Ýaponiýanyň imperatory

Ýaponiýanyň imperatory Imperiýal maşgalanyňnyň başydyr we Ýaponiýaniň başydyr. Ýaponiýanyň 1947 konstitusiýasynda Ýaponiýa imperatory "döwletiň we halkyň birliginiň nyşany" hökmünde suratlandyrylýar. Taryhy taýdan Ýaponiýa imperatory Şintoizm dininde hem iň ýokary ygtyýarlydyr. Ýapon dilinde Imperatora "Tennō (天皇)" diýilýär, munuň harpma-harp manysy "behişti özygtyýarly" diýmekdir. Ýaponiýanyň Imperiýal maşgalasy işjeň iň köne monarhiýadyr.[1] Häzirki imperator Naruhitodyr, ol bu wezipäny 2019-njy ýylyň 1-nji Maýynda öňki imperator Akihitodan miras aldy.[2][3]

Roly düzet

Ýaponiýa konstitusiýasynyň 4-nji maddasy Ýaponiýa imperatorynyň hökümet bilen bagly häkimiýeti ýokdugyny belläp geçýär. Ýaponiýa imperatory Ýaponiýa premýer ministrini wezipä belleýär, konstitusiýanyň 6-njy maddasy Ýaponiýa imperatorynyň premýer ministri wezipä Ýaponiýa mejlisiniň taslaýşy ýaly wezipä bellemelidigini belläp geçýär. Konstitusiýanyň 6-njy maddasy imperatora şu dabaralyk wezipeleri ýükleýär:

  1. Mejlis tarapyndan taslanyşy boýunça premýer ministri wezipä bellemek
  2. Baş kazyny Ýaponiýanyň ministrler kabinetiniň taslaýyşy boýunça wezipä bellemek

Konstitusiýanyň 7-nji maddasy Imperatora "ministrler kabinetiniň tassyklamagy boýunça halk adyna" şu wezipeleri ýerine ýetirmegi buýurýar:

  1. Konstitusiýanyň, kanunlaryň, ministrler kabinetiniň permanlarynyň we şertnamalaryň üstündäki özgerişikleri neşir etmek.
  2. Mejlisiň ýygnanyşy.
  3. Wekiller palatasynyň dargadylmagy.
  4. Mejlisiň umumy saýlawlaryny jar etmek.
  5. Döwlet ministrleriniň we beýleki emeldarlaryň wezipä bellenilmegi we boşadylmagyna kanunda bellenişi boýunça kepil geçmek, ilçiler we ministrleriň güwänamalaryna we ygtyýarlaryna kepil geçmek.
  6. Umumy we aýratyn günä geçişlige, jezany ýeňletmä, jezany soňa süýşürmä we hukuklaryň gaýtadan diklenmegine kepil geçmek.
  7. Ordenleri gowşurmak
  8. Kanunlary tassyklamagyň we beýleki diplomatiki dokumentleriň kanunda görkezilişi ýaly ýola goýulýandygyna kepil geçmek.
  9. Saýrywan ilçileri we ministrleri kabul etmek.
  10. Dabaralaryň gurnalyşyna gözegçilik etmek.

Salgylanmalar düzet

  1. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2020-10-14. Retrieved 2019-05-23. 
  2. Naruhito Ýaponiýanyň täze imperatory boldy[permanent dead link] - Türkmen habarlar
  3. Naruhito Ýaponiýanyň täze imperatory boldy - TRT Türkmen