Absolýutizm (latynça: absolutus - garaşsyz, çäklendirilmedik) - absolýut monarhiýa; feodalizmiň dargap, kapitalistik gatnaşyklaryň dörän döwründe emele gelen iň soňky feodal döwlet formasy. Özüniň synpy mazmuny boýunça Absolýutizm asylzadalaryň, iri ýer eýeleri-mülkdarlaryň diktaturasydyr. Absolýutizmiň emele gelşi we ösüşi dürli ýurtlarda dürli-dürlidir. Ýöne Absolýutizm hemme ýerde feodalizmden kapitalizme geçiş döwründe emele geldi. Feodal jemgyýetiniň krizisiniň ýitileşmegi bilen feodalçylyk ekspluatassiýa garşy daýhanla gozgalaňlary giň gerim aldy we şäher garyplarynyň çykyşlary artdy. Şu şertlerde dworýanlar gatlagy öz agalygynyň ömrüni uzaltmak üçin ayk diktatura ýüz urmaga mejbur boldular. Bu diktaturanyň häsiýetli aýratynlygy agalyk ediji synpa gös-göni garaşly bolmady we ondan gatnaşyk boýunça özbaşdak, ýöne onuň bähbitlerini gyşarnyksyz goraýan güýçli döwlet serişdeleriniň döredilmegidir. Absolýutizm öz döwründe taryhy taýdan özgerdiji rol oýnady. Ol syýasy dagynyklygyň galyndylaryny ýok edip, feodal aýrylyşygyň soňuna çykdy, ýurdy ykdysady taýdan birleşdirdi we kapitalistik gatnaşyklaryň ösmegine ýardan etdi. Absolýut monarhiýa manifaktura önümçiligini ösdürmek üçin karz pul goýberdi, gümrük sistemasyny öz kontrollygyna aldy, merkantalizm syýasatyny ýöretdi we täze söwda bazarlaryny basyp almak üçin koloniýal uruşlar alyp bardy. Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde kapitalistik gatnaşyklaryň haýal ösmegi zerarly Absolýutizm has uzaga çekdi. Buržuaziýanyň özmegi bilen absolýut monarhiýa özüniň özgerdiş häsiýetini ýitirdi, kapitalizmiň we bütin jemgyýetiň ösüşine päsgel berýän ýurdy dolandyryş şekline öwrüldi. Ösen kapitalistik ýurtlarda Absolýutizm buržuwa rewolýussiýalary netijesinde ýok edildi. Kapitalizmiň gowşak ösen ýurtlarynda, buržuwa proletarlaryň güýçlenmeginden gorkup, feodal absolýut monarhiýalar bilen dildüwüşige ýüz urdy we bu ýurtlarda absolýut monarhiýa buržuwanyň mülkdarlyk monarhiýasyna öwrüldi.