Alyşir Nowaýy

15-nji ýüzýyl Özbek şahyryň goşgulary

Alişir Nowayı Gündogar edebiyatınıñ beyik klassik şahırı. Onı türkmen halkı öz zamanasınıň ulı döwlet işgäri, ökde dilçisi, tanımal sazandası, meşhur suratkeş, zähmetkeş halkıñ hemayatçısı, ılma, medenyete, hormat goyucı hökmünde tanayar.

Alyşir Nowaýy 1441-nji ýylda häzirki Owganystanyň Hyrat şäherinde eneden bolýar. Onuň kakasyna Kyýasetdin Kiçgene diýär ekenler. Ol Horasan şasy Ebulkasym Baburyň emeldarlarynyň biri bolupdyr. Alyşir eýýäm 4-5 ýaşlaryndaka oňa pars, türki dillerdäki eserleri okamagy öwredipdirler. Ol 6 ýaşdan başlap, Hüseýin Baýkara (Soltansöýün 1437-1505) bilen bir mekdepde okaýar. Ol Gündogar edebiýatynyň görnükli şahyrlarynyň eserlerini işdämenlik bilen okaýar. Mundan başgada, şol döwrüň güýçli sazandalaryndan sapak alýar. Nowaýynyň ilki gowy gören şahyry öz döwründe türki dilde eser ýazan meşhur şahyr Lutfy bolupdyr. Nowaýy türki dilde ýazan goşgularyny oňa okap berer eken. Şu zeýilli goşgularynda Alyşir “Nowaýy” (owazly) lakamyny ulanypdyr we soňra onuň ýörgünli ady Nowaýy bolup galypdyr. Nowaýy 12-13 ýaşlaryndaka kakasy ýogalyp , şol döwrüň däbi boýunça patyşa Ebulkasymyň hyzmatynda bolmaga mejbur bolupdyr. Şol mahal Hüseýin Baýkara hem Ebulkasymyň gullugynda eken. 1456-njy ýylda Ebulkasym Nowaýyny hem-de Hüseýin Baýkarany Maşada alyp gidýär. Nowaýy bu ýerde okuwyny dowam etdirip, belli alymlar bilen tanyşýar. 1457-nji ýylda Ebulkasym Maşatda ýogalýar. Tagtdan hantama Hüseýin Baýkara Mara gaýdýar. Emma Nowaýy Maşatda galyp, okuwyny dowam etdirýär. Ol diňe edebiýat bilen meşgul bolman, matematika, filosofiýa, taryh ylymlaryna-da üns berip ugraýar. Nowaýy bu ýerde şol döwrüň görnükli şahyry hem-de alymy Abdyrahman Jamy (1414-1492) bilen tanyşýar. Onuň bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. 1464-nji ýylda Nowaýy Maşatdan Hyrada gaýdýar. 1469-njy ýylda Hüseýin Baýkara özüni Horasanyň şasy diýip yglan edýär we Nowaýyny özüne möhürdar edip alýar. 1483-1485-nji ýyllar aralygynda şahyryň iň göwrümli eserleriniň biri bolan “Perhat-Şirin” eserini öz içine alýan “Hamsany” (arap dilinden “hams”- bäş) ýazýar.

1487-nji ýylda bolsa Alyşir Astrabada “häkim edip bellenýär”. Nowaýy bu ýerde türki dilde ýazan goşgularyny toplap, “Manylar hazynasy” ady bilen ýygyndy (diwan) döredýär. Nowaýy Astrabatdan Hyrada dolanyp gelenden soň, agyr kesele sezewar bolýar we 1501-nji ýylyň başlaryna dünýäden ötýär. Nowaýynyň gubury Hyrat şäherinde ýerleşýär.

Türkmenler arasynda Nowaýynyň eserleri, ol barada döredilen rowaýatlar we şorta sözler “Myraly we Soltansöýün” (1941) we “Myraly” (1948) atlary bilen ýörite kitapça görnüşinde çap edildi.

Alyşir Nowaýynyň döredijilik mirasy uly göwrümli we köpugurly: ol 30 sany uly eseri öz içine alýar — diwanlar, dessanlar, ylmy we filosofiki eserler. Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň musulman halklarynyň köpasyrly medeni däp-dessurlaryny ulanmak bilen, Nowaýy diýseň özboluşly eserleri döretdi. “Dindarlaryň gozgalaňy” (1483), “Leýli we Mežnun” (1484), “Şirin we Perhat” (1484), “Ýedi dünýä” (1484) we “Isgender galasy” atly bäş sany epiki dessany öz içine alýan “Hamsa” (Bäşlik), şahyryň döredijiliginiň ýokary derejesini eýeleýär. “Dindarlaryň gozgalaňy” — “Hamsanyň” birinji dessany bolup, ol ahlak-filosofiki ähmiýetli eserdir. Ol Nyzamynyň “Syrlar hazynasy” dessanynyň mazmuny esasynda ýazylýar. Onda dine, ahlaklylyga we terbiýä degişli meseleler gozgalýar we ol 64 bapdan ybarat bolup durýar. Dessanda feodal gapma-garşylyklar, döwlet eýeleriniň hyrsyzlygy, begleriň delilsizligi, şyhlaryň ikiýüzlüligi äşgär edilýär. “Leýli we Mežnun” — ýaş şahyr Kaýsanyň gözel Leýlä bolan hasratly söýgüsi hakynda orta-asyr arap rowaýatynyň mazmuny esasynda ýazylan dessan. Onuň täsirliligi we ajaýyp şahyrana setirleri gündogaryň okyjylarynyň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Bu dessan Gündogar edebiýatyna we özbek folkloryna uly täsirini ýetirdi. “Şirin we Perhat” — batyr ýigit Perhadyň ermeni perizady Şirine bolan söýgüsi hakynda dessan. Dessanyň mazmuny Nyzamy Gänjewi tarapyndan düzülen, emma Nowaýy öz eserinde Şirine göz diken şa Hosrowa däl-de, batyrgaý Perhada ünsi çekýär we ony hakyky epiki gahryman hökmünde görkezýär. “Ýedi dünýä” — ýedi hekaýany özünde jemleýär. Dessan Nowaýynyň daş töweregindäki adamlary, hökümdarlary, Soltan Husaýyny we onuň köşgündäkileri tankytlaýar. “Isgender galasy” — adalatly dana hökümdar Isgenderiň (Aleksandr Makedonskinyň) ömri barada ýazylan “Hamsanyň” soňky dessany.