Änew medeniýeti - ak bugdaýyň Watany

100 ýyl myndan ozal Änew medeniýeti amerikan geology Rafael Pampelliniň ylmy barlaglary netijesinde ilkinji gezek dünýä äşgär boldy. Türkmen topragynda baryp b.e.öň V müňýyllykda ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaý änew medeniýeti bilen baglanşyklydyr.

Änew medeniýetiniň dowam eden döwri b.e.öň V müňýyllyga – III müňýyllygyň başlaryna degişlidir.  Şol gadymy döwürlerde ata-babalarymyz bolan änewlilerde amaly sungat hem bolupdyr. Munuň şeýledigini başaşa üçburçlyklardan, inedördül dörtburçlyklardan, tolkun şekilli we göni çyzyklardan ybarat bolan geometrik nagyşlar bilen bezelen we toýundan ýasalan gap-gaçlar, daşlaryň dürli görnüşinden, şol sanda pöwrize we hakyk daşyndan ýasalan monjuklar görkezýär. Änewde esasy kär ekerançylyk bolupdyr, munuň şeýledigine däneleriň toýunda galan yzlary, şeýle hem gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan daş kätmenler, oraklar we sokular hem şaýatlyk edýär. Ekerançylyk esasan ýarym suwarymly häsiýetde bolan bolsa gerek. Ekerançylyk üçin çaýlaryň, akar çeşmeleriň jülgeleri ulanylypdyr. Ilat galla ekinlerini, ilkinji nobatda bolsa, arpa ekipdirler. Änewliler maldarçylyk bilen hem meşgullanypdyrlar. Arheologik barlaglaryň netijeleri gara malyň, şeýle hem ýabynyň, düýäniň süňkleriniň galyndylarynyň  tapylandygyny görkezýär.
    Änew medeniýetiniň örän gyzyklanma döredýänliginiň sebäbi, ol gadymy merkezler bolan Elam we Şumer bilen baglanyşykly ekerançylyk merkezleriň Türkmenistanyň günortasynda bolandygyny anyklamaga mümkinçilik berýär.  Baryp şol döwürlerde  Hindistanyň medeniýeti bilen, Ikiderýanyň arasyndaky iňňän gadymy siwilizasiýa bilen aragatnaşykda bolandygy barada gürrüň etmäge esas bar. Olardan soňky döwürlerde Türkmenistanyň eneolit medeniýeti Owganystanyň, Bulujystanyň we başgalaryň medeniýetine barha köp täsir edipdir.
    Soňky onýylyklaryň dowamynda Hytaýda  - Sinszýandaky eneolit döwrüne degişli ýaşaýyş mesgenlerinde Änewiň syrçasyz küýzegärlik önümlerine meňzeş nagyşli önümler tapyldy.  Adamzat taryhynda Änew medeniýetiniň agdyklyk ediji ähmiýeti bar, ol ekerançylygyň jülgeleriniň hem-de sähralyklaryň ilatynyň hojalyk, medeni, etniki we syýasy taýdan özara gatnaşygynda mynasyp orny eýeläpdir.