AIDS. Dünýä alymlary indi birnäçe ýyldan bäri AIW ýokuşmasy / AIDS-iň barlaglaryny irginsizlik bilen alyp barýarlar. Olar şu wagtyň dowamynda bu keseli döredýän wirusy (AIW) doly öwrendiler. Bejerişde belli bir üstünlikler gazanyldy. Şeýle-de bolsa, AIDS-i adamzadyň durmuşyndan doly aýyrmak lukmanlara entek başardanok. Bu kesele garşy göreşiň haçan ýeňişli tamamlanjakdygy belli däl.
-Adamyň immunidefisit wirusyň adama ilki maýmyndan ýokuşandygy barada ylmy çaklama bar...
-Häzirki zaman barlaglary bu çaklamany doly tassyklamaga esas berýär. AIW hakykatdan-da adama ilkinji gezek takmynan 1920-nji ýylda Kongoda şimpanze maýmynyndan ýokuşýar. Howply wirus maýmyn awlaýan awçylaryň ganyna etini iýmek maksady bilen haýwanyň läşini pudarlaýan wagtynda geçýär. Wirus Afrika baran Gaiti adasynyň ýaşaýjylary 1964-nji ýylda wirus öz watanyna äkidýärler. Soňra AIW ýokanjy Gaitiden ABŞ-a geçýär. Amerikan lukmanlary 1981-nji ýylda onçakly howply bolmadyk bakteriýalaryň döredilýän öýken sowuklamanyň (pnewmoniýa) adaty däl ýagdaýda agyr geçişine üns berýärler hem-de muňa öň mälim bolmadyk wirusyň sebäp bolandygyna göz ýetirýärler. Bu wirus şondan birnäçe ýyl geçenden soň “AIW ýokanjy”, keseliň ahyrky döwri bolsa “adamyň gazanylan immundefisit sindromy” (AIDS) diýip atlandyrylýar.
-Näme üçin AIW / AIDS-e garşy göreşmek şeýle kyn?
-Munuň esasy sebäbi adamyň immundefisit wirusynyň immun ulgamynyny weýran edýändigi bilen baglanyşyklydyr. Göräýmäge, bu wirus adamyň saglygyna uly bir howp salmaýan ýaly: ol daşky gurşawda durnuksyz bolandygy sebäpli howa-damja ýoly bilen, iýmit, durmuş hajatly zatlar ýa-da mör-möjekleriň çaklamagy, dişlemegi arkaly geçmeýär. Ýöne ol bedendäki (tüýkülik, der we peşewden başga) suwuklyklar: gan, erkeklerde tohum suwuklygy, aýallarda göwüs süýdi, jynshana nemi araly ýokuşyp, saglyga howply täsirini ýetirip bilýär.
Bedene aralaşan islendik wirus T – helperler (limfositler), ýagny immun ulgamynyň del maddalany tanamak hem-de ony zyýansyzlandyrmak barada beýleki öýjüklere habar bermek funksiýasyny ýerine ýetirýän öýjükleri bilen duşuşýar. Beýleri wiruslary dessine ýok etmäge ukyply bolan T – helperiň özi AIW ýokanjy içine “nyşana” öwrülýär. Bu wirus T – helper bilen baglanyşandan soň onuň içine özüniň genleri we spesifiki beloklary bolan kapsulany goýberýär. Wirusyň genleri ýokanjy öýjükde hatarlanyşyp, berk ornaşýarlar. Munuň özi wirusyň täze beloklarynyň emele gelmegi üçin şert döredýär. Şeýlelikde, ýokançlaryň herekini bökdemeli öýjügiň özi wirusyň täze nesillerini öndürmäge gattnaşmaga mejbur bolýar. Elbetde, immun ulgamy AIW-e garşy göreşe tijenýär: antitelolar wiruslary, atipiki limfostitleri baglamagyny dowam etdirýär, ýokançly öýjükleri ýok edýär. Gan döredýän dokuma bolsa olara derek täze, sagdyn emele getirýär. Şeýle-de bolsa, wiruslaryň belli bir bölegi öýjüklerde saklanyp galýar we işjeň köpelýär. Immun ulgamy birnäçe ýyllap wirusa garşy üstünlikli göreşýär. Şol döwürde ýokanjy göteriji syrkawlar özüni oňat duýýärlar. Ýöne olaryň aglabasynyň ganyndaky wiruslar köpelýär, ölen ýokançly öýjüklere derek peýda bolýan T – helperleriň mukdary bolsa azalýar. Netijede tutuş immun ulgamynyň işjeňligi peselip ugraýar. Entek kesel ýaýbaňlanyp başlamanka, agyr ýagdaýlar ýüze çykmanka wirusyň ýokuşandygyny nadip bilmeli?
AIW ýokanjynyň ýokuşandygy güman etmäge esas berýän ýagdaý goraýyş serişdesi (prezerwatiw) ulanman tötänleýin jyns aragatnaşyklary, hapa şprisiň, päkiniň, dyrnak taraşlaýjy gurallaryň, diş çotgasynyň şärikdeşlikde ulanylmagy, tene iňňe sanjyp, surat çekilmegi halka dakmak maksady bilen gulaklaryň, burnuň deşilmegi, öý şertlerinde dişleriň sogurdylmagy we ş.m.) ýüze çykanda ganyň barlagyny geçirmek üçin lukmana ýüz tutmak hökmandyr. Wirusa garşy antitelolar ganyň barlagynda esasy görkeziji bolup durýar. Antitelolar AIW ýokanjy gana aralaşan dessine başlan “penjire döwründe”: 2 hepdeden 3 aýa çenli wagtda döreýär. Ýöne antitelolar ýeterli mukdarda döremänka keseli anyklamak kyn düşýär.

Häzirki wagtda AIW ýokuşmasy – AIDS-i doly bejermäge mümkinçilik berýän serişdeler barmy?

Wiruslara garşy derman serişdelerini işläp düzmek bakteriýalara garşy antibiotikleri döretmekden çylşyrymlydyr. Derman mikroblaryň adamda bolmaýan molekulalaryna täsir etmek maksady bilen döredilýär. Şeýle molekulalar bakteriýalarda köpdür. Wiruslar bolsa, tutuş ömrüni adam bedeniniň öýjüklerinde ýaşap geçirýärler we adamyň beloklaryny ulanýarlar. Şeýle-de bolsa, wirusyň adam öýjügi bilen goşulmagynyň öňüni alýan antiretrowirus derman serişdeleriniň 30-dan gowragyny oýlap tapmak alymlara başartdy. AIW-iň spesisifiki beloklarynyň herektini bökdeýän ilkinji derman 1987-nji ýylda peýda boldy. Dogry, AIW yzygiderli üýtgäp durýar (mutasiýa geçýär). Munuň özi haýsydyr bir derman uzak wagtlap ulanylanda wirusyň oňa durnukly görnüşiniň peýda bolmagyna getirýär. Wiruslaryň mukdarynyň köpelendigi anyklanan dessine beýleki bir dermanlar toplumyny ulanmaga girişilýär. Munuň özi kop ýyllaryň dowamynda wiruslaryň ösüşini bökdemäge, keseliň ahyrky döwri bolan AIDS-iň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Howply keseliň bejergisinde wirusa garşy dermanlar toplumyndan başga: -“hemra kesellere” garşy täsirli derman serişdeleri; -immuniteti pugtalandyrýan dermanlar; -AIW ýokançly adamyň ruhy ýagdaýyny gowulandyrýan serişdeler; witaminler peýdalanylýar.
- Dünýä lukmanlarynyň iş tejribesinde antiretrowirus dermanlary keseliň irki döwründe ulanylanda syrkaawyň doly sagalmagyny gazanmagyň mümkindigine güwä geçýän ýagdaýlar duş gelýär...
- Ylymda adamyň ganyndaky AIW ýokanjy bütinleý ýok bolan, keseliň gutarnykly bejerilen ýagdaýlary hasaba alyndy. Ýone näsaglaryň örän az sanynda şeýle netijäni almak mömkin boldy. Belki bejerginiň netijesi her bir adamyň ginetiki aýratynlyklaryna ýa-da dermanlaryň keseliň haýsy döwründe ulanylyp başlanandygyna baglydyr? Belki-de munuň başga bir sebäbi bardyr? Ylymda bu soragyň jogaby entek tapylanok.başga Bir zat welin mälimdir: geljekde syrkawyň ählisinde ýokary netije berýän dermanlaryň oýlanyp tapyljakdygy şübhezisdir. Häzir bu babatda aýgytly ädim ädildi. Ýakynda wirusyň genlerini immun ulgamynyň öýjüklerinden aýyrmak göz öňünde tutulýan bejeriş usulyna bagyşlanan ylmy iş çap edildi.