Çarlz Albert Gobat-Şweýsariýaly hukukçy, syýasatçy. Parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragyny 1902-nji ýyldaky sanynyň Elie Dukommun bilen bilelikdäki eýesi.

Çarlz Albert Gobat

Syýasatdan ozalky durmuşy düzet

1843-nji ýylyň 21-nji maýynda Şweýsariýanyň Tramelan(iňlisçe: tramelan) şäherinde doguldy. Ol protestant ruhany baştutany(iňlisçe: pastor) Samuel Gobotyň ogly. Ol Bazel Uniwersitetinde, Haýdlberg uniwersitetinde, Bern uniwersitetinde we Pariž uniwersitetinde bilim aldy. Ol 1867-nji ýylda Haýdlberg uniwersitetinde Hukuk ugrundan doktorlyk derejesini aldy.

Hukuky we syýasy karýerasy düzet

Doktorlyk derejesini alandan soňra Albert Bern'de hukukçy bolup işe başlady we soňra Fransiýada raýat hukuklary barada leksiýalar berdi. Ondan soňra ol Delemont şäherinde(iňlisçe: Delémont) hukuk edarasyny açdy we gysga wagtda bu ofis öňdebaryjy hukuk ofisi bolmagy başardy.

Hukuk bilen 15 ýyl iş salşandan soňra ol syýasata girdi. 1882-nji ýylda ol Bern'de jemgyýetçilik işleri boýunça(iňlisçe: public instruction) başkomissar(iňlisçe: superintendent) wezipesine bellendi we bu wezipäni 30 ýyl boýunça dowam etdi. Bilim ugrunda diýseň üstünliklidi we bilim sistemada gaty köp öwrülşik amala aşyrdy.

Syýasy arenada hem ol birnäçe ýerlere bellendi. 1882-nji ýylda ol Bern baş geňeşine(iňlisçe: grand çounçil) saýlandy. 1884-1890 ýyllarynda Şweysariýa döwlet geňeşiniň(iňlisçe: the Council of States of Switzerland) agzasy bolup hyzmat etdi. 1890-njy ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Şweýsariýanyň bir başga kanun çykaryjy guramasy bolan Milli Geňeşiniň( National Council) agzasy bolup hyzmat etdi. Ylymda-da, syýasatda-da ol liberal reformaçydy.

BAŞGA düzet

1902-nji ýylda Elie Dukommun bilen bilelikde Parahatçylyk ugry boýunça nobel baýragynyň eýesi boldylar, bilelikde döreden Hemişelik Halkara Parahatçylyk býurosyny(iňlisçe: Permanent International Peace Bureau) üçin, 1906-njy ýylda Elie Dukommun ölmeginden soňra býuronyň ýeke prezidenti bolup galdy.

1914-nji ýylyň 14-nji martynda Bern'de bir konferensiýada söze başlamakçy bolanda erbetleşdi we bir sagat soňra öldi.