyklarynyň birine öwrülýär. 1806 ýylynda Bawariýa korollyk bolýar we Reýn birleşigine girýär. Napoleonyň uruşlary döwründe Bawariýanyň territoriýasy demirgazyk-günbatar tarapa ep-esli giňelýär. 1848 ýylynyň Mart rewolýussiýasynyň netijesinde Bawariýada daýhan borçlulyklarynyň käbirleri ýatyrylýar. 1871 ýylynda Bawariýa german imperiýasynyň düzümüne girýär. Germaniýanyň birleşdirilmegi Bawariýada hem kapitalizmiň ösmegini çaltlandyrýar. 1918 ýylynyň Noýabr rewolýussiýasynyň netijesinde Bawariýada respublikan hökümet döredilýär. 1919 ýylynyň aprelinde Bawariýa Sowet Respublikasy berkarar edilýär. Bawariýa Sowet Respublikasy Germaniýa hökümeti tarapyndan derbi-dagyn edilensoň, Bawariýa Germaniýa respublikasynyň sostawyna goşulýar. Şondan soň Bawariýa umumy german reakssnýasynyň daýanjyna öwrülýär. 1919 ýylynda Bawariýada nassional-sossialistik (faşistik) partiýa döredilýär. 1924—33 ýyllarda Bawariýada häkimiýet başynda Bawariýa halk partiýasy durýar. Faşistik diktatura döwründe (1933—45) Bawariýa faşizmiň merkezine öwrülýär. Faşistik partiýanyň merkezi Mýunhende bolup, nassional-sossialistler partiýasynyň (faşistleriň) gurultaýlary şol ýerde geçirilýär. 1945 ýylynda faşistik Germaniýa derbi-dagyn edilenden soň, Bawariýa amerikan okupassion zonasyna girýär. 1949 ýylyndan Bawariýa administratiw birlik hökmünde GFR-iň düzümünde durýar. Bawariýa GFR-de syýasy klerikalizmiň we neonassizmiň merkezleriniň biridir