Ýadro öýjügiň möhüm bölegidir. Ol, esasan togalak şekilli bolýar.

Elektron mikroskobyň kömegi bilen ýadronyň üstüniň barda bilen örtülendigi ýüze çykaryldy. Ýadronyň içinde ýadro ergini bolýar. Onda bir ýa-da birnäçe ýadrojyklar ýerleşýär. Ýadro ergininde ýadrodan başga-da hromatin diýip atlandyrylýan madda bar. Olardan öýjük bölünen döwründe sapajyk şekilli bedenjikler - hromosomalar emele gelýär. Ýadro bilen sitoplazma öýjügiň ýaşaýsy üçin hökmany düzüm bölegidir.