Şamaniz —Tutemiz, Animizm we Naturizm elementlerini öz içine alỳan ynanç hem däplerdir. Gadymy türkleriň uly bir ỳeke Taňra ynananlygy dogrusynda kesgitleỳji maglumat ỳok. Hytaỳ çeşmelerine görä Orta-Asỳada döwlet guran ugruglaryň barysynda Asman-Taňry ynanjyna gabat gelỳäris. Göktürk ỳazgylarynda 6-njy we 7-nji asyrlarda Asman-Taňrysyna bolan ynanjyň ösen nusgasyny görỳäris we Taňry adynyň başga taňrylary goşmadan ỳekelikde ulanylandygyna gabat gelỳäris. Şol bir wagtyň özünde Göktürkler hem-de ilkinji Uỳgur hakanlarynyň döwründe heniz maddi barlyk bolan Asman bilen onuň eỳesi hasaplanỳan ruhy barlyk biri-birinden aỳrylmadyk bolsa gerek.

Kaşgarly Mahmyt Tengri sözüniň düşündirişinde şeỳle ỳazỳar: “Kapyrlar göge Tengri diỳỳärler. Şonuň ỳaly-da olar beỳik bir dag ỳa-da uly bir agaç ỳaly gözlerine uly görünen her bir zada-da Tengri diỳỳärler. Bu sözler irki türklerde Taňry sözüniň görünỳän Asman hem-de ;uly barlyk; manysynda gelmegi, maddi barlyk bolan Asman bilen uly bir güỳjüň (gudratyň) birleşmegini görkezỳär. Şu günki şamanist türkler-de Taňry sözüni irki türklerdäki manysynda ỳagny Asman sözüniň ỳerine ulanỳarlar. Güneş, Aỳ, Ỳyldyz, Ỳyldyrym we Ỳel bilen bagly ynançlar hem Asman-Taňry bilen gatnaşykdadyr.

Altaỳly şamanistler güneşe ant içỳärler. Olaryň düşünjesine görä Güneş ene we Aỳ atadyr. Şamanistleriň ynanjyna görä aỳ-gün tutulmagynyň sebäbi, günüň hem aỳyň ỳaman ruhlara garşy söweşe girmekleri we kä ỳagdaỳlarda olaryň bu ruhlaryň tarapyndan tutulup garaňky dünỳälere sürgün edilmegidir. Bütin türk dillerinde bu hadysany ;tutulmak; sözi bilen beỳan edilmegi, olaryň köne dinleriniň yzyny görkezỳär.

Şamanistler aỳ-gün tutulan wagty, olary ỳaman ruhlaryň elinden gutarmak ücin uly gykylyk turzup deprek kakỳardylar. »Şeýle däp hem-de belli munasybet bilen, ertir irden turup üç gezek güne salam bermek däbi ỳaňy ỳakynlara çenli türkmenlerde-de saklanyp gelỳärdi