Şablon:Bitaraplyk

Hormatly Arkadagymyzyň,Putine sowgat eden Alabaýy
 
 Itiň Görnüşi ALABAÝ
 Web-saýty www.volkodaw.com

Alabaý - Alabaý ýa-da başgaça atlandyrylyşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çopanköpekleri itleriň gadymy tohumlarynyň biri bolup, ol Uraldan Owganystana, Hazar deňzinden Hytaýa çenli aralykdaky örän giň çäklerde saklanyp gelinýär.

Taryhy düzet

Alymlar, bu itleriň nesliniň Mesopotamiýanyň söweş itlerinden gaýdýar diýip hasaplaýarlar. Orta Aziýanyň goýun hem-de aw köpekleri baradaky ilkinj taryhy ýazgylar mundan birnäçe müň ýyl ozalky döwre degişlidir we olarda bu itleriň atlary umumylykda «aziat» diýlip tutulýar. Türkmenistandaky gadymy Altyndepe galasynda (biziň eýýamymyzdan ozalky 2000-nji ýyl) geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeljigi hem-de häzirkizaman orta aziýa aw itlerini ýatladýan äň süňkleri äpet uzyn we kellesi çüri läheň jandaryň gatap giden galyndysy tapyldy. Alabaý - itiň daşky görnüşinden, ýagny gara-alalygyndan habar berýär. Onuň gülgünräk açyk sary ýa-da goňrumtyl reňki çöl tebigatynyň esasy öwüşginlerine doly laýyk gelýär. Garagumda dowar bakýan çopanlar mal sürülerini gorap saklamakda örän gadymyýetden bäri bu dogumly, äpet göwreli köpekleriň kömeginden peýdalanypdyrlar. Olar, esasan, mallary ýyrtyjy haýwanlardan goraýar. Garagumuň ýowuz tebigatynyň gazaply şertleri, şonuň ýaly hem ýerli itşynaslaryň emeli ýol bilen tohumlary çakyşdyrmakda alyp baran dynuwsyz işleri ahyrky netijede itleriň başga hiç bir görnüşleri bilen garyşmaýan, häsiýeti boýunça gaýduwsyz, şir ýürekli türkmen köpekleriniň döremegine getiripdir.

Türkmen itleriniň şejeresi düzet

ALABAÝ

BALKAN GAPLAŇ

Seleksiýa ylmynyň bilermenleri orta aziýa aw itleriniň, esasan, dört görnüşini türkmen, täjik, özbek hem-de gazak alabaýlaryny belläp geçýärler.[Çeşme zerur]

Kinolog hünärmenler alabaýlaryň iň gowy tohumynyň hut Türkmenistandadygyny ykrar edýärler.[Çeşme zerur]
Olar güýçli, çydamly, özboluşly aýratyn alamatlary bolan itlerdir.[Çeşme zerur]
Hakyky alabaýyň daş görnüşi hem-de beden gurluşy özüniň sazlaşykly, deňölçegli, birsydyrgynlygy bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Uly göwresi, äwmezekligi, asudalygy hem-de arkaýynlygy bilen türkmen itleri köpleri özüne bendi edýär.

Türkmen goýun hem-de aw itleriniň nerw ulgamy örän berk bolup, olar sähel zat üçin ynjalykdan gaçmaýarlar. Olar diýseň saýhally, akylly, syzyjy, gaýduwsyz hem-de özüne göwni ýetýän jandardyr. Olar özüne ynanylan mallary, öýleri, mellegi iň soňky demlerine çenli goraýarlar, howp dörände, şol bada ony aňýarlar hem-de tenine düşen ýarany, agyryny ýeňil geçirýärler. Bu sanalyp geçilen gylyk-häsiýetleri olary ýeke bir sakçylykda peýdalanmaga däl, eýsem, başa-baş söweşlerde ulanmaga-da mümkinçilik berýär. Ömrüniň köp bölegini gumda, malyň yzynda geçiren tejribeli çopanlar öz itlerinden arkaýyn, sebäbi itleriň möjek bilen garpyşyklarda ýaýdanyp durmajakdygyna, kynçylykly pursatlarda sürini taşlap gitmejekdigine, öz janyny orta goýup, eýesini hem-de onuň mallaryny gorajakdygyna berk ynanýarlar. Çölüň kanuny şeýle, çopana diňe gaýduwsyz kömekçi gerek. Beýle synaglar itleri bir-birine küşgürip garpyşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. Synaglar wagtynda eýeleri itleriň artykmaçlyklaryny ýa-da kemçiliklerini ýüze çykarýarlar. Çopanlar, esasan, itleriň garşydaşlaryna agyz uruşlaryna üns berýärler. Eger-de olaryň saýlap almakçy bolýan alabaý köpekleri garşydaşynyň kellesinden ýa-da bokurdagyndan ýapyşsa, onda bu itleriň batyrgaý häsiýetleriniň biri hasaplanýar. Eger-de köpek öz garşydaşynyň guýrugyna ýa-da aýaklaryna agyz ursa onda onuň gorkaklygy belli bolýar. Şonuň üçin hem, garpyşyklaryň ýeterlik derejede ýowuz synaglardygyny bellemek gerekdir. Garşydaşlaryň haýsysy gowşak, ýöwsel, ejizräk gelse, ol synagdan geçmeýär, mallaryň ygtybarly goragçysy ýa-da çopanyň wepadar kömekçisi hökmünde ynama girmeýär. Çopanlar bir garna dogan güjüklerden diňe olaryň öz nesilbaşylaryna meňzeşlerini saýlap alýarlar. Dogry, ýeke bir daşky görnüşleri, göwreleriniň äpetligi däl, eýsem, gylyk-häsiýetleri hem geljekde olardan tohum itleriň çykjakdygyny kepillendirmelidir. Alabaýlaryň kelleleri gaba, boýunlary ýogyn, kuwwatly, döşleri giň hem-de öňe omzap durmalydyr, penjeleri uly hem-de uzyn dyrnakly, bil oňurgasy uzyn hem-de berk, öýkenleri, dem alyş agzalary ýeterlik derejede ösen bolmalydyr. Olar her-hili kynçylyklara we howa şertlerine çydamalydyr, eýesine, beýleki adamlara, çagalara hyrsyz, hyňranyp, üýrüp-topulyp durmaly däldir.

Türkmen itleriniň häsiýetleri düzet

ALABAÝ

Turkmeniň göz guwanjy.png

Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň sesini eşidenden onuň näme isleýändigiine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Adamlar awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmaýarlar. Olaryň yzynda wepadar goragçylary galýar, olar maşgalalarynyň howpsuzlygyny doly ynanýarlar. Itleriň bar ýerine ýylan, möý-içýanam gelmeýär. Gadym wagtlardan bäri alabaý köpekleri ýeke bir mal iti hökmünde ulanylman, eýsem, sakçy, garawul hökmünde-de peýdalanylyp gelinýär. Orta Aziýa alabaýlary häzirki döwürde gorag, sakçy we yzçy itleriň içinde iň öňdäki orunlarda goýulýar. Şonuň ýaly hem alabaýlar iri, ýyrtyjy haýwanlaryň garşysyna awa hem ýaraýar. Türkmen alabaýlary Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda özleriniň adamyň ygtybarly, wepaly kömekçileridigini ýokary derejede subut etdiler. Türkmenistandan urşa ýeke bir batyr esgerler däl, eýsem, batyrgaý itlerem ugradylypdy. Dürli tohumdan bolan itleriň 70 müň sanysy şir ýürekli gerçek ýigitler bilen bilelikde Moskwadan Berline çenli söweş ýoluny geçdiler. Beýleki itler bilen bir hatarda türkmen alabaýlary hem ok-däri gatnatmakda bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitirdiler. Olar ýaralanan esgerleri söweş meýdanyndan alyp çykmakda şepagat uýalaryna ýakyndan kömek berdiler. Deslapdan kynçylyklara çydamak, ýowuz şertlere öwrenişmek öwredilensoň türkmen alabaýlary bu agyr işleri aňryýany bilen ýerine ýetirdiler.

Häzirki döwürde düzet

ALABAÝ

TÜRKMENISTANYŇ ÜÇ SAPAR ÇEMPIÝONY LEGENDA BAGYR ALBERT

Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna girýän döwletleriň köp sanly kinologiýa guramalarynda, ýagny itler, olaryň tohumlary olary ösdürip ýetişdirmek we peýdalanmak baradaky ylmy-barlag merkezlerinde orta aziýa aw itleriniň esasy nusgasy hökmünde türkmen alabaýlary kabul edilendir. Bu tohun itleriň umumy standartlary kesgitlenende türkmen itleriniň daşky görnüşi hem-de gylyk-häsiýetleri binýatlyk ölçeg hasaplanýar. Sakçy, aw hem-de başabaş garpyşýan itleriň içinde-de hut türkmen alabaýlary ilerde tululýar. Olar GDA-nyň ähli künjeklerinde köpeldilýär. Amerikanyň fermerleri-de öz mallaryny ýyrtyjy haýwanlardan goramak üçin, köplenç, türkmen alabaýlaryny satyn alýarlar. Kinologlar hatda Awstraliýada, Täze Zelandiýada-da türkmen itlerine gabat gelinýändigini belleýärler. Bütin dünýäde meşhurlyk gazanan türkmen alabaýlary onlarça sylaglara hem-de halkara diplomlara mynasyp boldular. Turkmenistanda alabaýlaryň iň gowularyny, olaryň gylyk häsiýetlerini kesgitlemek boýunça däbe öwrülen bäsleşiklerde hem-de baýramçylyk sergileri yzygiderli geçirilýär. Alabaý edil ahalteke atlary hem-de türkmen el halylary ýaly Türkmenistanyň milli baýlygy hasaplanylýar.baluw

Suratlar düzet

Darbazan